Sişenbe güni aşaklamadan soňra nebitiň bahalary çarşenbede ýene öňki durkuna geldi. Maýadarlar nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler, diýip Interfaks agentligi habar berýär.
Brent kysymly nebitiň martdaky fýuçersleri Londonyň ICE Futures biržasynda 15:35-de 0,17 dollar (0,31 göterim) ýokarlanyp – bir barrel üçin 56,64 dollara deň boldy.
WTI kysymly nebitiň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkdaky elektron söwda ulgamynda (NYMEX) şol wagtda çenli 0,16 dollar (0,31 göterim) ýokarlanyp – barrel üçin 52,49 dollara barabar boldy.
Sişenbe güni WTI – 2,6 göterim, Brent – 2,4 göterim arzanlady.
2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap OPEC döwletleri we nebit çykarýan beýleki döwletler nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşyklary berjaý edip başladylar. Şeýlelikde, nebit guramasyna girýän Kuweýt aýyň başyndan bäri, nebit çykarylyşyny günde 130 müň barrele çenli azaltdy. Oman ýanwar aýynyň dowamynda nebit çykarylyşyny günde 45 müň barrele çenli azaltmagy meýilleşdirýär.
Şol bir wagtda OPEC-iň ylalaşygy degişli bolmadyk Liwiýa ýurtdaky ägirt uly nebit käni bolan Aş-Şarara käninde nebitiň çykarylyşyny artdyrýar. Garaşylyşy ýaly, şu aýda şol känden liwiýa paýtagty Tripoliden uzakda bolmadyk Az-Zawiýa portundan 1,9 million barrel nebit ýükleniler.
Bazara gatnaşyjylar geçen hepdede ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklarynyň üýtgändigi baradaky maglumatlaryň belli bolmagyna garaşýarlar. Ol maglumatlar duşenbe güni dynç güni diýlip yglan edilensoň, bir gün soň penşenbe güni köpçülige ýetiriler. Analitikleriň hasaplamalaryna görä, ýurtda nebitiň harytlyk ätiýaçlyklary geçen hepdede 2,25 million barrele çenli azaldy.