2017-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) hanym Regina Weronika Mariýa Jons-Bos bilen duşuşyk geçirildi.
Ilçiniň öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurmagyndan soňra taraplar Türkmenistanyň we Niderlandlaryň arasyndaky gatnaşyklary barada pikirleri alyşdylar hem-de olary geljekde ösdürmek meýillerini bildirdiler. Ýokary derejeli saparlaryň orny barada aýdyp, taraplar şol sanda iki ýurduň parlamentleriniň agzalarynyň saparlaryny gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary syýasat edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň görnüşleri barada gürrüň edip, taraplar toplumlaýyn esasda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklipleri beýan etdiler.
Hanym Ilçi öz gezeginde gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmek gyzyklanmalaryny belledi. Taraplar ÝB-Merkezi Aziýa dialogynyň çäginde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikirleri alyşdylar.
Energetika hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini we görnüşlerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda, türkmen tarapy bu ugurdaky ýurduň gazananlary barada gürrüň berdi.
Hanym Jons-Bos öz gezeginde niderlandly kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmekde gyzyklanmalarynyň bardygy barada habar berdi, şeýle hem gyyzklanma bildirýän ugurlaryň hatarynda tehnologiýalar we saglygy goraýyş ulgamlaryny belledi. Şeýle hem ylym we bilim pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar bellenildi.
Türkmen tarapy Ilçini şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleri, ýagny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, şeýle hem Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi barada habardar etdi.