9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Nowçalar Tans Topary Döredilen Gününiň 15 Ýyllygy Mynasybetli Watan Kinokonsert Merkezinde Çykyş Etdi

Nowçalar Tans Topary Döredilen Gününiň 15 Ýyllygy Mynasybetli Watan Kinokonsert Merkezinde Çykyş Etdi

Topar 15 ýyl mundan ozal adaty tans gurnagy hökmünde işläp başlapdy. „Nowçalaryň“ ilkinji çykyşy-da şu sahnada bolupdy.

Bu gün çagalaryň ata-eneleridir dost-ýarlary, tans sungatynyň muşdaklary olaryň çykyşlaryna tomaşa etmäge gelipdirler. „Nowçanlaryň“ döredilen ilkinji günlerinden gatnan ata-eneler indi oňa çagalaryny getirýärler.

„Nowçalar“ toparyna beýlekilerden tapawutlylyukda 5 ýaşdan başlap tansa höwesek islendik çaga alynýar. Özem, sahna çagalaryň ählisi çykýar. Çünki, tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmegiň özi bagt dälmi eýse!

Türkmenistanyň at gazanan artisti Anatoliý Lubines çagalar bilen „Dünýä tansary“ çykyşlaryny taýýarlady. „Gündogar freskalary“, „Hytaý kaleýdoskopy“, meksikan „Kukaraçasy“, rus horowody, sygan heňleri, „Flamenko“ ispan tansy, „Žok“ moldawan tansy, „Polka“, lezginka, „Demirgazyk şapagy“ kompozisiýasy we beýlekiler tomaşaçylary jahan ýurtlarynyň tans sungaty bilen tanyşdyrýar.

Konsertde Aşgabat şäheriniň beýleki çagalar tans toparlarynyň-da çykyşlary boldy. Türkmenistanyň at gazanana artisti, nakgaş Güljemal Lubines horeografik keşplere laýyk egin-eşikleri taýýarlappdyr.

Tans çaganyň içki dünýäsini baýlaşdyrýar, döreijlige höwes döredýär, ony şähdaçyk edýär, çaga erjelligi we zähmetsöýerligi öwredýär.


Tamara GLAZUNOWA

Degişli makalalar

Ýaşlar Ýaşyl Meýdanda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Dokma Senagatynyň Harytlary

turkmenhabargullugy