Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistan Respublikasyna iş sapary bilen geldi.
14-nji awgustda Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň nobatdaky altynjy mejlisi geçirildi. Hindistanyň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministri hanym Suşma Swaraj ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady ulgamyň geljekki ösüşiniň mümkinçiliklerine degişli döwletara özaragatnaşyklaryň giň meseleleri girizildi. Toparyň 2015-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen bäşinji mejlisinde kabul edilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Oba hojalyk pudagynda, şeýle hem himiýa senagaty ugrunda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny giňeltmek pikir alyşmalaryň gyzyklanma bildirilýän ugry boldy. Energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylar medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özaragatnaşyklaryň meselelerine aýratyn uly üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport, şeýle hem häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhümligi bellenildi.
Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň altynjy mejlisiniň ahyrynda Teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti iş saparynyň dowamynda Hindistanyň Wise-prezidenti Muppawarapu Wenkaýah Naýdu, Hindistanyň Maliýe, goranmak, we korporasiýalaryň işleri boýunça ministri Arun Jeýtli, Hindistanyň Ulag, awtomobil ýollary we gämi gatnawy boýunça ministri Nitin Gadkari, şeýle hem Hindistanyň nebit we tebigy gaz boýunça döwlet ministri Dharmendra Pradhan bilen duşuşyklar geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda ýola goýlan önjeýli dialogyň geljekki ösüşine özara gyzyklanmalar bildirilip, syýasy, söwda-ykdysady ulgamlarda döwletara özaragatnaşyklaryň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Hindistanyň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler we hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçiliklerini we geljekki özaragatnaşyklaryň meýilnamalaryny boýunça pikir alyşdylar.