Odessanyň tehniki düzgünleşdirme we hil döwlet akademiýasynda şäheriň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin ýygnandylar.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy we ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary tarapyndan guralan bu maslahat gatnaşyjylaryň giň toplumyny ýygnady. Olar Bitarap türkmen syýasatynyň ösüş döwrüni we onuň häzirki zaman türkmen döwletiniň berkemegindäki ornuny bellediler. Edilen çykyşlarda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada pikirler aýdyldy.
Odessanyň tehniki düzgünleşdirme we hil döwlet akademiýasynyň rektory, tehniki ylymlaryň doktory, professor Leonid Kolomies ýygnanalara gutlag sözi bilen ýüzlenip, şunuň ýaly ylmy çareleriň hünärmenleriň giň toplumy bilen geçirmegiň zerurlugyny alamatlandyrdy. Nutuklar we presentasiýalar bilen professor-mugallymlar toparynyň wekilleri çykyş etdiler.
Şol gün ylmy maslahatyň öň ýanyndan talyplar Ýer ýüzündäki Parahatçylyk atly fleşmob taýýarladylar. Ylmy çäräniň soňunda çeper höwesjeň türkmen-ukrain talyplarynyň yerine ýetirmeginde konsert taýýarlanyldy. Sahnadan türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary, türkmen-ukrain aýdymlary ýaňlandy, milli tanslar iki ýurduň talyplary tarapyndan ýerine ýetirildi.