Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, beýleki resmi adamlar ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiziň uçary bir ýarym sagatdan soň Tähran şäheriniň Mehrabad Halkara howa menzilinde gondy. Iki goňşy dostlukly döwletiň Baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde türkmen Liderini ýokary wezipeli resmi adamlar garşyladylar we öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan hem-de tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Baştutanyny eýran topragynda mähirli mübäreklediler. Uçaryň ýanynda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Türkmen we eýran milli lybasyndaky çagalar belent mertebeli myhmany iki dilde gutladylar we gül desselerini gowşurdylar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Saadabad toplumynyň Jumhuri köşgüne tarap ugrady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylan meýdançada atlylar nyzama düzüldi, Türkmenistanyň Baştutanynyň awtoulag kerwenini hormatly atly topar ugradýar.
Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Hasan Ruhani doganlarça mähirli garşylaýar.
Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, meýdançanyň merkezine geçýärler, bu ýerde Hormat garawuly nyzama düzüldi. Türkmenistanyň we Eýranyň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Belent mertebeli türkmen myhmanyna mynasyp hormat-sarpa goýulýar. Hormat garawulynyň serkerdesi hasabat berýär. Döwlet Baştutanlary nyzamyň öňünden geçýärler.
Soňra eýran Lideri Türkmenistanyň Baştutanyny köşge girmäge çagyrýar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti eýran Liderini ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, Eýranyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen türkmen Liderini tanyşdyrýar.
Soňra iki ýurduň Liderleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Prezident Hasan Ruhani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübärekläp we Eýrana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady hem-de Eýranda dostlukly türkmen halkynyň öz milli Lideriniň baştutanlygynda ýeten sepgitlerine tüýs ýürekden buýsanylýandygyny aýtdy. EYR-nyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Baştutanynyň saparyna aýratyn ähmiýet berilýär, sapara netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, halklarymyzyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde täze tapgyry açýan waka hökmünde garalýar.
Türkmen Lideri eýran kärdeşine mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Eýranyň paýtagtynda geçirilýän duşuşyga şatdygyny belledi hem-de bu duşuşygyň iki ýurduň dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy türkmen hem-de eýran halklarynyň, sebitiň ähli halklarynyň bähbitlerine pugtalandyrmaga we ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklandygyny aýtdy.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hem alnyp barylýan hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça içgin pikir alyşmalar geçirildi. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Hasan Ruhani türkmen myhmanlaryny mübärekläp, Eýranyň doganlyk Türkmenistanyň Baştutanyny we wekillerini garşylamaga hemişe şatdygyny, goňşy halkyň wepaly dost we ygtybarly hyzmatdaş hasap edilýändigini belledi. Eýran Lideri türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň kuwwatly binýadyna esaslanýandygyny aýdyp, ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek baradaky pikirini beýan etdi.
Eýranyň Prezidenti döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, ulag-aragatnaşyk ulgamyny olaryň möhümleriniň hatarynda görkezdi. Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugry boldy we şeýle bolmagynda galýar. Prezident Hasan Ruhaniniň belleýşi ýaly, umumydünýä ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen hem-de eýran halklarynyň örän baý taryhy-medeni mirasy bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Eýran Lideri Tähranda geçirilen gepleşikleriň iki goňşy döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyna söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýrana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de görkezilen ýokary derejedäki myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, mazmun we hil taýdan baýlaşýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi. Muňa şu günki duşuşyk we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistana döwlet saparynyň bolan wagtyndan bäri bilelikde ýerine ýetirilen netijeli işler hem güwä geçýär.
Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan doganlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhy köki häzirki wagtda iki ýurduň birek-birege has özara hormat goýmagy üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunda iki tarap üçin hem gyzyklanma bildirýän halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigini we doly özara düşünişmäge eýe bolýandygyny bellemelidiris.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalarynyň çäklerinde, ozaly bilen bolsa, BMG-niň çäklerinde türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýetini aýratyn belledi.
Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky, energiýa serişdelerini howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirmek boýunça 2008-nji we 2013-nji ýyllardaky kararnamalaryny Eýran Yslam Respublikasynyň goldandygyny aýratyn bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy hakyndaky 2014-nji ýylyň dekabryndaky kararnamasynyň kabul edilmeginde Eýranyň doganlyk goldawynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtamak isleýärin.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýranly dostlarymyza, ilkinji nobatda bolsa, öz kärdeşi Prezident Hasan Ruhana Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyny we halkara başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan hem, öz gezeginde, Eýranyň dünýä hem-de sebit syýasatyndaky tutýan ähmiýetli we täsirli ornuna uly hormat goýýar. Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky tagallalaryny goldaýar. Ýakyn hyzmatdaşlyk esasynda, Türkmenistan hem-de Eýran sebitde we dünýä derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalaryna saldamly goşant goşýar.
Goňşy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek we kadaly durmuşy ýola goýmak, Hazar deňziniň halkara-hukuk derejesini kesgitlemek boýunça oňyn gepleşikleri goldamak, kenarýaka ýurtlarynyň bäştaraplaýyn gatnaşyklaryny özara bähbitli esasda ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda iki ýurduň alyp barýan hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.
Biziň döwletlerimiz häzirki zaman howplaryna, ilkinji nobatda bolsa, halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde, şeýle hem olaryň öňüni almakda tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýärler.
Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan biragyzdan ykrar edilmegine 20 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli 2015-nji ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Hasan Ruhanini şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna hem-de «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmaga ýene-de bir gezek çagyrdy.
Biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha ösýändigini ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileri hem subut edýär. 2015-nji ýylyň 9 aýynyň netijeleri boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi 2 milliard 620 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,2 göterim ýokarydyr. Bu görkezijiler daşary söwda hyzmatdaşlygynda entek uly mümkinçilikleriň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, Eýranyň hormatly Prezidenti Hasan Ruhaniniň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistana saparynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn söwda-haryt dolanyşygynyň möçberini ýakyn on ýylyň dowamynda 60 milliard amerikan dollaryna ýetirmek barada ylalaşdyk.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada uzakmöhletleýin maksatnamany işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanda işewürlik we daşary-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertler döredilendigini belläp, Eýranyň işewür toparlarynyň wekillerini bu şertleri ulanyp, ýurdumyzda öndüriji kuwwatlyklary ýerleşdirmäge hem-de taýýar önümleri eksport etmäge çagyrdy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler netijesinde, kuwwatly pudaklar kemala gelýär we döwrebap kärhanalar gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz harytlaryny dünýä we sebit bazarlaryna ibermekde eýranly işewürler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge doly taýýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hem-de Eýran dünýäde nebite we tebigy gaza iň baý hem-de bu energiýa serişdelerini köp möçberde öndürýän kuwwatly döwletlerdir. Bu bolsa häzirki zamanyň wajyp meselesi bolan energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde netijeli hyzmatdaşlygymyzy esaslandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistan dünýä energiýa howpsuzlygyny milli we sebit derejelerinde, şeýle hem ählumumy howpsuzlygyň ähli taraplary bilen berk baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, türkmen tarapy energiýa serişdelerini dünýä bazaryna bökdençsiz we yzygiderli ibermegi Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde köptaraplaýyn halkara-hukuk resminamasy bilen berkitmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Biz energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we onuň anyk ugurlar boýunça täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýäris. Bu ugurda biz Eýran bilen bilelikde giň möçberli taslamalaryň üstünde işläp, olary geljekde durmuşa geçirilmegine umyt edýäris diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.
Biziň döwletlerimiz ykdysadyýetiň beýleki möhüm pudaklarynda hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Mysal üçin, taryh taýdan gysga döwürde Türkmenistan ýakyn goňşy Eýran bilen birnäçe iri möçberli taslamalary amala aşyrdy. Şolaryň hatarynda «TejenSarahsMaşat» demir ýoluny, «KörepejeGurtguýy» we «DöwletabatSarahsHangeran» gaz geçirijilerini, «Dostluk» suw howdanyny, şeýle hem bilelikde gurlan beýleki desgalary görkezip bolar. Bu desgalaryň ählisi biziň doganlyk halklarymyzyň şu günki we geljekki bagtyýar durmuşynyň bähbidine hyzmat edýär.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda häzirki zaman ösüşinde halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ähmiýetiniň barha artýandygyny belledi. Biz ählumumy ulag strategiýasynyň möhümdigine düşünýäris. Şol strategiýanyň esasynda döwletleriň we sebitleriň geografiki mümkinçiliklerini, tehniki we tehnologiki kuwwatyny birleşdirmegiň zerurdygyna berk ynanýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistan özüniň geoykdysady strategiýasynda döwrebap ulag ulgamyny döretmäge möhüm ähmiýet berýär. Goňşy döwletler bilen sebit we dünýä derejesinde iri taslamalary amala aşyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň sebit we dünýä derejesindäki halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryna berýän goldawy üçin, eýran tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz iri halkara taslamalarynyň hatarynda «DemirgazykGünorta» ugry boýunça geçen ýylyň ahyrynda işe girizilen «GazagystanTürkmenistanEýran» demir ýoluny aýratyn belledi. Bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi hoşniýetli goňşuçylygyň we barha berkeýän dost – doganlyk gatnaşyklaryň ajaýyp miwesidir. Şeýle iri möçberli halkara taslamasyny diňe özara arkalaşykly we ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän doganlyk ýurtlar amala aşyryp biler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
«GazagystanTürkmenistanEýran» demir ýoly tutuş Ýewraziýa giňişliginiň ulag gatnaşygyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki menzillerden Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna, Hindi ummany sebitindäki döwletlere çykmaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan we Eýran «GündogarGünbatar» ugry boýunça halkara geçelgelerini döretmäge hem işjeň gatnaşýar. Muňa mysal hökmünde «ÖzbegistanTürkmenistanEýranOman» ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleri görkezmek bolar.
Türkmenistan bilen Eýranyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygy barada aýratyn durup geçmek isleýäryn. Bu möhüm ugurda gatnaşyklarymyzy biz 20 ýyldan gowrak wagt bäri ösdürip gelýäris. Biziň döwletlerimiz Hazaryň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk deňzi bolmagynyň tarapdary bolup çykyş edýärler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan we Eýran Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan gepleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistan bilen Eýranyň öňe süren başlangyçlary esasynda Hazarda dürli ugurlar boýunça bäş kenarýaka döwletiň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän berk şertnama-hukuk binýady emele gelýär.
Türkmenistanyň we Eýranyň teklipleri esasynda Hazar sebitinde howpsuzlyk, adatdan daşary ýagdaýlar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa boýunça we beýleki möhüm ugurlarda köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri we usullary döredilýär. Bu bolsa, ahyrky netijede, kenarýaka ýurtlaryň arasynda özara ynanyşmagyň berkemegi, ilkinji nobatda bolsa, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin amatly şertleri döredýär.
Häzirki döwürde biz Türkmenbaşy halkara deňiz portuny gurmak boýunça iri möçberli taslamany amala aşyrýarys. Bu bolsa, geljekde Eýranyň Hazardaky Enzeli we Neka portlary bilen özara suw-ulag aragatnaşygyny has-da ösdürer. Günortada Benderabbas portunyň üsti bilen Pars aýlagyna ýük daşalyşyny köp esse artdyrmaga mümkinçilik berer.
Deňiz portlarynyň özara baglanyşygyny kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «GazagystanTürkmenistanEýran» demir ýolunyň uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň arasynda ulag meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy topary döretmegi teklip etdi.
Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygynyň uly geljegi bar. Döwlet Baştutanymyz şuny nazara alyp, Hazarýaka döwletleriniň deňiz portlarynynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça Birinji halkara duşuşygyny Türkmenistanda geçirmegi hem teklip etdi.
Milli Liderimiz şeýle hem häzirki zaman söwda – ykdysady gatnaşyklarynda döwrebap awtoulag ýollarynyň ulgamyny sebit we sebitara derejelerde döretmegiň hem-de kämilleşdirmegiň uly ähmiýete eýedigini belledi.
Şundan ugur alyp, biz halkara ýollaryny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Häzirki döwürde, ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň taslamalarynyň birinji tapgyrynda «AşgabatTürkmenbaşy», soňraky tapgyrlarynda bolsa, «AşgabatFarap» we «AşgabatDaşoguz» awtomobil ýollarynyň gurluşygyny tamamlamagy göz öňünde tutýarys.
Türkmenistan we Eýran örän amatly geografiki şertlere eýe bolmak bilen, bu ugurda hem bilelikdäki taslamalary amala aşyryp biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Bu hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iki döwletiň Baştutanlary türkmen-eýran serhet geçelgelerinden geçýän awtoulaglaryň ortaça sanyny bir gije-gündizde iki esse artdyrmak, ýagny 1000-e ýetirmek barada ylalaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze «SarahsSarahs» awtomobil köprüsiniň we «SarahsTejen» awtomobil ýolunyň gurulmagy uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen – eýran toparynyň 2015-nji ýylyň iýul aýynda Tähranda geçirilen 14-nji mejlisinde «Sarahs Sarahs» täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy hakyndaky Teswirnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy möhüm ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolan Hökümetara toparynyň orny barada aýtmak bilen, onuň işini has giň gerim bilen alyp barmak zerurdygyny, munuň aýratyn hem, energetika, ulag we aragatnaşyk, maşyn gurluşygy we ýeňil senagat, oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklarynda giň mümkinçilikler açjakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesiniň üstünde aýratyn durup geçdi. Türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň berk binýatlyk esaslarynyň biri hem umumy medeni-ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýan hoşniýetli özara hyzmatdaşlykdyr. Bu hyzmatdaşlyk diňe geografik çäkler bilen ölçelmeýär. Biziň halklarymyzy asyrlara uzap gidýän taryhy kökler baglanyşdyrýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şoňa görä-de, biziň döwletara gatnaşyklarymyzda gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanan hyzmatdaşlygyň hem uly ornunyň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bilelikde geçirilýän medeni çäreler we ylmy maslahatlar biziň halklarymyzyň özara ruhy taýdan baýlaşmagy üçin mümkinçilikleri has-da giňeldýär. Biziň meşhur taryhy şahslarymyza, ilkinji nobatda bolsa, alymlarymyzyň we şahyrlarymyzyň döredijilik mirasyna bagyşlanan bilelikdäki çäreler uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşyny tamamlamak bilen, türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hemmetaraplaýyn rowaçlanjakdygyna berk ynam bildirdi.
Gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edilýär. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Hazar deňzinde söwda gämi gatnawy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Saglygy goraýyş, derman we lukmançylyk bilimi ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Mary (Turkmenistan) – Maşat (Eýran) elektrik geçirijisini gurmak babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» döwlet poçta aragatnaşygy kompaniýasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Poçta kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Sport we ýaşlar ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Standartlaşdyrmak, güwälendirmek, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenstandartlar» Baş döwlet gullugy bilen Eýranyň Standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Eýranyň Prezidenti türkmen Liderine we Türkmenistanyň wekilçilikli toparyna Eýrana resmi sapar bilen gelmäge, şeýle hem gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammtine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.
Prezident Hasan Ruhani ikiçäk görnüşde we giňeldilen düzümde geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýetini belledi, olaryň barşynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça oňyn teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljekki on ýylyň dowamynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberini ABŞ-nyň 60 milliard dollaryna ýetirmegiň göz öňünde tutulýandygyny nygtamak bilen, Eýranyň Prezidenti žurnalistlere duşuşyklarda gaz we elektrik energetikasy ulgamlarynda, ulag we aragatnaşyk pudagynda, awtomobil we demir ýollary gurmak, oba hojalygy, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk tekliplere garalandygyny habar berdi.
Eýranyň Baştutany suw meselesi boýunça, suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak ulgamynda hyzmatdaşlyk, Hazar boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda käbir kenarýaka nebitgaz ýataklaryny bilelikde gözlemegiň hem-de işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri babatynda iki dostlukly ýurduň deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek, bu ulgamda geljegi uly taslamalary ilerletmek, Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek bilen baglanyşykly işler boýunça ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň toplumy barada durup geçdi.
Sebit derejesinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça anyk wezipeleri we çäreleri öňde goýýan uzakmöhletleýin döwür üçin hyzmatdaşlygyň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.
Prezident Hasan Ruhani medeniýet, sungat, ylym, bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda döwletara türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berip, taraplaryň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, halkara terrorçylygyna we häzirki döwrüň beýleki wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşde taraplaryň tagallalary birleşdirmäge hyjuwlydygyny nygtady.
EYR-niň Prezidenti türkmen Liderine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine uly üns berýändigi üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyny goldaýandygyny aýtdy. Biziň halklarymyzy köp zatlar, ozaly bilen bolsa, ruhy we medeni ýakynlyk birleşdirýär diýip, Hasan Ruhani gadymy dots-doganlyk gatnaşyklaryna daýanýan iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň täze sepgitlere çykaryljakdygyna, nusgalyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýran kärdeşine gadymy eýran topragynda mähirli garşylanandygy hem-de netijeli gepleşikler geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, açyklyk we özara hormat goýmak ýagdaýynda şu günki geçirilen gepleşiklere we onda gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berdi, şeýle hem ertir Tähranda geçirilýän gazy eksport ediji ýurtlarynyň döwlet Baştutanynyň Sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhynda hil we mazmun taýdan täze sepgide ýetilendigine kanagatlanma bildirýändigini belläp, Türkmenistanyň Baştutany şu gezekki saparyň netijeleriniň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine we berkemegine, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar meseleleri boýunça hem hyzmatdaşlyga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplaryň ýokary derejedäki syýasy gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek barada ylalaşylandygyny habar bermek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle hem halkara syýasatynyň we sebit gatnaşyklarynyň iki tarapy hem gyzyklandyrýan meseleleri boýunça garaýyşlaryň birmeňzeşdigini nygtady. Aýratyn hem, dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, häzirki zaman howplaryna garşy göreşde tagallalary birleşdirmekde garaýyşlaryň gabat gelýändigini belledi.
Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, şeýle hem, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde häzirki zamanyň dürli howplaryna, ilkinji nobatda bolsa, halkara terrorçylygyna, neşeleriň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşdäki dünýä bileleşiginiň tagallaryna hem bilelikde işjeň gatnaşýarlar.
Gepleşikleriň barşynda biz sebit meselelerine, şol sanda owgan meselesine garadyk diýip, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň Owganystandaky ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagyna, onuň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine we abadan döwlete öwrülmegine ýardam bermekde jebisligini belledi.
Şu günki gepleşikleriň dowamynda biz bar bolan mümkinçilikleri we amatly şertleri peýdalanmak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitledik. Iri taslamalary amala aşyrmagyň täze ugurlarynyň döreýändigini belledik. Bu barada aýtmak bilen, durnukly ösüş maksatly we durmuş-ykdysady ähmiýetli iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Ikitaraplaýyn daşary söwda dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artýar. 2015-nji ýylyň 9 aýynyň netijeleri boýunça özara söwda dolanyşygynyň möçberi 2 milliard 620 million amerikan dollaryndan gowrak bolandygy hem-de ýakyn geljekki on ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini ABŞ-nyň 60 milliard dollaryna ýetirmegiň göz öňünde tutulýandygy gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan işleriň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Biz ulag-aragatnaşyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, öňden hereket edýän «TejenSarahs» we täze işe girizilen «GazagystanTürkmenistan Eýran» demir ýollaryny netijeli ulanmak barada ylalaşdyk diýip, habar bermek bilen, milli Liderimiz «DemirgazykGünorta» ugry boýunça geçýän bu transkontinental demir ýoluň sebitde we onuň çäklerinden üstaşyr geçýän söwda ýollarynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna žurnalistleriň ünsüni çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «ÖzbegistanTürkmenistan EýranOman» halkara ulag -üstaşyr geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi.
Türkmenistan bilen Eýranyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygy barada aýratyn durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletlerimiz Hazaryň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk, ylalaşyk deňzi bolmagynyň tarapdary bolup çykyş edýärler diýip belledi.
Häzirki döwürde biz Türkmenbaşy halkara deňiz portuny gurmak boýunça iri möçberli taslamany amala aşyrýarys. Bu bolsa, geljekde Eýranyň Hazardaky portlarynyň üsti bilen Pars aýlagyna ýük daşalyşyny köp esse artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Biz sebitde ulag – aragatnaşyk ulgamyny döretmek maksady bilen, halkara ýollaryny ösdürmäge aýratyn üns berýäris diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şeýle hem Aşgabat-Türkmenabat halkara ähmiýetli häzirki zaman awtomobil ýoluny gurmak barada ylalaşyk gazanylandygyny, munuň ýörite resminamalar bilen berkidilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, Türkmenistan bilen Eýranyň köp asyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklaryň ýyl geçdigiçe mazmun taýdan barha baýlaşýandygyny we yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, biz türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde uly ähmiýete eýe bolan medeniýet we sungat, ylym we döredijilik ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek we täze ugurlaryny ösdürmek barada pikir alyşdyk. Türkmenistanda we Eýranda iki döwletiň Medeniýet günlerini we hepdeliklerini, dürli sergileri we döredijilik maslahatlaryny geçirmek bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerindäki çäreleriň esasyny düzer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Prezident Hasan Ruhanini ýokary derejeli Halkara maslahatyna we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şu ýyl bellenilýän 20 ýyllygyna bagyşlanyp dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda şu saparyň öňünde goýlan maksatlara ýetilendigini nygtady we Prezident Hasan Ruhanä ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, doganlyk eýran halkyna bolsa bagt, abadanlyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Metbugat wekillerine ýüzlenme tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Saadabad toplumyndaky özi üçin niýetlenen kabulhana– Hafeziýe köşgüne tarap ugrady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Talar köşgünde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi günortanlyk nahar berdi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy.
Aýatolla Ali Hameneýi türkmen döwletiniň Baştutanyny mähirli garşylap, köp asyrlyk we häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýän hem-de dostluk we doganlyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, dünýäniň ähli döwletleri bilen, ilkinji nobatda bolsa ýakyn goňşulary bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, şu ýyl hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 20 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Uzak möhletli geljege gönükdirilen Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk geljegi uly möhüm ugurlary öz içine alýar we iki döwletiň milli bähbitlerine laýyk gelýär diýip, türkmen Lideri aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu gatnaşyklaryň parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, iki ýurduň halklarynyň we tutuş sebitiň durnukly ösüşine we abadançylygyna hyzmat edýändiginii nygtap, şu gezekki ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam bildirdi.
Söhbetdeşler duşuşygyň barşynda ägirt uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni- ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeltmek we hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky pikiri beýan etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we EYR-iň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi hoşlaşanlarynda, türkmen we eýran halklara tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň Eýrana sapary dowam edýär.
Ertir, 23-nji noýabrda milli Liderimiz Ejlas-Saran Maslahatlar merkezinde geçiriljek gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe döwlet ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegine garaşylýar.