Ýolöten etrabynyň merkezinde durmuş maksatly möhüm ähmiýetli täze binanyň – “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri tarapynlan gurlan 250 orunlyk döwrebap çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Irden dürli reňkdäki şarlar we lentalar bilen bezelen täze çagalar bagynyň iki gatly binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürdi hem-de aýdym-sazlar ýaňlandy. Bagtyýar çagalary täze binanyň açylmagy bilen gutlamak üçin bu ýere welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, köp sanly myhmanlar geldiler.
Bu bina ähli ölçegler boýunça täze taryhy eýýamda mekdebe çenli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenip gurulýan döwrebap desgalar babatda bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde çagalara bilim-terbiýe bermek üçin niýetlenen giň we ýagty otaglar, ýatylýan jaýlar, okuw hem-de kompýuter otaglary, şeýle hem körpelerde döredijilige mahsus ukyplary ösdürmek üçin aýdym-saz zaly bar. Çagalar bagynda bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin sport zaly, oýun oýnalýan meýdançalar, naharhana we geýim ýuwulýan otaglar bar. Onuň daş-töweregi bagy-bossanlyga büreldi hem-de ýaş türkmenistanlylaryň halaýan ertekilerindäki gahrymanlaryň keşpleri bilen bezeldi.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanda döwletiň ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada edýändigini aýratyn bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz alada etmegi netijesinde ýerlerde durmuş maksatly we wajyp ähmiýetli binalary ulanmaga bermek berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan ýörelgä öwrüldi. Çykyş edenler milli Liderimize halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrundaky köp ugurly işinde uly üstünlikler arzuw etdiler.
Dabaranyň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.