Bahar pasly ussat suratkeş mysaly, tebigatyň reňk sazlaşygyny öz döredijilik dünýäsiniň baýlygyna görä günsaýyn gözelleşdirýär. Sähralaryň goýnuna ýaşyl don ýazyp, üstüni akly-gyzylly nagyşlar bilen bezeýär. Bu gözel görnüşiň yşkyna düşen guşlaram saz çalyp, dumly-duşa bagtyýarlyk hem ruhubelentlik owazyny ýaýradyp, al-asmanda ganat kakyp ýörler. Ýaz ene topraga mylaýym deminden dem berip, süňňüne ýylylyk eçilýär. Bu owadan Zemin içre ýaşamak, ýaşaýşyň dowamyna goşant goşmak, gojalmak bagt. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp zamanasynda ömrüniň segseninji baharyny 82 ýaşly ýanýoldaşy Kakabaý aga, 5 ogul, 7 gyz perzentleri, 41 agtygy hem 49 çowlugy bilen agzybirlikde garşylaýan Abadangözel ene has magat bilýär. Şonuň üçin-de mukaddes maşgala ojagynyň agzybirlik sütüni kimin nurana enäniň dilinde elmydama: «Balalarym, zamanamyza, Arkadagymyza guwanyň!» diýen jümle gaýtalanýar.
Ýaşlyk ― gözelligiň, güýç-kuwwatyň, duýgularyň, mümkinçilikleriňdir täzeçillikleriň joşguny. Gojalyk ― nuranalygyň, pähim-parasatlylygyň, durmuş tejribesiniň hem akylyň baýlygy. Abadangözel enäniň çaý başynda öz çagalyk hem ýaşlyk döwürleri maşgala ojagy, kolhozda zähmet çeken uzak ýyllary, ene ýere siňdiren yhlasy hakynda berýän mesawy gürrüňleri munuň janly şaýady. Käte bu dilewar enäniň gyzykly ýatlama gürrüňlerini öz döreden şygyr setirlerinde beýan edäýmesem bar. Şahyrçylykdan düýpli başy çykmaýan ak saçly enäniň diliniň şahyrana çeperligi, söze baýlygy, joşgunlylygy haýran galdyrýar. Abadangözel enäniň halkymyzyň nusgawy şahyrlarynyň döredijiligine beletligi, olaryň ençeme şygyrlaryny ilik-düwme ýatdan bilmegi, geň-enaýy rowaýatlary, täsin wakalary hem tymsallary hakydasynda pugta saklamagy, gürrüňçilligi bilen söz hem şygyr sungatyndan özüne gerek paýyny almagy başarandygy guwandyrýar. Heniz mekdep ýaşyna ýetmedik kiçijik gyzjagazka, bilim öwrenmäge, okamaga, ýazmaga bolan höwesiniň öz erkine goýman, özünden uly ýaşly ― mekdebe gatnaýan okuwçylaryň depderine seredip, harp okamagy hem ýazmagy öwrenendigi hakynda ene çaý başyndaky gürrüňdeşliklerimiziň birinde ýatlapdy. Şol zehin hem yhlas bilen ene uzak ýyllaryň dowamynda öz ruhy dünýäsini, dünýägaraýşyny, bilim ýüküni baýlaşdyrypdyr. Köňlüniň şol ruhy baýlygynyň her bir ülşüni öz perzentlerine, agtyk-çowluklaryna siňdirmegi başaran enäniň terbiýe mekdebi görelde alynmaga mynasypdyr.
Ene perzentlerini, agtyk-çowluklaryny daşyna jemläp, olara jebisligi, halallygy, Watana, hormatly Prezidentimize, il-halka ak ýürekden hyzmat etmegi ündeýär.
Ene ― öýüň bezegi. Başyndaky ak gyňajy kümüşsöw saçlary bilen utgaşyp duran Abadangözel ene-de öýüň töründe öz maşgala ojagynyň, nesilleriniň ýaraşygy bolup otyr. Bu görnüş enäniň nurana keşbine has-da ýagtylyk çaýýar. Ene ak ýüreginden, ýagşy niýet-pälinden syzylyp çykýan doga-dilegleri, alkyş-arzuwlary bilen nesillerini apalaýar. Ol: «Görjegiňizem, geljegiňizem gowulyk bolsun, balalam!», «Ilki bilen, saglyk, agzybirlik, ýurt parahatçylygy bolsun!», «Işiňiz bitgir, sözüňiz ötgür bolsun!» diýip, otursa-tursa dilinde sena edinip ýör. «Ýagşy niýet ― ýarym döwlet» diýleni. Enäniň şol doga-dilegleridir ýagşy umytlaryndan gulagy ganan, nesil terbiýesine siňdiren yhlaslary bilen kemala gelen zürýatlarynyň, agtyk-çowluklarynyň hersi bir ýerde zähmet çekip, bilim alyp, Watan öňündäki borjuny berjaý edip, il deňinde bagtyýar durmuşda ýaşaýar.
Ýaşyň bir çene baransoň adam öten-geçenleri has köp ýatlagan, geçmişe berlegen bolarly. Segsene ser uran Abadangözel ene-de janly arhiw ýaly, söz açan ugruňdan gürrüň tapyp, has irki maglumatlary hem wakalary mysal getirip ýa öz durmuş tejribesini ýatlap, jikme-jik gürrüň berip otyr. Gürrüňinde ýatlaýan wakalarynyň senelerini takyk aýdyp oturmagy, üstünden ençeme ýyl aşsa-da adamlaryň aýdan sözlerini sözme-söz gaýtalap bermegi, dogrusy, meniň özümi-hä ençeme gezek haýran galdyrdy. Öte ýatkeş hem gürrüňçil enäniň dilinden eşiden gürrüňlerimiň arasynda onuň mukaddes enelik, gelinlik mekdebi hakynda durmuş tejribesiniň ýatlamalary mende has uly täsir galdyrýardy.
Abadangözel ene on iki perzendi — bäş ogly hem ýedi gyzy dünýä inderenem bolsa, ol ýene-de iki çaganyň — öz ýüwürjisiniň hem-de ýegeniniň garamatyny-da boýnuna alyp, on dört çagany terbiýeläp ýetişdirdi. Ilki-ilkiler biri-biri bilen basdaş, heniz aýak hem bitmedik çagalaryny gaýynenesi Almagözel daýza goýup, kolhozyň ulugyzlary bilen daň saz berende ekin meýdanlaryna pagta ýygmaga çykyşyna, tä gije ýarymyna çenli bir ýerde durman zähmet çekerdi. Gaýyn-gelin arasyna gaty-gaýrym söz düşen wagty ýokdy. Olaryň birek-biregiň ýagdaýyna düşünmegi, ýürekdeşligi oba ilatyna hem maşgalanyň ýaş ösdürimlerine görelde mekdebidi.
Almagözel daýzanyň altmyşa ýetmän aradan çykmagy ýaş gelniň keşigini agyrlaşdyrdy. Abadangözel ene kiçijik ýüwürjisini hem öz çagalarynyň arasyna goşup, terbiýeläp ýetişdirmeli boldy. Ol ýüwürjisine edil öz perzendi ýaly garap, ene mährini bermek üçin jan edýärdi. Dursun atly aýal doganynyň ýaňy otuzdan geçip, aradan çykmagy bilen Abadangözel ene ýegenini öz ýanyna alyp, çagalarynyň arasyna goşmaly boldy. Indi ene on dört çagany terbiýelemelidi, ekläp-saklamalydy hem-de öý-işikli etmelidi. Ruhy baý, köňli giň, agyr zähmete çagalygyndan hem ulugyzlygyndan uýgunlaşan, dogumly gelniň bu uly wezipäni ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelmegi onuň zenan hem ene mertebesini has-da belende göterýär. Ol öz perzentlerini ilhalar, ak ýürekli, zähmetsöýer ogul-gyzlar edip kemala getirdi.
Şol kynçylykly ýyllarda köp çagaly ýaş maşgalanyň keşigini Abadangözel ene bilen ýanýoldaşy Kakabaý aga-da egin-egne berip, deň çekişerdi. Ol hem ömürboýy kärendeçi bolup zähmet çekip, ýeriň hasyllylygyny artdyrmaga, topragyň ýagdaýyny gowulandyrmaga gara der döken adam. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Birleşik» daýhan birleşiginiň ýaşululary oba ekin meýdanlaryna ilkinji ýabyň çekilmeginde Kakabaý aganyň görkezen yhlasyny häli-häzirem ýatlaýarlar. Şeýle asylly zähmeti bilen ol gurap barýan bag-bakjalaryň ýokary hasyl bermegine uly goşant goşupdy. Uzak ýyllaryň dowamynda ene ýere siňdiren zähmetiniň, yhlasynyň rehnetini görüp, köp çagaly maşgala perzentlerini öýli-işikli etdi.
Hawa, Abadangözel ene Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar zamanasynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ömrüniň segseninji baharyny garşylaýar. Şu ajaýyp bahar günlerinde — 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününde enäni gutlamak üçin perzentleri, agtyk-çowluklary garry öýe myhmançylyga gelýärler. Olaryň gowşurýan ter gül desseleri enäniň şahyrana köňlüni joşdurýar. Ene öz perzentleriniň, agtyk-çowluklarynyň bagtyýar zamanada ýaşaýandygy, erkana zähmet çekýändigi, döwrebap bilim alýandygy üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdýar.
Enäniň bu alkyş sözlerini ýaz buşlukçysy bolan hoştap şemal özi bilen aýlap, ýaşlygyň hem gojalygyň goýnunda ýören ynsanlaryň ýüzünden sypaýa-sypaýa, ugruny ondan-oňa üýtgedip, iki ýana at salýar. Bu bahar kimleriň ömründe ilkinji, kimleriňkide bolsa, gör, näçenji?! Şonda-da ol juda ýürege ýakyn hem joşgunly. Çünki ol ömürleriň juwanlyk aýdymy.
Çeşme: http://metbugat.gov.tm/