Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Case New Holland (CNH)» amerikan kompaniýasynyň Kawkaz, Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça telekçilik direktory Stýuart Kempbeliň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen wideoduşuşyk geçirildi.Gepleşiklerde ýurdumyzyň telekeçilik bileleşiginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryna garaldy.
Duşuşyga türkmen tarapyndan maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn-gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.