COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ABŞ-da we Ýewropada ýaýramagynyň haýallap başlandygy baradaky yşaratlardan soň, sişenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar, diýip Dow Jones habar berýär.
Bazara gatnaşyjylar OPEC+ döwletleriniň duşuşygyna garaşýarlar. Käbir treýderler bolsa, mümkin, nebit çykarýan döwletleriň çykaryş derejesini azaltmaly boljakdygyna garaşyp, satyn almalary işjeňleşdirdiler, diýip AxiCorp-yň bilermenleri belleýär. Muňa garamazdan, AxiCorp-yň pikirine görä, OPEC-den we onuň hyzmatdaşlaryndan oňaýly habaryň bolmazlygy bazaryň ýokarlanmagyny çäklendirip durar.
«Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 2,97 göterim ýokarlanyp, 34,03 dollara deň boldy. Duşenbe güni söwdalaryň netijesi boýunça fýuçersleriň bahasy 3,1 göterim aşak düşüp, 33,05 dollara ýetipdi, diýip Interfaks habar berýär.
«WTI» nebitiniň bahasy 3,34 göterim ýokarlanyp, 26,95 dollara ýetdi. Deslapky söwdanyň netijesinde onuň bahasy 8 göterim aşaklap, 26,08 dollara deň boldy.
OPEC+ döwletleriniň adatdan daşary duşuşygynyň yza süýşürilýändigi baradaky habaryň netijesinde duşenbe güni nebitiň bahalary aşaklady. Bu duşuşygyň barşynda bazary kadalaşdyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak meýilleşdirilýärdi.
Telekonferensiýa görnüşindäki duşuşyk 6-njy aprelden 9-njy aprele geçirildi.
«OPEC+ döwletleriniň nebit çykarylyşyny çäklendirmek üçin bazara düşýän agram aşa ýokary» – diýip, The Price Futures Group-dan Fil Flinn belleýär.
COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyny saklamak maksady bilen bütin dünýäde girizilýän çäklendirmeler nebite bolan islegiň aşak düşmegine getirdi. Nebit bazarynda teklibiň agdyklyk etmegi ýakyn wagtda öndürijileriň nebiti saklamak üçin kuwwatlyklaryň ýetmezçiligine sezewar bolmagyna getirip biler. Bu bolsa, teklibi çäklendirmek üçin çäreleriň gyssagly ýagdaýda görülmeginiň zerurlygyny ýokarlandyrýar, diýip analitikler belleýär.
Çeşme: oilgas.gov.tm