Guramanyň nebitden alýan girdejileriniň bu ýyl 750 milliard dollar bolmagyna garaşylýar.Dünýädäki nebitiň 40 göterimini öndürýän OPEK-iň (Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy/The Organization of the Petroleum Exporting Countries) 2010-njy ýylyň 11 aýynda 680 milliard dollar girdeji gazanandygy habar berildi. 12 agzasy bolan OPEK geçen ýylyň degişli döwründe 512 milliard dollar, 2009-njy ýylyň dowamynda bolsa 571 milliard dollar gazanypdy. Guramanyň nebitden alýan girdejileriniň bu ýyl 750 milliard dollar bolmagyna garaşylýar. Ýakyn Gündogaryň iň ösen ykdysadyýetine eýe bolan Saud Arabystany 2010-njy ýylyň 11 aýynda 184 milliard dollar girdeji gazandy. Ýurtda geçen ýylyň dowamynda bu pudakdan 139 milliard dollar girdeji gazanylypdy. Ikinji oruny eýelän Eýranyň nebitden alýan girdejileri bu ýylyň 11 aýynda 64 milliard dollara ýetdi. Geçen ýylyň degişli döwründe bolsa, 49 milliard dollar girdeji gazanypdy. Bu ýylyň degişli döwründe Kuweýt 52 milliard dollar, geçen ýylyň ilkinji 10 aýynda bolsa 41 milliard dollar girdeji gazanypdy. Yragyň nebitden alýan girdejileri bu ýylyň 11 aýynda 43 milliard dollara ýeten bolsa, geçen ýylyň degişli döwründe 33 milliard dollar bolupdy. Ady agzalýan döwürde Nigeriýa 60 milliard dollar, Alžir 50 milliard dollar, Angola 50 milliard dollar, Liwiýa 39 milliard dollar, Wenezuela 37 milliard dollar, Katar 33 milliard dollar, Ekwador 6 milliard dollar boldy. Bulardan başga-da Birleşen Arap Emirlikleri, çig nebitden bu ýyl 61 milliard dollar girdeji gazandy. 2009-njy ýylyň degişli döwründäki girdejisi bolsa 46 milliard dollarda bolupdy. BAE 2008-nji ýylda nebitden 91 milliard dollar girdeji gazanypdy. Maglumatlara görä, bu ýylyň 11 aýynda ortaça 75 dollar boldy. 2009-njy ýylyň ilkinji 11 aýyndaky ortaça baha bolsa 55 dollar bolupdy. OPEK ýurtlary geçen ýyl nebit önümçiligini gündelik dört million barrel mukdarynda azaldypdy.
referans: www.zamantm.com