6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Orak möwsümine taýýarlyk.

Umumy meýdany 860 müň gektar bolan ýurduň bugdaýly meýdanynda suw tutmak işleriniň tamamlaýjy tapgyrllarda alnyp barylýar. Hasyl – 2013 bolluk bilen eçildi, golaý günlerde onuň oragyna başlanar. 

Häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý – oňa öz wagtynda ideg etmek işleriniň göwnejaý geçirilendigine şaýatlyk edýär. Öňde bolsa täze wezipe – orak möwsümini ýokary guramaçylyk bilen geçirmeli, hasysy gysga wagtda we ýitgisiz ýygnamak wezipesi durýar. 

Şu maksat bilen öňde duran orak möwsümine taýýarlyk görmek boýunça gyzgalaňly işler alnyp barylýar. Bu oba hojalyk möwsüminde däp bolşy ýaly, „Türkmenobahyzmat“ Döwelt birleşiginiň hünärmenleri işjeň gatnaşarlar. Onuň wekilleiniň habar berişleri ýaly, bu günki gün öňde duran orak möwsümine däne orujy kombaýnlaryň bir müň sekiz ýüz segsen iki sany taýýarlyk hatarynda goýuldy. Olaryň 1024 sanysy „Jon Dir“, 633 sanysy „Keýs“, 135 sanysy „Klas“ we 90 sanysy hem „Nýu Holland“ kombaýnlarydyr. 

Mundan hem bşaga, „Türkmenobahyzmat“ DB ýöriteleşdirilen tehnikalary – däne orujy maşynlary ýangyç bilen üpjün eder ýaly ýöriteleşdirilen tehnikalaryň üç ýüz töweregi, kombaýnlara tehniki we hyzmat ediş maşynlarynyň iki ýüzden gowragy, ýük daşaýan awtoulaglary we beýlekiler doly taýýar edildi. Däne ýygnaýjy maşynlara kepillendirilenb tehniki hyzmatlary etmek boýunça ýöriteleşdirilen merkezleriň hünärmenleri hem bu mňhüm oba hojalyk çäresine goşulyşýarlar. 

Bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin däne orujy kombaýnlar 383 topara birleşdirildi. Olara bolsa öz gezeginde agrar meýdanlar berkidildi. Mehanizatorlaryň işleri iki çalşyk boýunça alnyp barylar. Munuň üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilýär. Mehanizatorlaryň we bu jogapkärli möwsüme beýleki gatnaşyjylaryň netijeli işlemekleri we oňat hilli dynç almaklary üçin öňaýly şertler dörediler, olar gyzgyn nahar, lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün ediler. Artistleriň döredijilik toparlary hem özleriniň medeni-dynç alyş çykyşlary bilen daýhanlaryň armasyny ýetirip durarlar. 

Ýerlerde „Türkmengallaönümleri“ DB we „Türkmenstabdartlary“ Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri hem bu işe goşulşarlar. Bugdaý kabul ediş nokarlary, ammar hojalyklary, gelip gowuşýan bugdaýlaryň hilini barlaýan barlaghanalar öňde duran möwsüme işjeň taýýarlyk görýärler. 

Şu ýyl bugdaýyň üsti täze görnüşler bilen ýetirilendigini hem aýdyp geçmelidiris. Olaryň ikisi ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen üçüsi bolsa Russiýadan getirilen bugdaýyň räze görnüşleridir. Toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen, ýurduň ähli (balkan welaýatyndan başga) welaýatlarynda bugdaýyň „Ýolöten-3“ täze görnüşi ekilýär, mary welaýatynda bolsa – „Miras“ görnüşi ekilýär. Bugdaýyň ýumşak görnüşleri Pagtaçylyk we däneçilik YMI ýetyişdirildi. Bugdaýyň ýenede üç sany ýumşak görnüşleri bolan watany Russiýanyň stawropol ülkesi bolan „Nota“, „Irişka“ we „Wassa“ ýaly görnüşleri ýurduň Balkan welaýatyndan başga ähli sebitlerinde ekildi.Ekerançylaryň aýtmaklaryna görä bugdaýyň täze görnüşleri ösüş döwürlerini üstünlikli geçirdiler hem-de bugdaýyň öňki görnüşleri ýaly, dänäniň bol gasylyny berýär. 

Umuman türkmen topragynyň bugdaý meýdanlaryna bugdaýyň ýumşak we gaty görnüşleriniň 15-si ekildi. Onuň täze görnüşlerinden başga hem „Batko“, „Sähraýy“, „Ýolöten-1“, „Bitarap“, „Juwan“, „Türkmenbaşy-1“ ýaly öňki görnüşleri ekilýär 

Ýurduň Ahal welaýaty bugdaýy iň köp eken welaýatdyr. Bu welaýatyň buggdaýly meýdany 225 müň gektar, Mary welaýaty – 200 müň gektar, Daşoguz – 180 müň gektar, Lebap welaýaty – 175 müň gektar, Balkan welaýaty – 80 müň gektar meýdany eýeleýär. 

Döwlet buýurmasyna laýyklykda şu ýyl türkmen gallaçylary 1 million 600 müň tonna bugdaý tabşyrmagy öz öňlerinde wezipe edip goýdylar.

Degişli makalalar

Dünýäniň Habarlar Giňişliginde – “Aşgabat 2017” Oýunlary

turkmenhabargullugy

Türkmen Kenarýakasynda Hazaryň Güni Bellenildi

syrach

Nusgawy edebiýat elektron neşirde.

syrach