15.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

ORA­ZA TUT­ÝAN­LA­RA MAS­LA­HAT­LAR

Re­me­zan aýy­nyň aw­gust aýy­nyň ys­sy­sy­na ga­bat gel­me­gi ora­za tut­ýan yn­san­la­ra öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bil­ýär. Agyz bek­le­ýän adam­la­ra bel­li sa­gat­lar­da da­şa­ryk çyk­maz­lyk mas­la­hat be­ril­ýär.

Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da se­lä­lik­de we ag­za­çar­da iýil­ýän iý­mit­le­re hem üns ber­me­li.

“Agyr na­har­lar­dan ga­ça du­ruň we su­wuk na­har­la­ry köp­räk iýiň” diý­ýän bi­ler­men­ler ýu­murt­ga, gök önüm, mi­we iý­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.

Se­lä­lik­den soň­ra­ky uky sa­gat­la­ry ha­kyn­da alym­la­ryň şeý­le­räk duý­du­ry­şy bar. Ýag­ny, se­lä­lik­den soň­ra­ky uky gü­nüň do­wa­myn­da­ky dur­mu­şy­my­zy uky bi­len ge­çir­me­giň öňü­ni al­ýar.

Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, alym­lar re­me­zan aýyn­da ka­da­ly iýip-iç­me­giň re­je­si­ni şeý­le­räk kes­git­le­ýär:

– Ag­za­çar­dan soň­ra­ky iýil­ýän iý­mit­ler su­wuk hal­da bol­ma­ly. Re­me­zan aýyn­da how­luk­man iý­mek sag­lyk üçin ze­rur­dyr, peý­da­ly­dyr. Her bir iýil­ýän iý­mit do­ly çeý­nel­me­li­dir.

– Gün­de üç ge­zek içil­ýän der­man­lar ag­za­çar­dan, gi­je iýil­ýän ýe­ňil na­har­dan we se­lä­lik­den soň­ra içil­me­li­dir. Gi­je iýil­ýän ýe­ňil na­ha­ry ýat­ma­zy­ňyz­dan iki sa­gat öň iý­me­li­si­ňiz.

– “Uky­myň ara­sy­ny böl­mä­ýin” di­ýip, se­lä­li­gi di­ňe suw bi­len ge­çir­me­li däl­dir.

– Hu­su­san-da, ýag­ly we ha­myr­ly iý­mit­ler bi­len aş­ga­za­ny dol­dur­mak­dan ga­ça dur­ma­ly­dyr. Ola­ryň ýe­ri­ne et, peý­nir, ýu­murt­ga ýa­ly pro­te­in­li iý­mit­le­ri iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

– Suw­sa­maz­lyk üçin has duz­ly we çen­de­na­şa süý­ji iý­mit­le­ri iý­me­li däl­dir.

referans: www.zamantm.com

Degişli makalalar

Stambul Uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 23 Ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni Mynasybetli Ylmy Maslahat we Dabaraly Çäre Geçirildi

turkmenhabargullugy

Lebap welaýatynda täze saglyk merkezi açyldy.

syrach

Sagdyn Durmuş Ýörelgeleriniň Dabaralanmagy