5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Orta Aziýany Pars aýlagyna birleşdirjek demir ýol liniýasynýň gurluşygy dowam edýär.

Orta Aziýany Pars aýlagyna birleşdirjek demirgazyk-günorta demir ýol taslamasynyň birinji tapgyry Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhabedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda açylar.

Açylyş dabarasy 11-nji maý şenbe güni Türkmenistan bilen Gazagystanyň serhedindäki Serhetabat etrabynda bolar.

2007-nji ýylyň ahyrynda başlan taslamada ilki Gazagystan öz serhetlerinin çägindäki 146 kilometrlik bölegi tamamlapdy.

Jemi 930 kilometr uzynlygyndaky demir ýol liniýasynyň 700 kilometrlik bölegi Türkmenistanyň çäginde geçýär.

Bereket we Serhetýaka otly beketlerini guran türk firmasy 30 kilometrlik demir ýol liniýasynyň gurluşygyny hem tamamlady.

Eýranyň çägindäki 90 kilometrlik soňky bölegiň 2014-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen demir ýol liniýasy aýlaga çykýan ýurtlaryn ýoluny 600 kilometr gysgaldar.

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Azyk Bolçulygy Obasenagat Toplumyny Döwrebaplaşdyrmagyň Baş Maksadydyr

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach