Şertnama Owganystanyñ Döwlet baştutany Hamid Kerzeýiñ, Hindistanyñ paýtagty Täze Dela guran resmi saparynyñ çäginde gol çekişildi.
Şertnama iki ýurduñ arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklaryñ güýçlendirilmegini, şol bir wagtda owgan howpsuzlyk güýçlerine Hindistan tarapyndan harby taýdan tälim berilmegini göz öñünde tutýar.
Owganystanyñ Döwlet baştutany Kerzeý bilen Hindistanyñ Premýer ministri Manmohan Sinh gol çekişlik dabarasyndan soñ beren beýanatynda sebitara parahatçylygyñ ähmiýetine ünsi çekdi .
Owganystanyñ, terrorçylygyñ we aşa dindarlaryñ sebit üçin howply bolandygyna göz ýetirip bilýändigini aýdan Kerzeý, howpyñ ortadan aýrylmagy üçin sebitara hyzmatdaşlygyñ zerur bolandygyny ýatlatdy.
Ýurdunyñ Hindistanyñ tejribelerinden peýdalanmak isleýändigini nygtan Kerzeý, Owganystana maddy taýdan berýän goldawy sebäpli Hindistana minnetdarlygyny bildirdi.
Hindistanyñ Premýer ministri Sinh hem owgan halkynyñ uly kynçylygy başdan geçirendigini we owganlaryñ indi öz geljeklerini kesgitlemäge hukuk gazandygyny belledi.
referans: www.trtturkmen.com