Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň taslamalaryny aýtmak bolar. Bu barada Owganystanyň Prezidenti Mohammed Aşraf Ganiniň ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlap ýazan hatynda bellenilýär.
Owganystan bilen Türkmenistanyň sebit ykdysady maksatnamalary laýyk gelýär. Bu bolsa iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk ösdürmäge oňaýly täsir edýär – diýlip hatda aýdylýar.
Mohammed Aşraf Gani durmuşa geçirýän tagallalary üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen tarapyndan beýleki jogapkär adamlara minnetdarlyk bildirdi.
Owgan Lideri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen gepleşikleri we maslahatlary geçirmäge doly taýýardygyny tassyklady.
TOPH taslamasynyň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda başlandy. Gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 1814 metr, şol sanda Türkmenistanyň çäginde – 214 kilometr, Owganystanda – 774 kilometr, Pakistanda Hindistan bilen serhetde ýerleşýän Fazilka ilatly nokadyna çenli – 826 kilometr bolmaly. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar.