Özbegistanly türgen Faruk Dustow howply garşydaşlaryň biri. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda geçirilýän erkekleriň arasyndaky tennis sportunyň ýekebara görnüşinde hiç kim onuň garşysyna oýnamak islemeýär. Onuň sebäbini hem ussat özbek türgeni sişenbe güni geçirilen oýunda görkezdi.
193 santimetr boýy bolan Dustow iki ýarym ýyl mundan ozal tennis sportunyň dünýä türgenleriniň sanawynda 100-nji orunda durdy. Ol tennis sportunda iň ýokary derejä ýetmegi maksat edindi, emma 2015-nji ýylda geçirilen Dewisiň kubogy ugrundaky ýaryşda topy urjak bolanda sag goşaryny agyrtdy.
Ol saglygyny doly dikeldýänçä, 9 aylap tennis oýnamady.
Faruk Dustow esasy urgularyny ýerine ýetirýän eliniň agyrdany üçin oýunlarynda ulanýan tilsimlerini bütinleý üýtgetmeli boldy we 31 ýaşynda öňki ornuna gaýdyp geldi.
Ruhdan düşmedik we tennisde dünýä türgenleriniň sanawyndaky ornuny täzeden dikeltmegi umyt eden Faruk Dustow goşaryny goramak üçin täze tilsimlerini ulanar.
Ussat türgen “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tennis meýdançasynda çykyş edýän beýleki türgenlere garanyňda ýaşym ep-esli uly” diýip güldi. Dustowyň garşysyna oýnan filippinli türgen Jeson Patrobon ondan 7 ýaş kiçi. Dustow garşydaşyny esasy tennis kortda 7-5, 6-2 hasap bilen ýeňdi.
Daşkentden gelen türgen üçin hem oýun aňsat bolmady, ol 3 sany setboly saklamagy başardy we iň soňky 58-nji minutda birinji setini geçirtdi.
Ondan soň bu tennis ýaryşy gysga wagtlyk hem bolsa öňki dünýä türgenleriniň sanawynda ilkinji 100-likde bolup gören ussat oýunçy üçin ýaryş aňsat boldy.
“Men ömrümde bu türgenleri görmedim, ýöne olar örän ökde oýnaýarlar. Olary aljyratmak üçin men hem elimden baryny edip oýnamaly bolýaryn. Men tennise gaýdyp gelýänçäm, ussatlygy talap edýän ülňüler hakykatdan hem örän ýokarlanypdyr” diýip, Dustow aýdýar.
“Elbetde, men bu geçirilýän oýunlara gatnaşýan türgenleriň arasynda ýaşy boýunça iň ulusy, emma şu wagta çenli oýnan döwrümde her ýylky geçirilýän yaryşlaryň köpüsinde oýnamaýardym, şonuň üçin tennis oýnamakdan ýadamaýaryn. Men ýene tennis boýunça dünýä türgenleriniň sanawynda ýokary derejä gaýdyp bararynmy?! Elbetde, ähli zat mümkin, sen diňe özüňe ynanmaly. Ýaşyň ululygy barada aýtmaly bolsa, bu ýöne bir san” diýip, Dustow sözüniň ahyrynda öz öňünde goýan maksady barada gürrüň berdi.