Beýleki tarapdan döwrebap we milli birnagärlik usulynda täze binalar beýgelýär. Emir Timur Biziň güýjümizi görmek isleýän bolsaňyz guran ymaratlarymyza serediň diýmek bilen beýan edýär özbek binagärligin. Reňbe-reňk kompleksler, äpet metjitler, kaşaň medreser. Syrçalar bilen bezelen täç gapylar. Agaç sünnälemegiň ajaýyp nusgalary. Altyn bezegli gümmezler. Asman bilen äheňli, haýbatly turkuaz kupbalar. Özüne mahsus gurluşy bilen özbek binagärligi.
Uruşlar we tebigy apatlar bilen ýykylmaga başlan deňsiz-taýsyz eserler Özbegistanyň garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soň Prezident Yslam Kerimowyň başlangyjy bilen täzeden dikeldildi. Binagärlik başlangyjy diňe bir taryhy miras bilen çäkli galmady. Daşkentde döwrebap binagärlik däpleri bilen milli motiwleri ussatlarça jebisleşdirýän täze ymaratlar beýgeldi.
Şol ajaýyp ymaratlaryň ylham çeşmesi bolsa Özbegistanyň baýdagy. Ýerligi ýaşyl we gök reňkleriniň arasynda gurlan ap-ak we kaşaň binalar. Ýokary Mejlisiň binasy, Maslahatlar köşgi, Milli kitaphana. Täze gurlan binalaryň ählisinde şol motiwleri görmek mümkin. Şäher siluetine özboluşly owadanlyk berýän kaşaň ymaratlar ýurtdaky ösüşiň simwoly.