2015-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde Ilçihananyň guramagynda sport çäresiniň geçirilendigi barada habar berýäris.
Agzalan çärä Ilçihananyň işgärleri, Özbegistan Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Şiriýew çykyş edip, Türkmenistanda geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň milletimiziň saglygyny pugtalandyrmakda, durnukly, beden taýdan taplanan we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmekde eýeleýän orny barada söhbet etdi. Şeýle hem ol 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýapyk binalarada we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleri baradaky maglumatlary çärä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.
Sport çäresiniň dowamynda sportuň kiçi futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tanap çekmek, şaşka, küşt, ylgamak ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Çäräniň soňunda ýaryşyň ýeňijilerine Ilçihana tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.