13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Palestinanyň ilçisi işläp başlady.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa Palestina döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohammad Tarşahaniden ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany Türkmenistanda diplomatik wekilhananyň baştutany wezipesine bellenilmegi bilen gutlady we oňa iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk, ynanyşmak hem-de birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine we ýurduň tutuş dünýäde parahatçylyk hem-de howpsuzlyk esaslaryny pugtalandyrmak işinde eýeleýän möhüm ornuna mynasyp baha bermek bilen, Palestinanyň doly ygtyýarly wekili öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen salamyny we tutuş türkmen halkyna bagt, gülläp ösüş, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. 

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda diplomat milli Liderimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda – iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde deňhukuklylyk we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ugur edinýär. 

Geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen saýlawlar netijesinde saýlanan Türkmenstanyň Mejlisiniň deputatlarynyň täze düzüminiň öňünde durýan wezipeler baradaky meseleler gürrüňdeşligiň özenini düzdi. Hususan-da, palestinaly diplomat milli parlamentiň işiniň möhüm ugurlary we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kanunçykaryjylyk ulgamy kämilleşdirmek maksady bilen öňe sürýän özgertmeleri bilen tanyşdyryldy. 

Taraplar soňky ýyllarda döwlet ösüşiniň umumy maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi boýunça pikir alyşdylar. 

Duşuşygyň ahyrynda Mohammad Tarşahani Mejlisiň ýolbaşçysyny Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de diwersifikasiýa edilmegi, şeýle hem iki halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin hemmetaraplaýyn tagalla etjekdigine ynandyrdy. 

* * *

Şol gün Palestina döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň giň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Prezidentiniň Arasynda Gepleşikler Geçirildi

syrach

Dostlugyň we ruhubelentligiň baýramçylygynyň festiwaly

syrach

Türkmenistanyň “Rio+20-ä” garaýşy dünýä…

syrach