Penşenbe güni Türkmen parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa Palestinanyň täze işe bellenen ilçisi Asad Abd al-Munem Said Asadyň ynanç hatyny kabul etdi. Palestinanyň ilçisiniň rezidensiýasy Özbegistanyň paýtagty Daşkentde ýerleşýär.
Penşenbe güni türkmen parlamentinde geçen bu duşuşykdan soň, Asad Abd al-Munem Said Asad Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde-de kabul edildi.
Geçirilen bu duşuşyklarda taraplar Türkmenistanyň we Palestinanyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Aşgabatdaky häzirki saparynyň barşynda Palestinanyň ilçisiniň Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet we Söwda ministrliklerinde-de duşuşyklar geçirjekdigi habar berilýär.
referans: www.azathabar.com