Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen geçen ýylyň dowamynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň dürli institutlarynyň alymlary Paryzdepe ýadygärliginde toplumlaýyn barlaglar geçirdiler. Alnyp barylan işleriň netijesi barada arheologiýa toparynyň ýolbaşçysy, Arheologiýa we etnografiýa institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Allaguly Berdiýew şeýle gürrüň berýär.
– Paryzdepe üç bölekden: içki galadan, gadymy şäher harabaçylygyndan we şäher eteginiň obalarydan ybaratdyr. Biziň institutymyzyň işgärleri içki galada gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler, bu bolsa adamlaryň şol döwürlerde nähili jaýlarda, nähili şertlerde ýaşap, haýsy hünärler bilen meşgul bolandygyny anyklamaga kömek eder. Gazuw-agtaryş işleriniň barşynda içki galanyň daşyndaky gala tapyldy, ol iri çig kerpiçden gurlupdyr, olarda garawul diňleri bolupdyr, galalar orta asyrlarda dag daşlary bilen berkidilipdir. Jaýlaryň diwarlary saklanyp galypdyr, olaryň birnäçe gat alebastra bilen suwalandygy bildirip dur, bu bolsa adamlaryň köp wagtlap bu ýerde ýaşandyklaryna şaýatlyk edýär. Otaglaryň biriniň düşekigi ýapgyt gurlupdyr, demirgazyk diwardan deşilen inçe ganaw, şeýle hem bu ýerden tapylan berk alebastra suwagly küýze bölekleri bu jaýyň belli bir maksat bilen ulanylandygyna şaýatlyk edýär, brlki bu ýerde ussahana bolandyr.
Barlaglaryň barşynda tapylan binalaryň galyndylary, toýundan ýasalan gap-gaçlaryň böleklri, demirden ýasalan iş gurallary, öý goşlary mis-daş asyryndan (biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllykdan) tä XIX asyra çenli bu ýerde ilat ýaşandygyna şaýatlyk edýär. Paryzdepeden tapylan çakmak daşdan ýasalan gurallar, gönüburç şekillere baý gadymy toýun önümleriň bölekleri bu ýerde ýönekeý hojalyk işleriniň we senetleriň giňden ýaýrandygyny görkezýär. Şeýle hem biz gips we toýun egirme guralyna we monjuklara gabat geldik, bu bolsa ýörgünli senetleriň, zergärçilik sungatynyň ösenligine şaýatlyk edýär.
Köp sanly keramika önümleriň arasynda irki demir asyrynda (b.e. öňki I müňýyllyk) kükürtli-toýun gap-gaçlar bolup, olara gönüburçly şekiller çekilipdir. Şeýle zatlar ozal diňe Akdepede gabat gelýärdi. Bu ýerde olara köp gabat gelinýänliginden çen tutsaň, seýrek duşýan toýundan ýasalan zatlaryň şeýle görnüşleriniň hut Paryzdepe ýasalandygyny arkaýyn aýtsa bolar. Ýadygärlik toplumyndan tapylan ýüzüne agaçlar, ir-iýmişler, üzüm salkymy çekilen ullakan hum gadymy Paryzdepäniň gök önümleri “şalar şäheri” Nusaýa esasy iberiji bolandygyny çaklamaga mümkinçilik berýär. Muňa ýazuw çeşmeleri-de şaýatlyk edýär, olarda Nusaýyň töwereginde ýerleşen iri ilatly ýerleriň Parfiýa şalaryny oba hojalyk önümleri bilen üpjün edendigi ýatlanylýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, ýazuw çeşmelerinde Köşi we beýleki ýerler agzalýar.
Ýadygärlikden tapylan adam elinden çykan zatlaryň ýene biri altyn çaýylan keramika önümleridir. Adatça olar orta asyrlarda külalçylygyň merkezleri hökmünde giňden tanalan Merwde, Dehistanda ýasalypdyr. Olaryň bu ýere Beýik Ýüpek ýolundan geçen kerwenler bilen düşen bolmagy mümkin.
Depeleriň kül garyndyly uly gatlaklary pajarlap ösen Paryzdepäniň 1220-nji ýylda Çingiz hanyň goşunlarynyň çapawulçylygynyň pidasy bolanlygyna şaýatlyk edýär. Wagt geçirip, adamlar bu ýerlere dolanypdyrlar. Bu ýerden tapylan köp sanly keramika önümleri, gap-gaçlar XIV-XV asyrlara degişli bolup, olarda ösümlikleriň we haýwanlaryň suratlary çekilipdir.
Paryzdepede durmuş giçki orta asyrlarda-da dowam edipdir, muňa köp sanly arheologik tapyndylar, arhitektura we gala binalary-da şaýatlyk edýär. Garrylaryň aýtmagyna görä, XX asyryň başlarynda-da depäniň demirgazygyndaky erezleriň eteginde güýçli akýan derýa bolup, onda suw harazlarynyň birnäçesi bar eken, çylşyrymly suwaryş ulgamlary bolup, olardan suw Yzganda gelipdir. Paryzdepäniň töwereginde saklanyp galan kiçeňräk garawul diňli gala-howlular şol döwre degişlidir, olaryň haraz eýeleriniň mülki bolmagy mümkin.
Paryzdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu ýeriň Merkezi Aziýada irki ekerançylyk döwründe kemala gelip, ençeme asyrlaryň dowamynda ösen senetgärçilik we oba hojalyk merkezi bolanlygyny görlezýär.
Gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan adam eliniň senedi bolan zatlar gadymy ilatly ýeriň taryhynda täze sahypalary açýar, alymlary özboluşly arheologiýa ýadygärligini mundan beýlägem toplumlaýyn öwrenmäge ruhlandyrýar.