Aşgabadyň köçeleri boýunça uzynlygy 2 müň 320 kilometrden gowrak bolan ýolda altmyşdan gowrak ugur boýunça awtobus gatnaýar. Umumylykda şäher ugurlary boýunça şäher awtobuslarynyň 700-si işleýär, olaryň bäş ýüzden goragy bolsa, häzirki zaman günorta koreýanyň awtobuslarydyr.
Günorta koreýanyň Hundaý kompaniýasynyň awtobuslary şäheriň ulag parkyna ilkinji sapar 2008-nji ýylda gelip gowuşdy. Olary satyn almak häzir hem dowam etdiriilýär. Eýýäm şu ýylyň başynda bu firmanyň awtobuslarynyň ýene-de 90-sy paýtagtyň ýolagçylary üçin iberiler. Ulag parkynyň artdyrylmagy Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň hünärmenlerine awtobuslaryň täze gatnaw ugurlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Awtobuslaryň gatnawynyň ýygylygy ýolagçylaryň sanyna-akymyna baglydyr. Meselem, muňa mysal edip, Brzeňňi – Teke bazar aralygyna gatnaýan 16-njy ýa-da Älem Parahat aralygyna gatýan 29-njy belgileri görkezmek bolýar. Ýolagçylar duralgalarda uzak garaşmaly bolmaýarlar. Awtabuslaryň gatnawynyň aralygy 5-7 mimut. Awtobuslaryň gatnawynyň wagty hem-de awtobuslaryň gatnaw ugurlarynyň karta-çyzgysy her bir duralgada goýlandyr. Kada bolşy ýaly, şäherde duralgalaryň aralygy 300-500 metrden köp däl. Bu bolsa aşgabatlylar üçin örän amatlydyr diýip, Aşgabat şäher ýolagçylar awtoulag kärhanasynyň ýolbaşçysy Myrat Işanow gürrüň berýär.
Bu günki gün şäher ulag parkyna slesarlaryň, motoristleriň, elektriklerň, kuzowçylaryň toparlary ýüzden gowrak hünärmenler hyzmat edýär. Koreýaly önüm öndürijiler 2008-nji ýylda biziň hünärmenlerimiz üçin on günlik okuwlary açdylar.