Paýtagtymyzyň günorta-günbatarynda şäheri gurmagyň 15-nji tapgyrynda iki gatly ýokary amatlykly kottejleriň 200-den gowragy bina ediler. Mundan başga-da bu ýerde 12 gatly jaýlaryň on sekizisi, 3 we 4 gatly jaýlaryň on altysy, söwda merkezleriniň 11-si, çagalar bagy, mekdep, seýilgäh zolagy we durmuş ähmiýetli we dynç alyş infrastrukturasynyň beýleki binalary gurlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bolan gurluşyk firmalary ýokary amatlykly jaýlaryň täze tapgyrynyň gurluşygyny alyp barýar. Häzirki wagtda şahsy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri kottej şäherçesini gurmaga iri iş tabşyryjylar we paýçylar bolup, uly möçberli taslamalary amala aşyrýarlar. Bu ýerde býujet serişdelerini çekmezden özboluşly dizaýnerlik çözgütleri we oňaýlylygy bilen tapawutlanýan döwrebap ýaşaýyş toplumy döredildi.
Täze ýaşaýyş jaýlary diňe bir binagärlik taýdan tapawutlanmaýar. Iş tabşyryjylaryň esasy talaplarynyň biri –keramzit beton we gazbeton kerpiçlerden umumy meýdany 350 inedördül metr bolan häzirki zaman ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän monolit jaý bolmaly. Şonuň üçin esasan 2016-njy ýylda öndürilen ýerli gurluşyk serişdeleri ulanylýar.
Ýokary amatlykly jaýlar taslama boýunça ýada jaýyň geljekki eýeleriniň islegine görä bina edilýär. Birinji gatda dolandyryş pulty bilen açylýan duralga bar. Ýaşaýyş jaý böleginde giň aşhana, myhman jaýy, ýatalga, ammar we santehniki enjamlar otagy bar. Ikinji gatda iş otagy, üç sany ýatalga, eýwana çykalga we iki sany santehniki enjamlar otagy bar. Üçegiň astyndaky jaýlar ýyladyjylydyr. 0,6 gektar ýerde bagjagaz, telär bolar.
* * *
Paýtagtyň gurluşygynyň 15-nji tapgyrynda ilkinji gezek 16 sany 3 we 4 gatly otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýokary amatlykly jaýlar bina ediler, olar daşyndan iki gat kottejlerden tapawutlanmaýar. Keramzitbeton kerpiçden bitewi diwarly, üçegi keramik çerepisaly bolar. Jaýlaryň gurluş tehnologiýasy we ulanylýan serişdeleri meňzeş bolsa-da, olaryň tapawutly ýeri hem bar.
Üç gatly ýokary amatlykly jaýlarda ýolagçy liftleri göz öňünde tutulan. Pes gatly jaýlar merkezi ýyladyş ulgamyna goşular. Her jaýda umumy meýdany 222 inedördül metr bolan otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň altysy bar. Taslamada ýatalgalaryň üçüsi, myhman jaý, giň aşhana, santehniki enjamlar otagy, iki balkon göz öňünde tutulan. Her maşgala üçin ammar bar. Jaýyň gapdalynda öý eýeleri we myhmanlar üçin ýapyk duralgalar, töwereginde çagalar meýdançasy, her dürli baglar bilen bezelen gezelenç zolaklary bolar.
4 gatly jaýlarda hersiniň umumy meýany 253 inedördül metr bolan öýleriň sekizisi bolar. Olarda bäş otag, üç balkon, ammar, giň aşhana göz öňünde tutulan. Jaýlarda liftler bolar.
* * *
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň tabşyrygy boýunça täze ýaşaýyş jaý toplumynda ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 12 gatly jaýlaryň 18-si bina ediler. Her gatda iki sany 4 otagly: biri 210, beýlekisi 205 we 183 inedördül metr üç otagly öýler bolar.
Köp gatly jaýlaryň hersi özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen üpjün ediler. Olaryň töwereginde maşgala dabaralary we sadaka etmek üçin otaglar, çagalar meýdançalary we gezelenç zolaklary bolar.
Wladimir KOMAROW
çeşme: turkmenistan.gov.tm