9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Paýtagtymyzda “Ak Şäherim Aşgabat” Atly Halkara Sergi Öz Işini Tamamlady

Paýtagtymyzda “Ak Şäherim Aşgabat” Atly Halkara Sergi Öz Işini Tamamlady

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Ak şäherim Aşgabat” atly XVI köpugurly halkara sergi öz işini tamamlady. Bu sergi paýtagtymyzyň şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünliklerine hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlandy.

Her ýyl geçirilýän bu forumyň abraýy, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň we daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň gyzyklanmasy günsaýyn artýar. Işewürler Aşgabady ösdürmekde bu ýerde iri halkara işewürlik merkezini döretmek hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belleýärler.

Serginiň giň meýdançalarynda ýurdumyzyň pudak edaralary hem-de hususy kärhanalary şähergurluşyk we dolandyryş ulgamlary, inžener üpjünçilik ulgamlary, ulag we aragatnaşyk, senagat hem-de durmuş düzümleri, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, jemagat tehnikasy we enjamlary, ekologiýa hem-de abadanlaşdyryş ýaly ugurlary hödürlediler.

Sergi halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işini çaltlandyrmakda türkmen paýtagtynyň gazanan üstünliklerini we kuwwatyny, dürli pudaklaryň amala aşyrylýan özgertmelere, bilelikdäki taslamalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň täze teklipleriniň mysalynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gatnaşmagynyň tejribesini görkezdi. Bularyň ählisi sebitiň iri syýasy, senagat we ylmy-medeni merkezi bolan, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin oňaýly şertlere eýe bolan türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek işinde täsirli gurallardyr.

“Ak şäherim Aşgabat” atly serginiň bazaryň talaplarynyň yzygiderli artýan derejesine doly laýyk gelýändigi onuň üstünlige eýe bolmagyny şertlendirdi. Pudagara gatnaşyklar bu babatda uly ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda hünärmenleriň işjeň hyzmatdaşlygynyň wajyplygy ylmy-tehniki ösüşiň täze derejä eýe bolmagy bilen şertlendirilendir. Türkmen paýtagtynyň ösüşiniň innowasion häsiýeti onuň şähergurluşyk maksatnamasynda hem öz beýanyny tapýar. Geçirilen sergi ýakyn wagtda Türkmenistanda ornaşdyrylyp bilinjek iň täze, iň gyzykly we örän ähmiýetli tehnologiýalar bilen tanyşmagyň mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy.

Mysal üçin, önüm öndürijileriň köpüsi energiýany tygşytlaýjy, awtomatlaşdyrylan hem-de kompýuterleşdirilen ulgamlaryň hasabyna şäheriň inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalara üns berdiler. Häzirki wagtda ykjam enjamlaryň, dürli maglumatlary aralykdan bermäge ukyply abzallaryň ähmiýeti artýar. Sergide şol enjamlar hem giňden görkezildi.

Sergi Aşgabat şäheriniň energetika düzüminiň ösüşiniň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi, şähergurluşyk maksatnamalaryny, suw üpjünçilik taslamalaryny durmuşa geçirmekde hususy ulgamyň ornuny açyp görkezdi.

Giň möçberli sergide Türkmenistana gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmaga, welaýatlaryň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaly ugurlary giňden wagyz etmäge hem-de myhmanhana, saglygy saklaýyş we dynç alyş düzümlerini giňeltmäge gönükdirilen, bilelikde üstünlikli amala aşyrylan we geljegi uly taslamalar görkezildi.

Serginiň aýry-aýry bölümleri işewürligiň möhüm ugry bolan ulag we logistika ulgamyna bagyşlandy. Häzirki wagtda bu ulgamlary ösdürmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işler babatda olar aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Obasenagat toplumynda hem telekeçilik üstünlikli ösdürilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça işe işjeň gatnaşýan oba hojalyk we azyk önümlerini öndürijileriň köp sanly diwarlyklary hem muny tassyklaýar. Olar bazaryň täze ugurlaryny hem-de obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilatymyzyň ekologiýa taýdan arassa önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän önümçilik tehnologiýalaryny ynamly özleşdirýärler.

Gözden geçiriliş telekeçileriň halyçylyk, däp bolan senetçilik ulgamynda, şeýle hem milli sowgatlyk önümleri, şol sanda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen önümleri taýýarlamakda gazanýan üstünliklerine baha bermäge mümkinçilik berdi.

Serginiň meýdançalarynda işewür duşuşyklar hem geçirildi. Olarda döwlet derejesinde, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçiliginiň derejesinde dünýäniň şähergurluşyk ulgamyndaky esasy kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Köp pudakly sergi Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly maksatnamanyň aýdyň netijelerini, durmuş düzümini kämilleşdirmäge, abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek işlerine, tutuş şäher hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga toplumlaýyn çemeleşilmeginiň artykmaçlyklaryny açyp görkezdi. Sergi ýurdumyzyň hem-de dünýäniň gurluşyk senagatynyň gazananlary, şäher hojalygynyň döwrebap hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Serginiň işi tamamlanandan soň, ony guraýjylar we gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize myhmansöýerlik hem-de forumyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Üstünlikli tamamlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly XVI köpugurly Halkara sergi şähergurluşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge saldamly goşant boldy. Bu hyzmatdaşlyk bolsa ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam etmelidir.

Degişli makalalar

Ýaşajyk Türkmen Konkiçisi Grazda Bütindünýä Gyşky Ýörite Olimpiýa Oýunlarynda Altyn Medala Mynasyp Boldy

Kuwwatlylygy Ýylda 30 Milliard Kubmetr Gaz Akdyrmaga Niýetlenen «Gündogar-Günbatar» Gaz Geçirijisine Gaz Berlip Başlanyldy

Tatarystanyň Paýtagtynda Aziada-2017-niň Tanyşdyrylyşy Geçirildi