Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsiniň hem-de çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy. Täze degalaryň açylyş dabarasyna paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly şäherliler ýygnandylar. Täze jaýlaryň eýelerini gutlamaga medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, döredijilik toparlary gelip, aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň jaýlarynyň taslamasy olaryň binýadynyň, üçeginiň, diwarlarynyň netijeli çözgütleri esasynda düzüldi. Olaryň suwag işlerinde ýokary hilli iň häzirki zaman gurluşyk we beýleki serişdeler ulanyldy. Bir jaý 54 maşgala niýetlenendir, beýleki üçüsiniň her biri bolsa 36 öýlüdir. Täze jaýlar Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Ösüş gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi
Täze jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr, ol ýerlerde çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirmek üçin meýdançalar hem-de awtoduralgalar peýda boldy.
Bu ýerde “Oguz ýol” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 160 orunlyk çagalar bagy hem bar. Iki gatly mekdebe çenli edara binasy häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr hem-de çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi, terbiýeçileriň netijeli işlemegi üçin hemme şertlere eýedir. Çagalaryň oýnamagy we dynç almagy üçin giň otaglar bilen bir hatarda bu ýerde maslahatlar we sport zallary, lukmançylyk otagy, suwda ýüzülýän howuz bar.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelýändigi hem-de onuň ilatynyň sanynyň artýandygy göz öňünde tutulyp, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň işlenip taýýarlanan taslamalarynyň tanyşdyryşy 2014-nji ýylyň dekabrynda geçirilipdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, köp öýli 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň hem-de beýleki desgalaryň gurulmagy–jemi 2 müň 520 maşgala niýetlenen öýleriň 60-syny, orta mekdepleriň 4-sini, çagalar baglarynyň 8-sini we Saglyk öýüni gurmak göz öňünde tutuldy.