Aşgabadyň gür ilatly ýerinde ulanmaga berlen Saglyk öýi maşgala lukmanlary hem-de beýleki hünärmenler we zerur bolan işgärler bilen üpjün edildi. Ol keseli anyklaýyş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Saglyk öýi maşgala lukmançylygy, enjamlar arkaly anyklaýyş, aýallara maslahat beriş, hirurgiýa, stomatologiýa, fiziobejeriş, bejeriş-bedenterbiýe, barlaghana we gündizki hassahana bölümlerinden ybaratdyr.
“Siemens”, “Storz”, “Olimpus”, “Human”, “Sirona”, “Beka” we “Physiomed” ýaly lukmançylyk tehnikasyny öndürmek ulgamynda öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary tehnologiýaly abzallary we enjamlary hünärmenleriň ygtyýaryndadyr.
Bu ýere gelýänleriň gysga möhletiň içinde zerur bolan maslahatlaryň ählisini almaga we barlagdan geçmäge, soňra bolsa häzirki zamanyň derejesinde bejergi almaga mümkinçiligi bardyr. Bu çäreleriň ählisi bir saglyk öýüniň çäklerinde amala aşyrylýar.
Täze saglyk öýüniň işgärleri fito-bar hem guradylar. Onda näsaglara dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaý we dürli içgiler hödürlenilýär.