Uly sport baýramynyň –Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň – Aziada-2017-niň nyşanlary Aşgabadyň köçelerinde hereket edýän Koreýa Respublikasynda öndürilen, dünýä belli “Hyundai” kysymly ýeňil awtoulagy bolan taksileriň daşky keşbini bezedi.
Türkmen paýtagtynyň ýollarynda özüni oňat taýdan görkezýän bu kysymly awtoulaglarda Aziadanyň nyşanlary – ahalteke bedewiniň şekili, aýdyň öwüşginli tumar hem-de enaýy Wepaly diýen alabaýyň şekili ýerleşdirildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bezelen “Hyundai” “Aero City” kysymly awtobuslar (Koreýa Respublikasy) gatnawa çykdylar, olar diňe bir şäher däl-de, şäherara ugurlarynda hem giňden ulanylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde jemgyýetçilik ulagy sazlaşykly hereket edýär, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda öňde boljak Aziada-2017-de giňden peýdalanyljak awtoulag serişdeleriniň binýadyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň depgini artdyryldy. Awtoulag serişdeleriniň hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, dürli kysymly, amatly awtoulaglary satyn almak barada birnäçe şertnama baglaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylda kabul eden Kararyna laýyklykda, «Hyundai» korporasiýasy bilen«Hyundai New Super Aero City» kysymly şäheriçi gatnawlar üçin awtobuslaryň496-syny, mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin niýetlenen «Hyundai New Super Aero City» kysymly awtobuslaryň 4-sini, şeýle hem olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we çykdajy serişdeleri satyn almak barada şertnama baglaşyldy. Bu awtobuslar eýýäm ýurdumyza gelip gowuşdy hem-de şäheriçi ýolagçy gatnawlarynda üstünlikli hereket edýär.
Munadan başga-da, Türkmenistana eýýäm «Yutong ZK6122Н9» kysymly uly awtobuslaryň 40-sy, «Yutong ZK6729D» kysymly orta derejeli awtobuslaryň 50-si gelip gowuşdy. 2017-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň «Zhengzhou Yutong Bus Co., LTD» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama boýunça amatly awtoulaglar satyn alyndy.
Şeýle hem, «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslaryň 50-sini, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 200-sini hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we çykdajy serişdeleri satyn almak barada şertnama baglaşyldy.
Oýunlaryň öň ýanynda türkmen paýtagtynyň awtomobil ýollary hem özgerdi. Iň köp gatnawly ýollar döwrebaplaşdyryldy, Köpzolakly täze awtoulag aýrytlary, ýerasty we ýarüsti pyýada geçelgeler guruldy.