9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Pederlerimiziň Dag Gaýalarynyň Içinde Gazan Guýylary Köýtendagyň Gözel Ýerleriniň Biridir

Pederlerimiziň Dag Gaýalarynyň Içinde Gazan Guýylary Köýtendagyň Gözel Ýerleriniň Biridir

Köýtendagyň belent gaýalarynda gadymdan galan üç guýy bar. Jöwzaly yssyda olaryň arassa sowuk suwundan teşneligiňi gandyranyňda daşlaryň arasynda şeýle guýy gazanlaryň ussatlygyna „Aperin“ diýýärsiň.

Ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag diňe bir ençeme millionlarça ýyllaryň dowamynda kemala gelen tebidy gözelligi—ertekilerdäki ýaly gowaklary, durnagöz tämiz suwly çeşmeleri we gadymyýetde ýaşap giden jandarlaryň aýak yzlary bilen giňden tanalmaýar. Bu ýerde özboluşlylygy, üýtgeşikligi bilen göreni haýran edýän adam eliniň hünärinden dörän ýadygärlikler-de kändir.
Meselem, şu ýerlerde ýaşan dag ilaty daş gaýalarynyň arasyndan aryk çekip, dag etegindäki baýyrlarda ekin ýetişdirdirler. Özem ara şeýle daş bolsa-da, dag suwundan gaty rejeli peýdalanypdyrlar. Olar gaýalarda jaý gurnup, galla ekipdirler, mal bakyp, küýzegärlik bilen meşgullanypdyrlar.

Köýtendagda, Hojapil obasynyň golaýynda deňiz derejesinden 2600 metrden belentlikde arassa suwly üýtgeşik bir guýy bar. Ony şu obada geçen asyryň başynda ýaşap geçen Ahmethajy ussa gazypdyr. Onuň üýtgeşikligi –onuň dag iň depesinde ýeleşýänligidir. Guýynyň diwarlary daşdan bolup, olar hiç zat bilen berkidilmändir. Ýylboýy suwy şol bi derejede saklanýar—ýagny edil erňeginde bolansoň ony arkaýyn eliň bulgurly hem susup alsa bolýar. Jöwzaly yssy tomus günleri onuň arassadan sowuk suwy teşneligiňi gandyrýar. Indi ençeme ýyllar çopanlar, awçylardyr syýahatçylar onuň jana şypa suwundan içip gelýärler.
Hojaisbet ata diýlen ýerem keramtly saýylýr. Ýurdumyzyň çar künjeginden bu ýere zyýarata gelýärler. Kärine ussadyň elinden çykan guýynyň süýji suwuny dadanlar ony gazana alkyş aýdýarlar.

Deňiz derejesinden 2800 beýiklikde ýerleşýän Meýdan diýlen ýerde hem daş guýy bar. Ony ussalar 1935-1936-njy ýyllarda gazypdyrlar. Beýlekilerden tapawutlylykda onuň diwarlary we düýbi arça bilen berkidilipdir, ýöne 12-13 metr çuňlukdaky suwy birneme ýogynrak gelýr. Geçen asyryň ortasyna çenli bu ýerde gyşa çenli mal bakypdyrlar, düme galla ekipdirler, guýy suwny agyz suwy hökmünde ulanypdyrlar. Ol häli-häzire çenli ýolagçylary sowuk suwy bilen gandyrýar.
Pederlerimiziň gazyp giden guýylary häzirem adamlaryň hyzmatynda. Dag depelerinde arassa sergin suwly guýylara gabat gelenler ata-babalarymyzyň zähmetsöýerligini we ussatlygyny alkyşlýarlar.

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri tebigaty goramak bilen birlikde daş guýylaryňam saklanyp galmagy we arassalygy üçin hem alada edýärler. Olar ýerli ilat syýahatçylar üçin adam eliniň hünäri bolan ýadygärlikleri saklap galmaga gönükdirilen ekologiýa-düşündiriş çärelerini guraýarlar.

Degişli makalalar

DIM-de «Ýaşyl Merkezi Aziýa» Maslahatynyň we Daşky Gurşaw we Howanyň Üýtgemegi Boýunça ÝB-MA Iş Toparynyň Mejlisiniň Jemleri Boýunça Seminar Geçirildi

Özbegistan syýahatçylyk pudagynyň tanyşdyrylmagy üçin uly tagalla edýär.

syrach

Türkmenistanyň Konstitusiýasy – ýurdyň demokratik

syrach