10-njy sentýabrda Pekinde badalga alan retro-awtoulaglaryň halkara «Pekin-Pariż» rallisi düýn türkmen paýtagtyna geldi. Jemi 37 günüň dowamynda dünýäniň ýurtlarynyň 20-sinden oňa gatnaşyjylar köne we seýrek duş gelýän awtoulaglarda ýurtlaryň 11-siniň territoriýasy boýunça 14 müň 360 kilometr aralygy geçmelidirler. Köp babatlarda retro-awtoulaglaryň ýoly gadymy Beýik Ýüpek ýoly bilen gabat gelýär. Bu çäre Beýik Britaniýanyň ralliçileriniň Assosiasiýasy -The Endurance Rally Association Ltd tarapyndan guraldy. Bu çäräniň esasy maksady awtoulag sportuny we sagdyn ýaşaýyş – durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden ybaratdyr.
Düzüminde zenanlaryň wekilleri hem bolan awtoulag bäsleşigine gatnaşyjylar dürli ýaşlardaky adamlardyr. Olary guryýer syýahatlaryna bolan höwes birleşdirýär, we öz sözleri bilen aýdylanda şeýle bäsleşik tebigatyň gözelliklerine tomaşa etmäge, dürli ýurtlaryň we halklaryň taryhy bilen tanyşmaga, adamlar bilen pikir alyşmaga we galyberse-de, ýollarda gutulgysyz ýüze çykýan başdan geçirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolmaga mümkinçilik döredýär.
– Ralli ulaglaryň beýleki görnüşlerinde syýahat edýän jahankeşdeler üçin elýeterli bolmadyk mümkinçilikleri döredýär. Şunda hem biz onuň uly artykmaçlygyny görýäris – diýip, «Pekin-Pariż-2010» awtoulag bäsleşiginiň guramaçylarynyň biri Toni Jons TDH-nyň habarçysyna gürrüň berdi. – Türkmenistana ýene gelendigime şatdyryn. Men siziň ýurduňyzyň paýtagtyny ilkinji gezek üç ýyl mundan ozal görüpdim. Ýöne şu gysga wagtyň dowamynda ol öňküden-de ajaýyp we owadan keşbe giripdir. Monumental desgalaryň gurulmagy arkaly Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülipdir.
– Diňe belli syýasatçy hökmünde däl, eýsem sagdyn ýaşaýşyň işjeň wagyzçysy hökmünde hem meşhurlyk gazanan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtda we welaýatlaryň her birinde häzirki zaman awtodromyny gurmak baradaky karary bizi örän şatlandyrdy – diýip, awtoulag bäsleşiginiň guramaçylarynyň ýene biri Dankan Milligan gürrüňe goşuldy. – Döwlet Baştutanynyň bu ähli tagallalary Türkmenistanda awtoulag sportuny ösdürmäge gürrüňsiz kuwwatly itergi berer – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ilkinji gezek Pekin-Pariż gatnaw ugry boýunça awtoulag bäsleşigi 1907-nji ýylda geçirilipdi. Häzir şol taryhy ralliniň ýaşytdaşy -»Itala-40″ awtoulagy «pionerler» diýlip atlandyrylýanlaryň, ýagny 1921-nji ýylda öndürilen ulaglaryň başyny çekip barýar. «Wintaż» toparynda bolsa 1941-nji ýyla çenli öndürilen awtoulaglar bar. Galyberse-de, iň ahyrky «nusgawy» topar diýilýäniň düzümine 1968-nji ýyla çenli öndürilen awtoulaglar girýärler.
«Pekin-Pariż» awtoulag bäsleşiginiň wekilleri tarapyndan oňa gatnaşyjy gadymy awtoulaglaryň jemi 100-den gowragy hödürlenipdi. Hytaýyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň ýollary boýunça hereket etmegiň barşynda ulaglaryň 10-a golaýy hatardan çykdy. Galanlary özleriniň ýoluny dowam etdirip, şol sanda ýoluň Farap-Türkmenabat-Mary-Aşgabat bölegini sag-aman geçdiler.
Şu gün «Pekin-Pariż-2010» rallisine gatnaşyjylar türkmen-eýran serhedinden geçdiler. Soňra bolsa Türkiýäniň, Gresiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň ýollary boýunça özleriniň hereketini dowam etdirerler. 16-njy oktbýarda bolsa Pariżde onuň pellehana ýetmegi bellenilendir.
referans: www.turkmenistan.gov.tm