Iňlis dilinde neşir edilýän žurnalyň tematiki sany «TDH» agentliginiň we „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maglumat taýdan goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanyldy.
«Lookwee» žurnalynyň ýörüte sany hytaýly okyjylary we Pekinde ýerleşýän daşary ýurtly diplomatlary şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek we ony mynasyp geçirmek üçin Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem ýudrduň içeri we daşary syýasatynda gazanan häzirki üstünlikleri, türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary wagyz etmäge niýetlenendir. Onda sebitde iň iri köpugurly sport toplumy bolan Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň binalary barada jikme-jik gürrüň berilýär.
«Lookwee» žurnalynyň HHR-yň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini, onuň Pekinde ýerleşýän daşary ilçihanalaryna we halkara guramalaryna ýaýradylýandygyny bellemek gerek.