Merkezi Aziýadaky häzirki tebigy sähraýy pisse tokaýlary gadym döwürlerde giň ýaýran jeňňeliklerinden galanlarydyr.Türkmenistanda olaryň iki görnüşi—hakyky we Badhyz pissesi gabat gelýär, Ortaýer deňzinde we Aziýada olaryň seýrek ösýän ýerlerinde 20-ä golaý görnüşi bar. Alymlar ýabany pissäniň tebigy şertlerde ösýän ýerlerini öwrenýärler, onuň medeniýetleşdirilen görnüşlerini köpeltmek üçin onuň iýmitlik, dermanlyk we biogenetik sypatlaryna ýokary baha berýärler.
Biziň ýurdumyzda onuň tebigy jeňňellikleri döwlet tebigy goraghanalarynda goralýar, has gadymy sähraýy görnüşleri Badhyzda duş gelýär, Günorta-Günbatar we Gündogar Köpetdagda, şeýle hem Köýtendagda kiçeňräk meýdanlarda ösýär. Köpýyllyk emeli tokaý baglary ylmy, agaç ekmeklik we gözellik maksatlary üçin Aşgabadyň golaýynda, Köpetdagyň eteginde döredili. Badhyzdaky pisselikleri ilkinjileriň biri bolup alym Igor linçewkiý, ondan birz soňra Orta Azýanyň, şol sanda Badhyzyň pisseliklerini öwrenen botanikaçy Konstantin Popow dagy ýazyp beýan etdiler.
Ýurdumyzda pisse türkmen ortadaglykdan belentde ösmeýär, olaryň ýanynda guraklyga durnukly tokaý osümlikleri, meselem türkmen badamy ösýär. Çölleşen pisseleriň golaýynda ýowşan ýaly ösümlikler ösýär. Pissäniň ýabany görnüşi köplenç köpşahaly pessejik agaçlardyr ýa-da gür ýaprakly gyrymsy ösümlikdir, ýaş baglar has garamtyl reňkli bolýr. Ýapraklary, hamala iki-üç ýaprakdan ýasalan ýaly öte dykyz bolýar. Miwesi tagamly, düzüminde ösümlik ýaglary, uglewodlar we mineral maddalardyr witaminler kän. Ayklyk häsiýeti boýunça hozdan we badamdan ýokarydyr. Onuň ösümlik bölegi reňk, aşgar, ýlpyldyly reňkleri öndürmekde ulanylýar.