15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz “Kazakstan Temir Joly” Müdiriýetiniň Başlygyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kazakstan temir joly” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Askar Mamini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga we ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewyň mähirli salamyny, dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Gazagystanyň döwlet ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, bu dostlukly ýurt bilen Türkmenistany hakyky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. 

Milli Liderimiz netijeli türkmen –gazak gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatiki, söwda –ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belläp, tutuş sebitiň bähbitlerine hyzmat edýän oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.

Hususan-da, ulag pudagy ýaly strategiki ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alyp maslaşahlaşmagyň aýratyn meselesi boldy, bu ugry ösdürmäge iki ýurt hem uly ähmiýet berýär. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň gurluşygy üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr, bu demir ýol häzirki wagtda gurluşygy amala aşyrylýan “Demirgazyk-Günorta” halkara ähmiýetli ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolar. 

Geçen ýylyň dekabr aýynda üç ýurduň arasynda demir ýol gatnawynyň açylmagy yklymüsti gatnawlaryň täze köprüsine öwrülip, Ýewraziýa yklymynda bitewi ulag ulgamyny ösdürmäge uly goşant boldy. 

Duşuşygyň çäklerinde “Kazakstan temir joly” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taslamalary, hususan-da, hazarüsti we “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça üstaşyr gatnawlary giňeltmek hem-de ýük gatnatmagyň möçberini artdyrmak we logistika hyzmatyny ýola goýmak boýunça taslamalary hödürledi.

Deslapky hasaplamalar boýunça sebitde söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini nazara almak bilen, eýýäm 2020-nji ýyla çenli Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça ýük daşalyşynyň möçberi 15 million tonna ýetirilip bilner. Munuň özi degişli üstaşyr girdejileri, bilelikdäki işlerden özara bähbitleri almaga we taslama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder, şol ýurtlaryň Pars aýlagynyň portlaryna hem-de geljegi uly Hindistanyň bazaryna çykmagy üpjün ediler. 

Hytaýdan “Demirgazyk-Günorta” we “Günbatar-Gündogar” ulag geçelgeleriniň üsti bilen üstaşyr gatnawlary ep-esli artdyrmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Lýanýungan portunyň (Hytaý Halk Respublikasy) mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly ýük gatnawlaryny ösdürmek boýunça taslama hem ýokary gyzyklanmalara eýe bolýar. 

Jenap Askar Mamin türkmen Lideriniň döwletara gatnaşyklaryny deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýmaga oňyn çemeleşýändigi, sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary üçin hoşallyk bildirip, kuwwatly ulag-üstaşyr düzümini kemala getirmäge gönükdirilen we eýýäm durmuşa geçirilen hem-de amala aşyrmaga taýýarlanylýan iri möçberli taslamalaryň diňe bir özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam bermek bilen çäklenmän, goňşy halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orman Nurbaýew gatnaşdy.

Degişli makalalar

NASA Howa Çalşygy Boýunça Emeli Hemra Uçurdy.

syrach

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty.

syrach

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi