13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş Arçanyň Ýanyndaky Dabaralara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş Arçanyň Ýanyndaky Dabaralara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalar bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp dabaralaryň şatlygyny paýlaşdy.

Bu ýerde öwşün atýan äpet arçanyň töwereginde arçajyklardan doly tokaý peýda bolana çalymdaş hem-de göýä çaga hyýallaryndan dörän kiçiräk ertekiler şäherçesi peýda bolup, ol täze ýyl täsinlikleriniň we garaşylmadyk sowgatlaryň tolgundyryjy dugularyny döredýär. Körpeler bu ýere gelip, örän haýran galýarlar, täsinliklerden we başdan geçirmelerden, söýgüli multfilmlerindäki ajaýyp gahrymanlardan doly bu jadyly patyşalyk bilen tanyşmaklaryny dowam edýärler. Bu ýerde ýaňlanýan ajaýyp saz meýdança ýygnananlaryň ählisini özüne maýyl edýän seýle çagyrýar.

Şu günler bu ýere köpsanly çagalar, şol sanda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalar ýygnanýar. Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmaga çakylygy oňat okaýanlar, ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri hem-de çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalar aldylar.

Ine, bu gün hem bu ýere ýygnanan çagalar baýramçylygyň baş gahrymanlary hem-de hemişelik hemralary Aýazbaba bilen Garpamygy uly şatlyk bilen garşyladylar. Myhmanlaryň arasynda hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi bar

Ýöne döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine garaşylmagy esasy habar boldy. Çagalar bu barada eşidip, tüýs ýürekden begendiler. Çünki ýurdumyzyň Prezidenti bilen bilelikde baýramçylyga gatnaşmak uly hormat we ýatdan çykmajak wakadyr. Hormatly Prezidentimiz bilen iň oňat pikirler, geljegi bolan arzuwlar, umutlar baglydyr.

Döwlet Baştutanymyz işiniň köpdügine garamazdan, Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşmak üçin wagt tapyp, her ýyl kanagatlanma bilen barýar. Hormatly Prezidentimiz çagalar bilen gürrüňdeş bolmagy halaýar hem-de atalyk mähri we aladasy bilen garaýandygy sebäpli olaryň ählisi döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden ynanmak bilen jogap berýärler. Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesil bilen her gezekki söhbetdeşligi Watanymyzyň geljegi, onuň ertirki güni baradaky gürrüňdeşlige öwrülýär.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň ýanynda saklanýar. Bezelen lybasdaky çagalar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar. Çagalar döwlet Baştutanymyzy belent heňde şatlykly we goşgy setirleri bilen garşylaýarlar.

“Älem” merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy çagalar döredijilik toparlary aýdym-sazlar, tanslar bilen garşylaýarlar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň dillerinden döwlet Baştutanymyza aýdylýan gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar belent heňde we tüýs ýürekden ýaňlanýar.

Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna gatnaşýanlaryň ählisi bilen mähirli salamlaşýar. Aýazbaba bilen Garpamyk hormatly Prezidentimize çagalar hakyndaky, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin örän amatly şertleri döretmek baradaky yzygiderli aladalary üçin ýaş türkmenistanlylaryň adyndan hoşallyk bildirýärler.

Soňra ýaş artistleriň–aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlanýar. Olar çykyşlaryny şatlykly we täsin hereketler bilen ýerine ýetirip, bu ýere ýygnananlaryň ählisinde göwünaçyklyk we ruhubelentlik döredýär. Sahna meýdançasynda ajaýyp çykyş eden “ýyldyzjyklaryň” arasynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda, paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde terbiýelenýänler, şol sanda “Ruhubelent çagalar”, “Joşgun”, “Galkynyş” tans toparlaryna, “Mukam” skripkaçylar toparyna, “Güneş” hor toparyna gatnaşýanlar we beýlekiler bar.

Bu toparlaryň ählisi ýurdumyzda giňden bellidir, olar köpsanly döwlet bäsleşiklerine hem-de halkara döredijilik festiwallaryna gatnaşyjylardyr. Ýörite Täze ýyl baýramyna gabatlap, olar bilelikde täze maksatnamany taýýarlap, oňa häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň we şahyrlarynyň aýdymlaryny, nusgawy eserleri, wals mukamlaryny hem-de halk döredijilik äheňleri boýunça, mysal üçin, “küşdepdi” halk tansy boýunça horeografiýa çykyşlaryny goşupdyrlar.

Owadan egin-eşikler, şol sanda türkmen ertekileriniň hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlarynyň egin-eşikleri çykyşlara öwüşgin çaýdy.

Çagalara we ululara oňat tanyş bolan jadyly wakalaryň göýä janlanan ýaly bu gahrymanlarynyň ählisi hem-de tamamlanyp barýan 2016-njy ýylyň nyşany bolan galjaň maýmyn we ýetip gelýän 2017-nji ýylyň nyşany bolan buýsançly horaz şadyýan baýramçylyga gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň çykyşlaryna kanagatlanma we uly gyzyklanma bilen syn etdi. Olaryň zehinleri ählimizde buýsanç döredýär. Sebäbi öz başarnyklaryny amal etmek üçin hemme mümkinçiliklere eýe bolan zehinli ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän durmuş we bilim özgertmeleriniň netijeliliginiň iň oňat görkezijisidir.

Ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek üçin zerur şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň şunuň ýaly aladasynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş türkmenistanlylar döredijilik, aň-düşünje ukyplaryny işjeň ösdürýärler, sport bilen meşgullanýarlar. Çagalar abraýly bäsleşiklere we ýaryşlara gatnaşyp, daşary ýurtlarda hem ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyna hem-de BMG-niň Eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen birnäçe beýleki wajyp resminamalaryna goşulan Türkmenistan üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny dünýä jemgyýetçiligine yzygiderli görkezýär. Ýurdumyzda gurulan we gurlýan iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler hem-de mekdebe çenli çagalar edaralary, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary munuň subutnamasydyr. Ajaýyp tebigy künjekdäki Gökderede hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çagalar sagaldyş merkezleri işjeň dynç almak üçin ajaýyp şertlere eýedir. Olaryň hatarlary bu gün täze binalar bilen barha artýar.

… Ajaýyp çykyşlaryň barşynda çagalar döwlet Baştutanymyza Täze ýyl arçasynyň daşyndan gol tutuşyp bilelikde aýlanmak barada haýyş bilen ýüzlenýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleriň söýgüli baýramçylygynyň şatlygyny çagalar bilen paýlaşdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy çagalaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Täze ýyl baýramyndan ýadygärlik hökmünde çagalaryň haýyşy boýunça döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda ýaş türkmenistanlylar bilen surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara bagtyýar Täze ýyly, gyşky dynç alşy ajaýyp geçirmegi, okuwlarynda üstünlik, ýürekdäki arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, olaryň ählisiniň iň oňat milli däplerimizi mynasyp dowam etdirijiler, ata-babalarymyzyň parasatly öwüt-nesihatlarynyň mirasdüşerleri hem-de Watanymyzyň hakyky eýeleri bolup ýetişjekdiklerine, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine özleriniň goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz joşgunly döredijilik, sungatyň üsti bilen öz başarnyklaryny görkezen dabara gatnaşanlaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Bu ýerde Täze ýyl şüweleňiniň baýramçylygy dowam etdi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýolbaşçylary garşyladylar. Olar hem öz çagalary we agtyklary bilen gelipdirler.

Hormatly Prezidentimiz ýaş türkmenistanlylary hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisini Täze ýyl bilen gutlady we ösüp gelýän ýaşlara oňat okap, ýurdumyzyň mynasyp raýatlary bolup ýetişmegi, şadyýan we hemişe bagtly bolmagy arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň körpe nesilleriň hemmetaraplaýyn, sazlaşykly ösmegi ugrunda yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalaryň döwrebap bilim almagy dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy üçin zerur şertleriň döredilendigini, Gökderedäki ajaýyp tebigy künjekde hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we ähli welaýatlarda çagalar sagaldyş merkezleriniň işjeň dynç almak üçin ajaýyp şertlere eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz körpe nesilleriň ene-atalaryna hemmetaraplaýyn edepli-tertipli çagalary ösdürip ýetişdirýändikleri üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Ýurdumyzyň geljegi häzirki ýaşlara baglydyr, şoňa görä-de, bagtyýar körpeler biziň aýratyn buýsanjymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň tamamlanyp barýan pursatlarynda duşuşýandygyna şatdygyny belledi. Şeýle hem çagalaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmegi üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” ýaly bäsleşikleriň geçirilýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary baramçylyk bilen ýene-de bir ýola gutlap, aýdym-sazly çykyşlara badalga bermeginiň öň ýany, körpelerden tamamlanyp barýan bijin ýylynyň ýerine gelýän ýylyň näme ýyldygyny sorady. Körpeler döwlet Baştutanymyzyň sowalyna agzybirlikde: “Towuk ýyly” diýip jogap berdiler!

–Bu ýere Aýazbabany we Garpamygy çagyrmak üçin biz bilelikde aýdym aýtmaly ýa-da goşgy okap bermeli– diýip, hormatly Prezidentimiz körpelerere ýüzlenip aýtdy.

Şadyýan Täze ýyl sazy ýaňlandy we döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyga gatnaşyjy körpeler bilen köp dürli reňkli şarlar, yşyklandyryjylar, owadan oýnawaçlar we garjagazlar bilen ajaýyp bezelen arçanyň ýanyna tarap ugrady.

Owadan bezegler hem-de Täze ýyl öwüşginleri bilen ajaýyp bezelen uly zalda joşgunly aýdym-sazly, tansly we goşgy setirleri ýaňlanan ajaýyp çykyşlar ýaýbaňlandy.

Bu ýerde Aýazbaba dabara gatnaşyjylary arçanyň daşyna düzülmäge çagyrýar we Täze ýyla bagyşlanan döredijilik-zehin bäsleşigini açýar.Bu bäsleşikde çagalar aýdym aýdýarlar, goşgy okaýarlar, tans edýärler. Soňra olar ilkinji notalary çalnanyndan onuň nähili aýdymdygyny bilmeli boldular. Kerim Berdimuhamedowyň ýerine ýetirmeginde sazyň ilkinji owazlary ýaňlanan dessine, çagalaryň hemmesi bilelikde: “Jüýjelerim!” diýip, jogap berdiler.

Jüýjeler baradaky şadyýan aýdymy dogry bilip, körpeler meşhur aýdymyň joşgunly owazyna tans etdiler. Bu tans Gündogar senenamasy boýunça towuk ýylynyň öz hereketine girişmegine özboluşly çakylyga öwrüldi.

Çykyşlaryň dowamynda tomaşaçylaryň öňünde iň oňat çagalar döredijilik toparlary, meşhur estrada aýdymçylary, folklor ýerine ýetirijiler, görnükli şahyrlar, teatr we kino artistleri öz sungatyny görkezdiler.

Bu ýerde oturdylan arça älemgoşar şuglaly öwşün atýar, tomaşaçylary şadyýan sahna çykyşlary bilen güýmeýän teatr we sirk artistleriniň egin-eşikleri dabara baýramçylyk öwüşginini çaýýar. Nurana ýüzleri bagtyýar ýylgyryşdan doly çagalary Aýazbaba we Garpamyk hoşniýetli arzuwlar bilen gutlaýar.

Ýurdumyzyň ussat we çeper höwesjeň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly, tansly çykşlary baýramçylyk konsertiniň güllerden boglan çemeni emele getirdi. Şonda ýaş artistler öz zehinini görkezdiler. Joşgunly mukamlar belent heňde ýaňlanýar, halk aýdymlarynyň yzy üzülmeýär, nusgawy eserleriň häzirki zaman görnüşde işlenen sazlary ýaňlanýar, tans sazynyň joşgunly depginleri hemmeleri agzybirlik bilen tans etmäge iterýär.

Ýaş tansçylar we aýdymçylar tomaşaçylary şowhunly çykyşlary we özüne çekijiligi bilen bendi etdi, degişme sahnalaryny ýerine ýetiren körpeler bolsa hemmelere egsilmez gülki we oňat, hoşniýetli degişmeden mähirli duýgulary bagyş etdi. Şeýle degişmeler adaty durmuşymyzda hemişe orun alyp, sadalygynyň we tebigylygynyň parasady bilen bezeýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk topary hem-de ýaş žonglýorlar, Türkmen döwlet sirkinde bu görnüş boýunça halypalaryň ýolbaşçylygynda tälim alýan çagalar öz çalasynlygy bilen ajaýyp duýgulary döretdi.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri “Täze ýyl mukamlary” diýen at bilen taýýarlan çykyşlaryna çagalary hem çekip, bu ýere ýygnananlara saz çemenini bagyşladylar.

Soňra ýurdumyzdaky daşary döwletleriň ilçihanalarynyň işgärleriniň çagalary dünýäniň dürli dillerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de bu ýere ýygnanan ähli deň-duşlaryny tüýs ýürekden gutladylar.

“Baýramçylyk walsy” hem ýaş skripkaçylaryň ajaýyp ýerine ýetirmeginde hemmeleri täsin mukamyň ruhuna gaplady. Olaryň ýerine ýetirýän sazyna tansçy jübütler–ýaş oglanlaryň gara egin-eşikdäki hem-de gyzlaryň ak reňkli toý köýneklerindäki hereketleri Wena walslarynyň şasy Iogann Ştrausyň ýaňlanýan baky sazynyň dünýä nusgawy eseridigini ýüze çykardy, bu sazyň bakylygyny bolsa hemme diňleýjiler duýup bildiler.

Konsertde häsiýetli etnografiýa aýratynlyklaryna, gaýtalanmajak halk mukamyna, täsin aýdym aýdyş tärlerine ýugrulan hem-de türkmenleriň gadymy däp-dessur tanslarynyň mazmunyny we güýjüni ýetirýän horeografik hereketler bilen ýüze çykarylan çuňňur özboluşly türkmen äheňleri aýratyn-da milli öwüşginli ýaňlandy.

Ýaş ertistler hem-de baýramçylyga gatnaşyjylar tarapyndan agzybirlikde we joşgunly ýerine ýetirilen asyrlaryň jümmüşinden we müňýyllyklardan geçip, ýetirilip gelnen baky juwan “Küştdepdi” munuň iň oňat mysaly bolup hyzmat etdi.

Ösüp gelýän artistler, türkmen sahnasynyň dogup gelýän ýyldyzlary türkmen medeniýetiniň, sungatynyň geljeginiň ygtybarly ellerdedigini ynandyrjylykly görkezdi. Milli mirasyň baýlygyny özüne siňdirip, ondan ylham we täze pikirleri alyp, olar şeýle hem dünýäniň toplanan medeni gymmatlyklaryny aýdyň duýgular bilen kabul edýär, hemme täzelikler we gyzykly zatlar üçin açykdyr.

Döredijilik bäsleşigiň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň agtyklary hem çykyş edip, ýokary derejeli di-jeý ajaýyp saz guralynda (Pioneer DJ) şowhunly sazlary ýerine ýetirdiler. Olar şeýle hem tans etdiler hem-de iňlis dilinde aýdym aýdyp berdiler. Döwlet Baştutanymyz bolsa ýaş ýerine ýetirijileriň joşgunly hereketleiniň üýtgeýşini hem-de olaryň döredijilik ylhamlarynyň pursatlaryny inçelik bilen duýup, aýdymyň sazyny ýerine ýetirdi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça onuň ähli görnüşleriniň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy. Baş baýragyň eýesine bolsa sylag hökmünde äpet tort gowşuryldy. Ýeňiji bu sylagyny Täze ýyl baýramçylygynyň hemme myhmanlary bilen paýlaşdy.

Baýramçylyk dabaralary bu ajaýyp pursatlara hemmelerde bagtyýar gülküleri we ajaýyp şatlygy paýlap, Täze ýyl gijesinde ýurdumyz boýunça belent päk duýgulara beslenmek üçin barha giň gerim alýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan 2017-nji ýyly jebis, uly we agzybir maşgala bolup garşylaýar. Goý, durmuşymyzyň her bir güni ýagşy umytlaryň çyragy, täze üstünlikleriň şatlygy bilen dolsun, biziň alyp barýan işlerimiz bolsa Watanymyzyň şöhratyny artdyrsyn!

Degişli makalalar

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ählumumy Logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň Başlangyçlary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

Onlaýn Teleýaýylym

turkmenhabargullugy