9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere, oba hojalygynda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreleriň amala aşyrylyşyna, medeni-durmuş ähmiýetli wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Iş maslahatyna gatnaşyjylar Täze ýylda geçirilýän ilkinji wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimizi Täze ýyl bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitde ýaýbaňlandyrylan Täze ýyl baýramçylyk dabaralary hem-de mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşy mynasybetli guralýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini bökdençsiz ýola goýmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. Mundan başga-da, häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, oba hojalyk tehnikasyny möwsüme taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler, mallaryň gyşladylyşy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Hatyra güni mynasybetli Gökdepede geçiriljek çärelere ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we Hatyra mynasybetli guralýan çäreleriň guramaçylyk derejesine üns bermelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz oba hojalygynda agrotehniki çäreleri geçirmek, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýazky möwsüme ýokary derejede taýýarlyk görmek, şeýle hem mallary dok we ýyly gyşlatmak bilen baglanyşykly işleri häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda bina edilýän desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşyk işlerini, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň ýyladylyşyny, elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda häzirki döwürde sebitde durmuşa geçirilýän çäreler, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça düzülen iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, welaýatyň hojalyklarynda mallara gyş möwsüminde göwnejaý ideg etmek maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitlde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşyny guramaçylykly geçirmek gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Häkim hasabatynyň barşynda welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamynyň işleýşi barada aýtdy.

Milli Liderimiz degişli düzümler bilen bilelikde sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijellliligini ýokarlandyrmak, toplumy sazlaşykly ösdürmek we gyş möwsüminde mallaryň baş sanyny abat saklamak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sebitde ekerançylyk ýerlerine haýsy ekinleri ekmegiň maksadalaýyk boljakydygyny häzirki günlerden kesgitlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatda bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýynyna hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojlayk tehnikalaryny ýaz ekişine göwnejaý taýýarlamak, pudakda alnyp barylýan agrotehniki çäreler hem-de mallara gyş möwsüminde gowy ideg boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň çäklerinde gurluşyga alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, sebitiň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriniň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini yzygiderli ýola goýmak babatda işlenip taýýarlanylan iş tertipnamasy hakynda habar berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk işleriniň giň gerimde ýaýbaňlandyrylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny göwnejaý derejede saklamak, ýaz ekişi möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmek, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde welaýatda Täze ýyl baýramçylyk dabaralaryny, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Welaýatda bina edilýän desgalarda, aýratyn-da, durmuş maksatly binalarda gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladylyşyny, olaryň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi M. Joraýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, esasan-da welaýatyň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, ýetip gelýän ýazky ekiş döwrüne görülýän taýýarlyk hem-de mallary gyşlatmak babatda alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Häkim şeýle hem Lebap welaýatynda Täze ýyl baýramçylygynyň garşylanyşy we bu nurana baýramçylyk bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda, senagat düzümini pugtalandyrmak, aýratyn hem oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy. Şu babatda ýazky ekiş möwsüminiň hem-de mallary dok we ýyly gyşlatmagyň oba hojalygynda möhüm işlerdigini belläp, milli Liderimiz geljekki hasylyň ykbalyny kesgitleýändigini aýtdy hem-de bu ugra degişli anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda bina edilýän desgalarda, aýratyn-da, möhüm ähmiýetli desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz oba hojalyk meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, welaýatda degişli tehnikalaryň gowaça ekişine taýýarlygyny seljermegi gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekiş möwsüminiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi üçin agrotehniki çäreleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada häkime degişli görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahatynda milli Liderimiz işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin A.Baýramgulyýewi Birata etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak we bu wezipä B.Gapurowy bellemek hakyndaky Permanlara, şeýle hem A.Begliýewi Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana, P.Kurbanowy Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra göni aragatnaşykdaky wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler, şol sanda ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk hem-de uzakdaky öri meýdanlarynda bakylýan mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli welaýatda dowam edýän dabaraly çäreleriň geçirilişi barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, häkim çagalaryň gyşky dynç alyş döwründe olaryň ençemesiniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky welaýatyň sagaldyş-dynç alyş merkezine ugradylandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän çäreleriň depginlerini ýokarlandyrmak we netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz, hususan-da, welaýatda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy, oba hojalyk tehnikalarynyň gowaça ekişine taýýarlygyny doly üpjün etmek üçin olary gözden geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Başutanymyz şonuň ýaly-da, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekiş möwsümini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin agrotehniki çäreleriň depginini güýçlendirmegiň, gyş möwsüminde mallaryň baş sanyny abat saklamak boýunça işleri üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuşy baradaky meseläniň üstünde durup geçip, milli Liderimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň gyş möwsüminde ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mary döwlet elektrik stansiýasynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Bu babatda häkime degişli tabşyryklar berildi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çagyryldy. Ol häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylan çäreleriň geçirilişi, çagalaryň gyşky dynç alşynyň dowam edýän gyzgalaňly döwründäki gyzykly çäreleriň guralyşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda bina edilýän möhüm ähmiýetli desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şonuň ýaly-da, milli Liderimiz şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşynyň we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilişiniň berk gözegçilikde saklanmagyna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny artdyrmaga we umuman, mähriban Watanymyzyň gülläp-ösmegine gönükdirilip, olaryň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleriň çözülmeginde üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Resul Gylyjowyň Ýolbaşçylygyndaky Simfoniki Orkestr we Tanymal Aýdymçy-Sazandalar Türkmen Kompozitorlarynyň Eserlerini Ýerine Ýetirdiler

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täze Zaman” Ýaşaýyş Toplumynyň Täze Tapgyrynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Energetika Pudagy Türkmenistanyň Senagat Taýdan Ösmeginiň Esasy Bolup Durýar

syrach