8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylary hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. 

Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan özgertmek, ekerançylyk meýdanlarynda ýazky ekişe taýýarlyk, ählihalk ýowaryny we baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem iş maslahatynyň barşynda bilim ulgamyny özgertmäge degişli meselelere, pudaklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli beýleki möhüm ugurlara seredildi. 

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şu gyzgalaňly günlerde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, köpçülikleýin bag ekmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny ýaz ekişine taýýarlamak, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli guraljak dabaraly çäreler bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatda Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçiriljek ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde guramagy üpjün etmek, Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatyň oba hojalyk toplumynda gök-bakja ekinlerini ekmegiň kadalaryny işläp taýýarlamagyň, ekilen baglara ýokary derejedäki ideg işlerini ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ekerançylaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan ýaz ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek häzirki döwrüň wajyp meselesidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Soňra göni aragatnaşykda wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, sebitiň senagat düzümini ösdürmek babatda hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ählihalk ýowaryna we Halkara zenanlar gününe görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim döwlet Baştutanymyzyň bellikleri we tekliplerini göz öňünde tutup taýýarlanylan Balkanabat şäherinde guruljak ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýat boýunça ýaz ekişinde işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede üpjün edilmelidigini, köpçülikleýin bag ekmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini, şol bir wagtyň özünde ekilen baglara ideg işleriniň talaba laýyk alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin welaýatda gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmegiň möhümdigine häkimiň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz hödürlenen taslamalary oňlap, gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada birnäçe görkezmeleri berdi. 

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýaz ekişine görülýän taýýarlyk, şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň oba hojalyk toplumynda ýerleri we tehnikany möwsüme göwnejaý taýýarlamak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Mundan başga-da, ol ählihalk ýowaryna we mart aýynda giňden belleniljek baýramçylyk çärelerine, welaýatda Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk çäreleri barada aýtdy. 

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, olaryň netijeliligini üpjün etmek, aýratyn-da, gök-bakja ekinlerini has köpräk ekmek boýunça zerur işleri geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi we sebitde şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz milli bahar baýramyna bagyşlap welaýatda dabaraly çäreleri geçirmegi, sebitiň zenanlaryny welaýat derejesinde gutlamagyň zerurdygyny tabşyrdy. Ählihalk ýowar barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmelidigini, onuň barşynda ekiljek saýaly we miweli bag nahallaryny kesgitlemelidigini belledi. 

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew hasabatynda babadaýhanlar üçin jogapkärli döwürde sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleri, ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalaryň taýýarlygy, desgalaryň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak, Halkara zenanlar gününe we ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol ählihalk ýowarynyň geçiriljek ýerleri, bu çärede ekiljek bag nahallarynyň, üzümleriň taýýarlanyşy we gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, Oba milli maksatnamasynda bellenen wezipelere abraý bilen hötde gelmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sebitiň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm tapgyr bolan ýaz ekişine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, welaýatda gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek boýunça degişli işleriň görülmelidigini nygtady. Bu önümleriň ilatymyz üçin ýeterlik mukdaryny öndürmek babatda zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz Halkara zenanlar gününiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini tabşyrdy. Adamlara mellek ýerlerini paýlamak hem-de jaý gurmak üçin ýer böleklerini bölüp bermekde hiç hili bökdençligiň bolmaly däldigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýaz ekişine göwnejaý taýýarlyk görmek, ak ekinlere ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol ählihalk ýowaryna we Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýurdumyzyň azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge goşýan goşandyny artdyrmak üçin halk hojalyk toplumynda ýokary guramaçylyk derejesinde maksada gönükdirilen işleri geçirmegiň zerurdygyny ähli düzümleriň—dolandyryş, önümçilik, durmuş ulgamlarynyň ählisiniň işini anyk utgaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz sebitde Oba milli maksatnamasynda bellenilen möhüm ähmiýetli durmuş-medeni maksatly gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we öz wagtynda ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz gök-bakja önümleri bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksady bilen olaryň ekilýän meýdanlaryny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigi barada häkime görkezme berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz şanly seneler mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegini, ählihalk ýowarynda miweli we saýaly baglaryň, üzümleriň dürli görnüşleriniň köpçülikleýin oturdylmagyny, ekilen baglara göwnejaý idegiň ýola goýulmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabaty diňlenildi. Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, ulag ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak, şeýle hem gök zolaklary döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim paýtagtymyzyň töwereklerinde ählihalk ýowar gününde bag nahallarynyň oturdyljak ýerlerini taýýarlamak, ekiljek baglaryň, dürli gülleriň görnüşlerini kesgitlemek, abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Häkim hasabatynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça dabaralandyrylýan şanly senelerimiz mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk barada durup geçdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak maksady bilen taýýarlanan taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şäheri has-da abadanlaşdyrmak we arassaçylyk we tertibi berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ekilýän bag nahallarynyň çägini giňeltmek, olara göwnejaý ideg etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli ýerine ýetirmegiň zerurdygyny aýtdy. 

Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň ilatyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin mellek ýerlerini bermek boýunça alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli we degişli düzümler bilen bilelikde oýlanyşykly çemeleşilmelidigini tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, baýramçylyk maksatnamasyna degip geçdi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz hödürlenen taslamalar bilen içgin tanşyp, birnäçe düzedişleri girizdi we bellikleri aýtdy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi we hökümetiň Baştutanynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. 

Paýtagtymyzyň ösüşine gözegçilik edýän wise-premýer Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ekologiýa degişli meseleleri göz öňünde tutmak arkaly Aşgabatda döwrebap estetiki ýagdaýy döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna meýdany 700 gektara barabar bolan täze seýilgähi döretmek boýunça taslama hödürlendi. 

Bagy-bossanlyga bürelen zolagy döretmek üçin bölünip berlen ýerde ählihalk ýowarynyň barşynda ylmy esasda we ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak arkaly saýlanyp alnan agaç nahallarynyň dürli görnüşleri oturdylar. A.Ýazmyradow seýilgähde oturdylan agaç nahallaryny suw bilen üpjün etmek we olara göwnejaý ideg etmek, şol sanda damjalaýyn suwaryş ulgamyny çekmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow seýilgähi döretmegiň taslamasy bilen içgin tanşyp, oňa düýpli bellikleriň we düzedişleriň birnäçesini girizmek bilen, meýilleşdirilen käbir çözgütlere laýyklykda Aşgabadyň binagärliginiň özboluşlylygyny görkezmek maksady bilen degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň, şol sanda onuň “gök guşagyny” giňeltmegiň meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işlere toplumlaýyn we örän düýpli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, şu ugur boýunça işlenip taýýarlanylýan taslamalaryň öňdebaryjy gazanylanlardan ugur almalydygyny hem-de şonda adamlar üçin örän oňaýly şertleriň döredilmeginiň esasy talap bolup durýandygygy aýratyn belledi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory Ý.Annaýewi çagyrdy. Ol häzirki döwürde atçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri we şonda geçiriljek dürli wakalar hem-de halkara derejesindäki çäreler barada hasabat berdi. 

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň başlygy türkmen bedewiniň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň hemaýat bermeginde gurulýan täze desgada – Okuw-usulyýet merkezinde gurluşyk işleriň tamamlaýjy tapgyra gadam basandygy barada hasabat berdi. Aşgabatdaky atçylyk sport toplumynda seýisleri, çapyksuwarlary we pudaga degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen gurulýan merkezde ýapyk manež hem bar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy we gönüden-göni goldaw bermeginde döredilýän täze merkez çapyksuwarlary, seýisleri we atçylyk pudagy üçin beýleki hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýöriteleşdiriler. Ý.Annaýew Türkmenistanyň Prezidentinden Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilýän günlerinde bu merkeziň açylmagyna ak pata bermegini haýyş etdi. 

Şeýle hem Halkara atçylyk-sport toplumynyň çapuw ýodalaryny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi, çapuw ýodalary häzirki zaman sintetiki örtük—politrek bilen döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi at çapyşyklarynyň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrar hem-de dürli howa şertlerinde hem çapuw ýodalarynyň ulanyş ýagdaýynyň oňat derejede saklanmagyna mümkinçilik berer. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bu ýerde däp boýunça halkara at çapyşyklary guralar. 

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we dünýäniň atçylyk ulgamyndaky öňdebaryjy merkezler bilen gatnaşyklary ýola goýmak işleriniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýandygy bellenildi. Çapyksuwarlaryň we beýleki hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýaş çapyksuwarlardan we seýislerden ybarat toparlaryň şu ýylyň 8-nji martyndan 8-nji apreline çenli aralykda Beýik Britaniýada, şeýle hem 12-nji martdan 12-nji aprel aralygynda Bahreýn Patyşalygynda tejribe alyşmak, hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwa iberiljekdigi habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz okuw-usulyýet merkezini diňe bir pudagyň geljekki hünärmenleriniň amaly we tejribe taýdan kämilleşmekleri üçin däl-de, eýsem, onuň ýaşlaryň arasynda atçylyk sportuny ösdürmek, türkmen halkynyň ajaýyp mirasy bolan ahalteke bedewlerini giňden wagyz etmek üçin ulanylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň atçylygyny we bu ugur boýunça sportuň görnüşlerini ösdürmek, pudakda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini baý milli däplerimiz hem-de atşynaslarymyzyň tejribeleri bilen utgaşyklykda döredijilikli peýdalanmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Pudakda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna daşary ýurtlaryň oňyn işläp taýýarlamalaryny we öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi we türkmen çapyksuwarlarynyň halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Iş maslahatyna degişli indiki meselä geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Goçyýewi, S.Toýlyýewi, bilim ministri G.Mämmedowany çagyrdy. 

Gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işler barada hasabat bermek bilen, S.Toýlyýew, hususan-da, bilim ulgamynyň düzümini ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini we guramaçylyk-usulyýet taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy. 

G.Mämmedowa ýurdumyzyň ýokary we orta hünärment okuw mekdeplerinde özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy barada hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanymyza özüniň gözegçilik edýän edaralarynda alnyp barylýan işler barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, mekdepde bilim bermegiň we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň hilini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň talabalaýyk guralmaýandygy üçin nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleri döretmek boýunça wezipeleriň çözülmeginde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine aýratyn ünsi çekdi. 

Ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen gadam urýan ýurdumyzyň mundan beýläk-de belent derejelere ýetmeginde ylym-bilim taýdan pugta binýadyň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz munuň üçin häzirki zaman ylmyndan ussatlyk bilen baş çykarýan, iň täze tehnologiýalary özleşdirmekde hünärmenleri bu ugur boýunça okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny nygtady. Şonuň ýaly hünärmenler ýurdumyzyň, onuň ykdysady kuwwatynyň geljegidir diýip aýtmak bilen, milli Liderimiz çuňňur düşünjeli hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak baradaky wezipeleri öňe sürüp, okatmagyň usulyýetlerine innowasiýa häsiýetini bermek bilen düýpli gaýtadan seretmegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz tutuş bilim ulgamynda işleýän mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň derwaýysdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi. 

Döwlet Baştutanymyz tutuş bilim ulgamyny düýpgöter özgertmek, türkmen ýaşlarynyň göwnejaý ýokary hilli bilim almagy üçin, bu ulgamy ýokary derejä ýetirmek boýunça has netijeli çäreleri görmegiň möhümdigini aýdyp, orta we ýokary bilim bermekde işleriň ýagdaýyny hemmetaraplaýyn seljermegi hem-de mugallymlaryň düzüminiň hünär ussatlygynyň derejesine üns berilmegini tabşyrdy. Milli Liderimiz ýaşlary terbiýelemek we okatmak hem-de döwrebap bilimli nesli kemala getirmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň amala aşyrylmagynyň wajypdygyny tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Goçyýewe ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynyň zerur bolan hünärmenler bilen üpjünçiligni gowulandyrmak maksady bilen, türkmen ýaşlarynyň bilim almak üçin daşary ýurtlara ugradylýandygyny belledi we bu babatda zerur maliýe serişdeleriniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Häzirki döwürde pudaklaryň gerek hünärmenler bilen üpjünçiligi möhüm talap bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz şu maksatlar üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz S.Toýlyýewe we G.Mämmedowa orta hünär bilimli işgärleri taýýarlamak boýunça mekdepleriň döredilmegine degişli tabşyrygy ýerine ýetirmek boýunça işi çaltlandyrmagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümleriniň işiniň esasy ugurlary, obalary özgertmek boýunça milli maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) hem-de özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakyndaky” Kararyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mellek we ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini bermek, uzakmöhletli karzlaşdyrmak boýunça guramaçylyk meselelerine degişli birnäçe tabşyryklar berdi, bu çäreler ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, obany galkyndyrmaga we sebitleriň durmuş-ykdysady düzümleriniň deňeçer ýagdaýda kemala gelmegine gönükdirilendir. 

Bu ýerde esasy mesele adamlaryň abadan durmuşy, olaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin ähli şertleriň döredilmeginden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu Kararyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligiň ýola goýulmagyny tabşyrdy. 

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowy çagyrdy, ol gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat düzüminiň önümçilik we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz döwletimiziň täze senagat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, senagat pudagynyň serişdelerini diňe bir milli maksatnamalaryň uzakmöhletleýin maksatlaryna däl-de, eýsem, gündelik ýüze çykýan meseleleri, dürli pudaklaryň zerurlyklaryny we ilatyň hajatlaryny çözmäge gönükdirilmegini talap etdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem oba ýerlerinde alnyp barylýan gurluşyk binalaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň giň görnüşi bilen, olaryň barha artýan möçberilerini hasaba almak bilen üpjün etmek barada görkezme berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowyň hasabatyny diňledi, ol gözegçilik edýän söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýy, birža işini kämilleşdirmek we onuň netijelliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň ýokary ösüş depginlerini goldamak, hödürlenýän harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmak barada birnäçe görkezmeler berdi, muňa birža daşary söwda amallarynyň oýlanyşykly ulgamy oňyn ýardam etmelidir. Milli Liderimiz bu ulgamda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny durmuşa geçirmegiň netijeli gurallaryny kemala getirmek boýunça däp bolan ugurlarda hem, täze ugurlar boýunça hem bähbitli dünýä tejribesini öwrenmek barada tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslatyny tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, halkymyzyň we Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen belent wezipeleri çözmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Karimow bilen ýokary derejedä gepleşikler geçirildi.

syrach

Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň Ilçisi Işläp Başlady

Türkmenistana 1 million 780 müň agaç nahallary oturdylar

syrach