Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyp, onuň başlyklygyna Türkmenistanyň maliýe ministri bellenildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm