Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ajaýyp däpleri bilen sazlaşýan döwrebap baýramçylyk hökmünde her ýyl bellenýän Bütindünýä saglyk gününi täze mazmunly ýörelgeler bilen rowaçlandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek, saglygy goraýyş we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem ilatymyzyň arasynda giň goldaw tapan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini geçirmek baradaky asylly başlangyjymyzy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ýurdumyzda 2013-nji ýylyň 1-7-nji apreli aralygynda ählihalk çäresi hökmünde Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini geçirmek bellenildi.
Resminama bilen, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, beýleki ministrliklere we pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de jemgyýetçilik guramalaryna Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginde sportuň görnüşleri boýunça bäsleşikleriň, medeni çäreleriň, köpçülikleýin bedenterbiýe we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine şeýle hem Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde “Türkmenistanruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň jemleýji dabarasyny 2013-nji ýylyň 4-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirmek tabşyryldy.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, türk we dünýä kompaniýalary, maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň maýa goýum mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkiýe Respublikasynyň Biržalarynyň we söwda edaralarynyň birleşmesi, Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça komiteti hem-de Türk-türkmen işewürler geňeşi bilen bilelikde Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde 2013-nji ýylyň 5-6-njy martynda Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatyny geçirmäge ygtyýar berildi.
Resminama bilen Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatyna gatnaşjak ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümi hem-de ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň sanawy tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
* * *
Ýurdumyzda ylym-bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, dünýä halklarynyň gadymdan gelýän umumy gymmatlyklaryna hormat goýmak ýörelgelerini, halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň ýoly bolan Beýik ýüpek ýoluny wagyz etmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine 2013-nji ýylyň 14-16-njy marty aralygynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministrliginiň Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligi (TIKA) bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanan “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky diplomatiýa: taryhdan geljege” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmek tabşyryldy.