Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümi tassyklanyldy.
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annaoraz Ýazmyradowiç Rejepow Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň birinji orunbasary wezipesine bellenildi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm