9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Kawkazyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini kabul etdi.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kawkazyň musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara Geňeşiniň gezekleşikli başlygy Şeýh Ul-Yslam Gaži Allahşukýur Gummet ogly Paşazadäni we Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Parlamentiniň deputaty Fattah Samed ogly Geýdarowy kabul etdi. 


Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirmek bilen, myhmanlar Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdiler we pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutanyny Täze, 2014-nji ýyl bilen gutladylar we ähli türkmenistanlylara bagt, parahatçylyk we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. 


Türkmenistanyň garaşsyzlygyň ýoly bilen özbaşdak ösüşinde ägirt uly sepgitlere ýetendigine haýran galýandyklaryny mälim etmek bilen, myhmanlar öz milli Lideriniň baştutanlygynda ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň häzirki döwürde gazananlaryny gözi bilen görmäge döredilen mümkinçiligiň özleri üçin uly mertebedigini nygtadylar. 


Türkmenistanyň Prezidenti myhmanlary mähirli garşylap, öz gezeginde Azerbaýjanyň ýokary ýolbaşçylygyna we dostlukly halkyna iň oňat arzuwlaryny iberdi. Milli Liderimiz “Biziň halklarymyzy gadymdan bäri umumy taryhy geçmişimiz, medeni däp-dessurlarymyz we ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz birleşdirýär” diýip, Türkmenistanyň geljekde hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmaga we medeni-gumanitar ulgamda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, doganlyk we azerbaýjan halklarynyň ýakynlaşmagyna, örän baý umumy mirasy öwrenmäge we wagyz etmäge, dürli ugurlarda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen tagallalary etjekdigini nygtady. Muny biziň ata-babalarymyz bize wesýet edipdirler. 


Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly şahsy goşandyna ýokary baha bermek bilen, Kawkazda türkmen Lideri tarapyndan durmuşa geçirilýän, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bolan umumy ruhy mirasyň artdyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň doly goldawa eýe bolýandygyny bellediler. 


Myhmanlar şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň turuwbaşdan ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyny berkarar etmek ýoluny saýlap almak bilen, “açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň hem-de dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Kawkazyň ýurtlary bilen hem ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary ýyl-ýyldan pugtalandyrýandygynyň şaýady bolandyklaryny bellediler. 


Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Kawkazyň musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy we Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy hoşlaşanlarynda, birek-birege mähirli arzuwlaryny aýdyp, ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. 


Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Mamedaga ogly Sultanzade gatnaşdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Topary Ýene Bir Bürünç Medaly Gazandy

İmplantologiýa ulgamy boýunça ýöriteleşen Gýunter Ýakob Domy kabul etdi.

syrach

Mihail Saakaşwili Azerbaýjana bardy.

syrach