Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky Konstitusion toparyň mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu topar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň maý aýynda konstitusion özgertmeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny dünýä ülňülerine, döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, gol çeken Permanyna laýyklykda döredildi. Bu ugurda görülýän çäreler öz oňyn netijelerini berýär.
Hormatly Prezidentimiz Oguzhan köşkler toplumyndan çykyp, pyýadalap, Ruhyýet köşgüne tarap geldi. Milli Liderimizi Ruhyýet köşgüniň merkezi girelgesiniň ýanynda ýurdumyzyň Konstitusion toparynyň agzalary mähirli garşyladylar.
Mejlisiň gün tertibini yglan edip we bu toparyň geçen ýyldan başlap, öz işine başlandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz onuň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça geçen döwürde ýerine ýetirilen işlere seljerme beriljekdigini, deslapky maglumatlary we hasabatlary umumylaşdyryp, düzümiň öňünde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Konstitusion topar Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary, ýurdumyzyň ýönekeý raýatlary, syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary we häkimiýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirdi diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň berýän maglumatlaryna görä, geçen döwürde ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalaryndan, guramalaryndan we raýatlarymyzdan Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça köp teklipleriň gelip gowuşandygyny aýtdy.
Müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen zähmetkeşler toparlarynyň ýygnaklarynda bu mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Teklipleriň gelmegi häzir hem dowam edýär. Şoňa görä-de, biz Esasy Kanunymyzy haýsy ugurlar boýunça üýtgetmegiň zerurdygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly diýip, milli Liderimiz belledi we çykyş etmek üçin Konstitusion toparyň agzalaryna söz berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny üpjün edýär.
Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň we jemgyýetimiziň demokratik ýörelgeleriniň sazlaşykly ösüşi, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň öňi bilen ýurdumyzyň Esasy Kanunynda degişli derejede berkidilmegini talap edýär. Bu bolsa kanunlaryň döwrüň talabyna we uzakmöhletleýin ösüşiň meselelerine baglylykda onuň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, häkim hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy maýynda Konstitusion topary döretmek hakyndaky Permana gol çekmegi, bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdi diýip belledi. Şeýle hem ol milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda Konstitusiýamyzy kämilleşdirmegiň ähmiýetini we onuň maksatlaryny ilat arasynda düşündirmek babatda degişli toplumlaýyn we utgaşdyryjy çäreleriň işjeň durmuşa geçirilýändigi habar berildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelip gowuşýan ähli teklipler çuňňur öwrenilýär we olar Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen toparyň garamagyna ugradylýar diýip, häkim sözüni dowam etdi.
Konstitusion hukuklaryň döwrebaplaşdyrylmagy we ýerli häkimiýet, öz-özüňi dolandyryş guramalarynyň öňde durýan borçlaryna, olaryň özara baglanyşygyny kesgitleýän kanunçylyk kadalarynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda hakyky halk häkimlilik esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegini, ýokarda agzalan guramalaryň, şol sanda oba Geňeşlikleriniň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyny we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak babatda olaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirer.
Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýewe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda demokratik esaslary çuňlaşdyrmaga, hukuk medeniýetini we işini pugtalandyrmaga, halkymyzyň we her bir raýatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça giň möçberli özgertmeleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik guramalary Konstitusion toparyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hem olar Konstitusion kadalary kämilleşdirmek boýunça ýörite maslahatlary we mejlisleri guraýarlar. Ilat arasynda, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giňişleýin wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Kärhanalarda we edaralarda Esasy Kanunyň kämilleşdirilmeginiň maksadyna we ähmiýetine bagyşlanan duşuşyklaryň, “tegelek stollaryň” başyndaky gepleşikleriň geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy görnüşleriniň biridir diýip bellemek bilen, ol Konstitusiýanyň raýatlyk jemgyýetiniň we onuň umumy ykrar edilen binýadynyň bähbidiniň resmi taýdan äşgär edilmegidigini nygtady.
Soňra ol hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň birinji mejlisinde kesgitlän wezipeleriniň möhümdigini we olaryň şu döwürde hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady. Öňde goýlan wezipeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmegi üçin toplumlaýyn çäreleri özünde jemleýän degişli iş meýilnamasynyň düzüldi, şol meýilnama laýyklykda, hukuk özgertmeleriniň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki orny, raýatlyk jemgyýetiniň ösüşiniň esaslary, adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň konstitusion kepillikleri, Türkmenistanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşinde Konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti ýaly ugurlar boýunça maslahatlar toplumy guraldy.
Konstitusiýany kämilleşdirmek boýunça jemgyýetçilik guramalaryndan, halk köpçüliginden, dürli pudaklaryň hünärmenlerinden we bilermenlerinden gelip gowşan teklipleri ýygnamak, seljermek we jemlemek boýunça ägirt uly işler alnyp baryldy. Bu işler Mejlisiň deputatlary, welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň halk maslahatynyň, häkimlikleriň, bilim ulgamynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen bilelikde ýerine ýetirildi.
Hususan-da, gelip gowuşýan teklipler türkmen döwletiniň we bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ylmy-tehniki syýasatyny durmuşa geçirmek, köp partiýalylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kanunyň öňünde jemgyýetçilik birleşmeleriniň deňligini üpjün etmek, şeýle hem erkin pikirlenmek boýunça Konstitusion kepillikleri pugtalandyrmak ýaly möhüm meselelere degişlidir.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyny hasaba alanyňda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, Esasy Kanunyň birnäçe maddalarynda öz beýanyny tapjakdygyna we onuň ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Çykyş edeniň ynandyryşy ýaly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we beýleki partiýalaryň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ähli agzalary döwlet häkimiýetiniň guramalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen Konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak, döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli içeri we daşary syýasatynyň mazmunyny, onuň maksatlaryny, şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary, syýasy-demokratik özgertmeleri wagyz etmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirerler.
Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň dürli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajyp ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaçalar we üýtgetmeleri girizmek boýunça iberilen teklipleri jemlemek baradaky Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen toparda netijeli işler alnyp barylýar. Şunlukda ýurdumyzyň Adalat ministrliginiň wekilleri bu pudakda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip, dürli ýurtlaryň Konstitusiýalarynyň esasy düzgünlerine degişli deňeşdirme, seljerme işlerini alyp barýarlar. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem kazyýet we prokuratura edaralarynyň ulgamynda milli kanunçylygy halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek meselesine aýratyn üns berilýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň belent ynsanperwerlik ýörelgeleri we umumadamzat gymmatlyklary äşgär edilýän milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ozal beren teklipleriniň ähli halk goldawyna eýe bolandygy nygtaldy. Aýratyn-da, bu ýerde ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň täze redaksiýasyna her bir raýatyň we adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň kazyýet goraglylygyny güýçlendirmek bilen baglanyşykly üýtgetmeleriň girizilmegi, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň kanun taýdan berkidilmegi, maşgala institutlaryna, enelige, çagalyga we ýaşlar syýasatyna, ykdysady ösüşe maliýe-karz ulgamyna döwlet goldawy göz öňünde tutulýar diýip, ministr belledi.
Umuman, milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşini üpjün eder diýip,
B.Muhammedow sözüni jemledi.
Soňra Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory A.Arabow çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy ulgamynyň düýpli özgerdilmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda döwlet we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde umumy ykrar edilen halkara kadalaryna, şol sanda adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi ulgamyna laýyk gelýän ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen möhüm kadalar we düzgünnamalar ýurdumyzyň dünýäniň demokratik taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykmagy, ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagy, ýaş nesilleriň sazlaşykly terbiýelenmegi üçin zerur şertler bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny türkmenistanlylaryň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmekde möhüm resminama bolup durýar. Bellenilişi ýaly, adamyny jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygy hökmünde kesgitlemek bilen, Türkmenistan raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmekde netijeli çäreleri durmuşa geçirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Konstitusion toparyň birinji mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, ol institutyň hünärmenleriniň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýanynda döredilen Iş toparynyň durmuşa geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýandygyny belledi. Aýratyn-da, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça raýatlardan gelip gowuşýan teklipleriň seljerilmegi boýunça degişli işleriň alnyp barlandygyny bellenildi. Şonuň bilen birlikde, adam hukuklary baradaky doly ygtyýarly wekiliň wezipesini girizmegiň meselesi öwrenildi. Bu babatda dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň oňyn tejribeleri öwrenildi. Şeýle hem hereket edýän Konstitusiýamyzyň maddalaryna degişli seljermeler geçirildi we olary halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.
Çykyş eden sözüniň ahyrynda özüniň ýolbaşçylyk edýän toparynyň öňde goýlan jogapkärli wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol öz çykyşynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli demokratik özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň türkmen döwletiniň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, onuň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda beýanyny tapan we durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasy ugruny ösdürmek babatda möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň Konstitusion özgertmeleri geçirmek baradaky başlangyjy halkymyzyň arasynda giň seslenmä eýe boldy we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça teklipler işjeň ýagdaýda öňe sürüldi. Munuň özi jemgyýetimiziň demokratik esaslarynyň üstünlikli ilerleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçen döwürde dürli edaralardan we kärhanalardan, guramalardan we raýatlardan Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda köpsanly teklipleriň gelip gowuşandygy habar berildi. Olar zähmetkeşler toparlaryň ýygnaklarynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle teklipleriň gelmegi häzir hem dowam edýär diýip bellemek bilen, milli parlamentiň başlygy Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, harby we hukuk goraýjy edaralary, ministrlikler hem-de pudaklaýyn düzümler, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet guramalary bilen bilelikde gelip gowuşýan teklipleriň öwrenilýändigini we seljerilýändigini nygtady.
Nygtalyşy ýaly, Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek işi onuň täze döwrüň şertleri we uzakmöhletleýin geljegi esasynda döwrebaplaşdyrylmagy, milli tejribelere we degişli halkara hukuk kadalaryna laýyk getirilmegi nukdaýnazardan alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda Mejlisiň Başlygy hereket edýän Konstitusiýanyň gelip gowşan teklipleriň, üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň talabyna görä, birnäçe maddalaryň üýtgedilmegine, hususan-da, döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplyk hukuk derejesiniň, çäk bitewiliginiň, Konstitusion we halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň kepili bolup durýan döwlet Baştutanymyzyň ygtyýarlyklaryny giňeltmäge degişli maddalara ünsi çekdi.
Gelip gowşan tekliplerden ugur alyp, täze taryhy eýýamyň ýagdaýlaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini nazarda tutup, şeýle hem uly möçberli uzakmöhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň täzelenýän Konstitusiýasynyň taslamasyna (52-nji maddasyna) Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmak baradaky düzgüni girizmek teklip edilýär. Bu teklip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasatynyň halk tarapyndan giňden goldanylýandygyna, halkyň milli Liderimiziň töweregine has-da jebisleşip, oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär diýip, Mejlisiň ýolbaşçysy nygtady.
Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny özgertmeleriniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda onuň üçünji bölümini kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Şonda hökümet ulgamynyň hem-de Türkmenistanyň dolandyryş edaralarynyň Konstitusion hukuk esaslary berkidilendir, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Ministrler Kabinetiniň, kazyýet häkimiýetiniň we ýerli häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklary, hukuklary we borçlary kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy Iş toparynyň Konstitusiýanyň hereket edýän maddalaryna täze maddalary hem-de birnäçe üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklibini aýtdy. Hususan-da, döwlet Baştutanynyň borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin aňrybaş ýaş çägini aýyrmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň goşmaça hukuklaryny berkitmek baradaky teklipler beýan edildi.
Bu üýtgeşmeleriň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetiniň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek, olaryň özbaşdak, adalatlylyk, açyklyk, aýdyňlyk, döwrüň talabyna laýyk ýörelgeler esasynda işlemegini gazanmak maksady bilen, gelip gowşan köpsanly teklipler esasynda kesgitlenendigi bellenildi. Häzirki wagtda şol teklipleriň deslapky häsiýete eýedigi, bu ugurdaky işleriň degişli iş toparlarynda dowam etdiriljekdigi nygtaldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň deputatlarynyň milli Liderimiziň saýlap alan oňyn ugruny hemmetaraplaýyn goldajakdyklaryna, döwrüň möhüm meseleleriniň we öňde durýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýetini halk arasynda giňden wagyz etjekdiklerine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Konstitusion toparlaryň çykyşlaryny diňläp, Mejlisi dowam etmek bilen, ýurdumyzyň Esasy kanunyny mundan beýläk-de özgertmegiň ileri tutulýan maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň üstünde jikme-jik durup geçip, maksatnamalaýyn çykyş etdi.
Milli Liderimiz hasabatlardan we ýerlerden gelip gowuşýan tekliplerden görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyçlarymyz halk köpçüligi tarapyndan giň goldaw tapýar. Bu bolsa, hukuk özgertmelerini geçirmek boýunça alyp barýan syýasatymyzyň hem-de halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işlerimiziň oňyn netije berýändigini aýdyň görkezýär diýip belledi.
Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça işler göz öňünde tutulyşy ýaly, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň, alymlaryň, bilermenler toparynyň, şeýle hem raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde ministrliklerden we pudak edaralaryndan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik guramalaryndan, şeýle hem welaýatlardan müňlerçe teklipler gelip gowuşdy. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion toparyň düzümine girýän iş toparlary öz işini geljekde hem gelip gowuşýan teklipler esasynda dowam etmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli we toplumlaýyn işler alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine pugta eýerip, dünýäde uly abraý gazanandygyny hem-de taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ösen ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna goşulandygyny nygtady.
Biziň öňe sürýän her bir başlangyjymyzda Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak maksatlary ileri tutulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 1995-nji ýylda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkidildi. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Rezolýusiýasyny Esasy Kanunynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwletdir.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi, dürli ýurtlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Adamzadyň ösüşine howp salýan wehimlere garşy göreşmek ugrundaky bilelikdäki tagallalara işjeň gatnaşyp, bu ugurlarda taryhy başlangyçlary öňe sürüldi.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Esasy Kanunymyzda has-da berkitmek boýunça gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky taryhy Rezolýusiýa aýratyn ähmiýet bermek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny kesgitleýän 1-nji maddanyň 4-nji böleginiň täze maddada beýan edilse, maksadalaýyk boljakdygy barada pikirini aýdyp, bu teklibiň uly goldawa eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe sürdük. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş taýdan goragly bolmagyny üpjün etmek boýunça köp işleri üstünlikli durmuşa geçirdik diýip belledi hem-de her bir adamyň bagtyýar durmuşda, ruhubelent ýaşamagy we sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi ugrunda başy başlanan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Biz raýatlarymyz üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny köp möçberde we ýokary depginler bilen gurýarys. Ýurdumyzda saglyk hyzmatlary, jemagat hojalyk hyzmatlary we jemgyýetçilik ulag hyzmatlary üçin tölegler ilatymyz üçin elýeterlidir. Eziz Diýarymyzda ýaşuly nesil üçin pensiýa üpjünçiligi doly ýola goýuldy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýaşululara, ýaş maşgalalara, enelere döwlet kömek pullary berilýär we halkymyz üçin başga-da köpsanly ýeňillikler döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň baş ýörelgämiz ynsanperwerlige, adalatlylyga esaslanýar. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk şeýle tejribe Konstitusiýamyzyň kadalarynda beýan edilse dogry bolar diýip men öň hem belläp geçipdim. Gelip gowuşýan teklipler biziň alyp barýan syýasatymyzyň halkymyz tarapyndan doly goldaw tapýandygyny aýdyň görkezýär diýip nygtady.
Türkmen döwletiniň Baştutany ýurdumyzda häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek üçin ähli şertler döredildi diýip, sözüni dowam etdi. Alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasat netijesinde, ylym we tehnika ösdürilýär. Raýatlarymyzyň syýasy hukuklary gyşarnyksyz berjaý edilýär, döwletimizi dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem, ýaşlar syýasatyna uly üns berilýär. Ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda bu meselelere aýratyn orun berilýär.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň iş toparlarynyň berýän maglumatlaryny göz öňünde tutup, Konstitusiýamyzyň birinji bölümine döwletimiziň ylmyň we tehnikanyň ösüşine ýardam edýändigi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygy, şeýle hem döwletiň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatynda jemgyýetiň, her bir raýatyň bähbitlerinden ugur alynýandygy baradaky kadalar girizilse, dogry boljakdygy barada pikirini aýtdy.
Şeýle hem, bu bölüme Türkmenistanda köp partiýalylygyň ykrar edilýändigini, döwletiň raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri döredýändigini, her bir jemgyýetçilik birleşiginiň Kanunyň öňünde deňligini kepillendirýän kadalar goşulsa, talaba laýyk bolar diýip pikir edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şonuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletiň ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýändigini görkezýän, taryhy häsiýete eýe bolan, uzak möhlete gönükdirilen işleri aýdyň beýan edýän täze kadalary we ýörelgeleri özünde jemleýän maddalaryň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde geçirilýän Konstitusion özgertmeler dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi we milli
ösüş ýolumyzda toplanan tejribe nazara alnyp, amala aşyrylmalydyr. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunlary işlenip taýýarlananda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen talaplarynyň ileri tutulmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ösüş ýolunda öňe sürýän syýasy, ykdysady we hukuk garaýyşlaryna, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine doly eýerýändigini nygtap, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryna has-da işjeň ornaşdyrylmagy üçin, bu ýörelgeleriň degişli maddalarda anyk beýanyny tapmagyny gazanmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň göni hereketiniň bardygyny beýan edýän düzgünleriň Konstitusiýa girizilmegini maksadalaýyk hasap edýändigini belledi.
Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça işler döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň talaba laýyk guralmagyndan hem-de olaryň ygtyýarlyklarynyň anyk kesgitlenmeginden ugur alnyp dowam etdirilse maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň işine bildirilýän talaplary has-da güýçlendirmek, döwleti dolandyrmak ýaly çylşyrymly işlere has-da jogapkärli çemeleşmegi gazanmak möhüm wezipeleriň biridir diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Konstitusiýamyza döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesiniň adamy goramakdygyny, goldamakdygyny we oňa hyzmat etmekdigini anyk kesgitleýän goşmaçalar girizilse, dogry bolar diýip pikir edýändigini aýtdy. Şeýle hem, kanunlaryň hökmürowanlygyny Esasy Kanunyň derejesinde berkitmek, kabul edilýän hukuk namalarynyň mazmuny bilen halky giňişleýin habarly etmek ýörelgelerini beýan etmek maksady bilen, hereket edýän Esasy Kanunymyza goşmaçalary girizsek maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek meselesini dowam edip, döwlet Baştutanymyz onda adamyň we raýatyň hukuklaryny berkitmäge degişli teklipleriň şöhlelendirilmegini ulgamlaýyn esasda ýene-de bir gezek seljermegiň hem-de degişli işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Öň hem belläp geçişimiz ýaly, biz Türkmenistany dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan ýurduna öwürmegi maksat edindik. Bu maksat diňe bir ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşini talap etmän, eýsem adamyň hemmetaraplaýyn, esasan hem hukuk taýdan goragly bolmagyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Konstitusiýamyzyň adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary baradaky bölüminiň degişli maddalaryny şahsyýetiň mertebesiniň goralmagyny, kemsidilmeginiň öňüniň alynmagyny, şahsy eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri nukdaýnazaryndan gaýtadan beýan etmek, şol bir wagtda hem telekeçilik işine, hususy eýeçilige we emläge, ýuridik kömegi almaga bolan hukuklary täze maddalarda berkitmek teklip edilýär. Eger zerur bolsa, bu teklipleri beýleki meseleler bilen baglylykda hem seljermeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýakynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Gender meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň agzalygyna saýlandygyna ünsi çekip, milli Liderimiz
halkara guramalarynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň barha artmagynyň ýurdumyzda adamyň bähbitleri göz öňünde tutulyp alnyp barylýan işleriň ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.
Şu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamyň hukuklary we azatlyklary bilen bagly ählumumy ykrar edilen binýatlaýyn kadalar anyk kesgitlenip, täzeden has düşnükli görnüşde beýan edilse maksadalaýyk bolar diýip nygtady.
Teklip edilýän täze maddalaryň, şeýle hem üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ýurdumyzyň Konstitusiýasyna goşulmagy Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda uly öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berer. Adam hukuklary we azatlyklary babatda oňyn halkara tejribesini we umumylykda ykrar edilen ýörelgeleri milli kanunçylyga ornaşdyrmak işine hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň uzak möhlete gönükdirilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge uly itergi berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistanyň häkimiýet we dolandyryş edaralary ulgamynyň konstitusion hukuk esaslary berkidilen bölümiň, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň,
Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Kazyýet häkimiýetiniň we ýerli häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän baplarda beýan edilen möhüm ähmiýetli kadalaryň üstünde hem işlemek zerur diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bu meselelere degişli kadalar we ýörelgeler döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň milli tejribesi nazara alnyp we halkara tejribesi öwrenilip, şeýle hem gelip gowuşýan köp sanly teklipler esasynda işlenip taýýarlansa maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Döwlet häkimiýetiniň üç şahasynyň hem özbaşdak, adalat, açyklyk, aýanlyk ýörelgeleri esasynda, döwrüň talabyna laýyk çalt, çeýe işlemegini gazanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmeli. Gelip gowşan tekliplerden ugur alnyp, bu bölüme hem täze maddalary, hereket edýän maddalara birnäçe üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.
Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini amala aşyrýan häkimiýet edaralarynyň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusion kazyýetini döretmek teklip edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belläp, bu mesele boýunça gutarnykly karara gelmezden öň, Topara bu meseläni ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Konstitusion kazyýetini döretmek boýunça teklipler makullanan ýagdaýynda, Konstitusiýa şol Kazyýetiň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän täze maddalary girizmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geçen döwürde alnyp barlan özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistanyň häzirki hereket edýän Konstitusiýasynyň 58-nji maddasy üýtgedildi. Bu maddada Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda, Prezident saýlawlary geçirilýänçä Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň biriniň üstüne ýüklenilýändigi bellendi.
Raýatlarymyzdan gelýän hatlar seljerilende, döwlet Baştutany öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda, Prezident saýlanýança onuň ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçirmegi göz öňünde tutýan düzgünleri girizmek teklip edilýär. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, halkara tejribesinde has köp duş gelýän tejribä eýermek maksady bilen, bu düzgünleri üýtgetmek meselesine hem seretmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni hem oýlanyşykly çözmek üçin teklipleri gutarnykly ara alyp maslahatlaşmagy, eger zerur bolsa, bu meseläni goşmaça ýene-de öwrenmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri we gündelik ýüze çykýan meseleleri has çalt we ýokary derejede çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumyny döretmek barada hem teklipleriň gelip gowuşýandygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, eger zerurlyk ýüze çykýan bolsa, Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän maddalara Mejlisiň işini guraýan Prezidiumyň döredilmegini göz öňünde tutýan we onuň düzümini kesgitleýän kadalary girizip bolar.
Hormatly Prezidentimiz Konstitusiýany kämilleşdirmek boýunça işlerde ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuk ýagdaýyna halkara tejribesine laýyklykda seretmegiň, olaryň ygtyýarlyklarynyň maliýe üpjünçilik, eýeçilik hukuk esaslaryny anyk kesgitlemegiň zerurdygyny nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň, hususan-da, düşündirişi ýaly, häzirki wagtda Geňeşleriň Konstitusiýada berkidilen ygtyýarlyklarynyň üstüni goşmaça ygtyýarlyklar bilen ýetirmek teklip edilýär, şunuň bilen baglylykda degişli anyk teklipler gelip gowuşdy.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça netijeli işleri alnyp barylýar, ykdysadyýetimizi döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, bazar ykdysady gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek, olary maliýeleşdirmegiň döwrebap usullaryny ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz syýasatyny üstünlikli durmuşa boýunça zerur çäreler görülýär.
Bank ulgamyny, ykdysadyýetiň pudaklaryny, senagaty ösdürmäge we beýleki meselelere degişli taryhy başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalary edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şundan ugur alyp, şeýle hem gelip gowuşýan köp sanly teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň kämilleşdirilýän Konstitusiýasyna «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» atly täze bölümi girizmek teklip edilýär.
Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bölümde döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýändigi, salgyt töleýjiniň hukuk taýdan goraglylygy baradaky kadalary goşmagy zerur diýip pikir edýändigini aýtdy.
Ýurdumyzda alnyp barylýan ýeke-täk býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty, milli pul birligi, maliýe-karz ulgamy, býujet we bank ulgamy, salgytlar, ýygymlar we beýleki hökmany tölegler, olary tölemek borjunyň esaslary anyk görkezilse talaba laýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şu babatda Merkezi bankyň käbir ygtyýarlyklary we ýurdumyzyň umumy milli baýlygy diýlip yglan edilýän baýlyklar we olary rejeli peýdalanmak hem-de olaryň döwlet tarapyndan goralmagy bilen bagly kadalar giňden beýan edilse maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Konstitusiýamyzda täze maddalary, beýleki üýtgetmeleri we goşmaçalary has anyk beýan etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli diýip aýtdy. Teklipler halkara hukugynyň kadalary, dürli ýurtlaryň tejribesi, milli aýratynlyklarymyz göz öňünde tutulyp öwrenilmelidir.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan taryhy ähmiýetli bu işi zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň, alymlaryň arasynda wagyz etmek we teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça çäreleri netijeli dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerlerde halk köpçüligi bilen duşuşyklary, şeýle hem teleýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary guramagy Türkmenistanyň Mejlisine tabşyrdy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan hatlary ýene-de bir gezek seljermegi teklip edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklipleriň ilki Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylsa, soňra bolsa ýurdumyzyň ähli ilatynyň arasynda giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin Konstitusiýamyzyň deslapky taslamasy metbugatda çap edilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Milli Liderimiz gutarnykly işlenip taýýarlanan taslamany bolsa, Ýaşulularyň indiki ýylda geçiriljek maslahatynda kabul etmek üçin Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna hödürlemegi teklip etdi.
Şonuň ýaly-da, ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet edaralary bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaly, bu işleri üstünlikli dowam etmek bilen, biz berkarar döwletimizi has-da ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, olaryň azatlyklaryny we erkinligini doly üpjün ederis. Şunda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň öňünde durýan esasy wezipeleri ýerine ýetirmekde bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň tutanýerli zähmet çekjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.