Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy asyrlaryň dowamynda tebigatyň täzeden janlanmagyny alamatlandyrýan nurana bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýurdumyzyň ykdysady we ruhy taýdan rowaçlanmagynyň bähbidine bellenilen ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi arzuw etdiler.
Bellenilişi ýaly, jebis we zähmetsöýer türkmen halky ata-babalarymyzyň wesýet eden parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly asylly däplerini mynasyp dowam etdirip, Nowruz baýramyny hemişe dabaraly ýagdaýda we giňden, myhmansöýer öýleriniň gapysyny giňden açyp garşylaýarlar. Bu baýramçylyk günleri her bir öýde saçaklar ýazylýar, tagamly naharlar taýýarlanylýar, köpçülikleýin gezelençler we aýdym-sazly çäreler guralýar, olara köpsanly adamlar, şol sanda daşary ýurtly myhmanlar hem çagyrylýar. Bularyň ählisi biziň ýurdumyzyň we halkymyzyň turuwbaşdan ugur edinen halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmek hem-de ýer ýüzünde parahatçylygyň bähbidine umumy tagallalary birleşdirmek ýoluna ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, gije-gündiziň deňleşýän gününde bellenilýän bu baýramyň häzirki wagtda hem müňlerçe ýyl mundan öňküsi ýaly sebitiň halklaryny jebisleşdirmek we parahatçylygy, dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam berýän ähmiýetini aýratyn belledi.
Mumumy adamzat gymmatlyklarynyň hazynasyny baýlaşdyrmakda, milli medeniýetleri ösdürmekde hem-de umumy taryhy-medeni ýörelgeleri wagyz etmekde Nowruzyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetiniň bardygyna bu senäniň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň arasynda raýdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, medeni hyzmatdaşlygynyň we özara düşünişmegiň güni hökmünde halkara derejesiniň berilmegi ýene bir gezek şaýatlyk edýär.
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy häzir hem biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ol gyş paslyndan soň tebigatyň täzeden janlanmagyny alamatlandyrmak bilen, adamalaryň kalbynda iň ajaýyp duýgulary oýarýar, olara gujur-gaýrat we döredijilik ruhuny paýlaýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muňa Türkmenistanda we goňşy ýurtlaryň köpüsinde her ýyl giňden bellenilip, iri möçberli dabaralaryň geçirilmeginiň hem şaýatlyk edýändigini aýtdy.
Goý bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreler Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň binýadyny gün-günden pugtalandyrýan zehinli we zähmetsöýer halkymyzyň bagtyýar durmuşyna täze öwüşgin çaýsyn diýip, milli Liderimiz sözüniň ahyrynda degişli ýolbaşçylara ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýygnananlara we ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, rysgal-bereket, bagt we abadançylyk arzuw etdi.