8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Pagtany Gaýtadan Işleýän Kärhananyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň täze desgasy bolan–Sakarçäge etrabynda gurlan we ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, pagta ýurdumyzyň oba hojalygynda ekiniň möhüm görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Gowaça ösdürip ýetişdirmekde halkymyz baý tejribe toplady. “Ak altyn” ösdürmek we ony gaýtadan işlemek ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň möhüm ugry bolup durýar. 

Şunda pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, oňa öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalaryň we täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň  ykdysady taýdan höweslendirilmegine uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler pudagyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilendir. Bu bolsa pudagyň, şol sanda pagtaçylygyň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň oňyn özgertmeler strategiýasy netijesinde soňky döwürde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Geçen ýyl pagtaçylar şertnamalaýyn bowçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna pagtanyň 1 million 100 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Şu ýyl Türkmenistanda pagta ekmek üçin 545 müň gektar ýer bölünip berildi. Umumy alnanda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Mary welaýatynda 313 müň tonna pagta ýygnamak bellenildi. Ekişiň häzirki möwsümi üçin gowaçanyň saýlama tohumynyň 65 müň tonnadan gowragy – orta we inçe süýümli sortlaryň 15-e golaýy taýýarlanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň pagta ekýän welaýatlarynyň meýdanlarynda gymmatly oba hojalyk ekinine ideg işleri dowam edýär. 

Türkmenistanyň eksport edýän harytlarynyň saldamly esasyny düzýän pagta   okgunly ösýän milli dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Olar halkara ülňülerine laýyk gelýän, ýurdumyzyň, şeýle hem daşary döwletleriň bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri çykarýarlar. Pagtaçylyk pudagynyň kuwwatyny doly ulanmak, gowaça hasylynyň möçberini has-da artdyrmak babatda ýokary hilli tohumy taýýarlamak möhüm şert bolup durýar. Şu maksat bilen, pagtany gaýtadan işleýän düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, şol sanda täze kärhanalary gurmak boýunça uly işler geçirilýär. Şonuň ýaly döwrebap zawodlaryň biri Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda bina edildi. “Türkmenpagta” döwlet konserni desganyň buýrujysy, “Engin Group Consorcium S.A.” kompaniýasy bolsa onuň portratçysy bolup çykyş etdiler. Bu kompaniýa biziň ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolup durýar.

Täze toplumyň açylmagy mynasybetli baýramçylyga mahsus dabara ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, oba hojalyk işgärleri bar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze kärhananyň golaýyndaky meýdança gondy. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly şowhun bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar.

Bu ýerde şanly wakanyň hormatyna medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şatlyk-şowhun al-asmana göterildi.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiz toplumyň önümçilik binasyna tarap bardy we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze kärhananyň toý bagyny kesdi.

Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girip, kärhananyň dolandyryş merkezine bardy. Bu ýerde kärhananyň hünärmeni milli Liderimiz   Gurbanguly Berdimuhamedowy toplumyň önümçilik işi bilen tanyşdyrýar.

Kärhananyň umumy eýeleýän meýdany 17 gektara golaý bolup, onuň düzümine dolandyryş binasy, önümçilik bölümi, pagta çigidini arassalaýan bölüm, her biriniň sygymy 5 müň tonna bolan iki sany ammar, 13 müň tonna tohumlyk çigit saklamaga niýetlenen ammar, ýokary hilli tohumlyk çigit saklamak üçin 7 müň tonnalyk ammar, barlaghana, 10 müň tonnalyk kabul ediş bölümi we birnäçe ugurdaş hem-de tehniki desgalar girýär.

Ýokarda bellenilişi ýaly, kärhananyň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna önüme deňdir. Bu ýerde oturdylan ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, şol sanda ABŞ-nyň belli “BS Supply” kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary çig maly ýokary hilli  gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi bilen tohumlyk pagta çigidi himiki usulda künjaradan arassalanylýar, kesele garşy işleri ýerine ýetirilýär, tohumlyk çigit ýokumly maddalar  bilen baýlaşdyrylýar we 20 kilogram agramlykdaky haltalara gaplanylýar. Şunuň ýaly enjam sagatda 15 tonnadan gowrak pagta çigidini arassalamaga ukyply bolup, ol bir günüň dowamynda 315 tonna golaý pagta çigidini arassalaýar. Şunlykda, kärhananyň ýyllyk kuwwaty bolan 40 müň tonna tohumlyk çigit 4 aýdan gowrak wagtyň içinde arassalanylar. 

Tutuş Mary welaýaty üçin ähmiýeti uly bolan täze kärhana üç çalşykda işlediler. Bu ýerde 63 işgär hemişelik esasda zähmet çeker. Möwsüm mahalynda ýene-de 200-e golaý adam işe kabul ediler. Umuman, möwsüm mahaly kärhanada jemi 262 adam zähmet çeker.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tohumlyk pagta çigidini taýýarlaýan bölüme bardy. Bu ýerde bölümiň hünärmeni milli Liderimizi uly hormat bilen garşylady. Ol döwlet Baştutanymyza “ak altynyň” bol hasylyny almakda möhüm ähmiýeti bolan ýokary hilli tohumlyk çigidiň taýýarlanyş usullary, onuň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berýär.

Hormatly Prezidentimiz önümçilik işiniň tehnologiýasy we onuň aýratynlyklary, bu ýerde oturdylan enjamlaryň ähmiýeti we onuň häsiýetli tapawutlary bilen gyzyklandy.  

Gowaçanyň sagdyn gämiklerini almak üçin pagta çigidi gabyklardan arassalanýar we ýörite serişdeler bilen işlenilýär, soňra olary nogula öwürýärler. Ekiji enjamlaryň ulanylmagy tohumyň harçlanmagyny dört esse kemeltmäge mümkinçilik berýär. Şunda pagta meýdanlarynda ýekeleme ýaly agrotehniki çäresini geçirmek zerurlygy aradan aýrylýar. 

Pagta çigidini himiki usul bilen arassalaýan bölümde her sagatda gowaça tohumynyň 2880 kilogramy arassalanar we saýlanyp alnar. Bu ýerde bir gije-gündizde pagta çigidiniň 60 tonna golaýy taýýarlanar. Ýeri gelende aýtsak, Mary welaýatynda ekin meýdanlarynyň 165 müň gektary üçin 4950 tonna çigit zerur bolap durýar. Şeýlelikde, täze kärhananyň işe girizilmegi welaýatda pagtaçylyk pudagyny has-da ösdürmek üçin kuwwatly itergi bolar. 

Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem möhüm desganyň gurlan ýeri–  Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby pagta ösdürip ýetişdirmegiň baý tejribesine eýe bolan öňdebaryjy etraplaryň biri bolup durýar. 2014-nji ýylyň möwsüminde bu ýerde suwarymly ýerleriň 45 müň 889 gektarynyň 21 müň 500 gektarynda inçe süýümli we orta süýümli pagta ekildi, ýygnalan hasyl bolsa “ak altynyň” 44 müň 408 tonnasyna deň boldy. 

Hormatly Prezidentimiz kärhana bilen tanyşmagyny tamamlap, Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp we kärhananyň işgärlerine, pagtaçylyk pudagynyň zähmetkeşlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özüne garaşyp duran dikuçara mündi we bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary asmana galyp, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyna tarap ugur alýar. Milli Liderimiz ýolugrunda guş uçar belentlikden oba hojalyk meýdanlaryny synlady. Bu ýerlerde häzir galla oragy we gowaçalara ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl welaýatyň babadaýhanlarynyň öňünde 380 müň tonna däne we 313 müň tonna “ak altyn” ýygnamak wezipesi durýar. 

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň çäginde gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we oba hojalyk toplumyna girýän edaralaryň ýolbaşçylary, şeýlet hem ýerli kärendeçiler mähirli garşyladylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde guralan oba hojalyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Bu sergi Türkmenistanda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň datly miweleri getirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Açyk asmanyň astynda guralan sergide çörek we aş önümleriniň, dürli sortdaky unlaryň görnüşleri, şeýle hem bugdaýyň we gowaçanyň tohumlary görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanşyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň köpugurly  mümkinçilikleriniň bardygyny belledi we oba senagat toplumynyň degişli ýolbaşçylaryna oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda guramak, iň gowy tejribäni we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem daýhanlary zerur bolan tehnikalar we mineral dökünleri bilen üpjün etmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň edara-kärhanalarynyň galla, pagta we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçiler bilen ysnyşykly işlemelidigini belledi. 
   
Milli Liderimiz kärendeçi Jumamyrat Begmyradow bilen söhbetdeş bolup, ondan işleriň barşy, iş şertleri, daýhanlara döredilýän mümkinçilikler hem-de bu şertleriň  olaryň zähmetiniň netijelerine täsiri bilen gyzyklandy. 
Daýhan özüniň üç gektar meýdanynda pagta ösdüpip ýetişdirýändigini we bereketli hasyl almagy umyt edýändigini gürrüň berdi. 

J. Begmyradow häzir ýurdumyzyň daýhanlaryna netijeli işlemek üçin örän amatly şertleriň döredilýändigini, oba hojalyk ekinleriniň hasylyny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanýandygyny buýsanç duýgusy bilen belläp, hormatly Prezidentimize ekin meýdanlarynda we öri meýdanlarynda zähmet çekýän adamlar hakynda elýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Kärendeçiniň nygtaýşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde daýhanlaryň durmuş derejesi ýokarlanýar, şonuň bilen birlikde, olaryň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmasy artýar. Şeýle ýagdaý onuň maşgalasynda hem äşgär duýulýar. 

Kärendeçi häzirki wagtda suwaryş işlerine başlamakçy bolýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize ösüş suwunyň tutulmagyna badalga bermegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz eline pil alyp, suwaryş ýabyndaky toprak böwedini aýyrdy we meýdana akyp başlan suwuň ýoluny açdy. 

Milli Liderimiz daýhan bilen hoşlaşyp, “ak altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi arzuw etdi we kärendeçä gymmat bahaly sowgat gowşurdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçileriň ýene-de biri – Gülbahar Hudaýberdiýewa bilen söhbetdeş boldy. Kärendeçi üç gektar meýdanyna güýzlük däne ekip, bereketli hasyl ýetişdiripdir. Ol milli Liderimiziň sowallaryna jogap bermek bilen, ýerde işlemegiň onuň maşgalasy üçin ygtybarly bereket çeşmesi bolup durýandygyny gürrüň berdi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçiniň ýerini synlap, döwletimiz geljekde hem oba senagat toplumynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak, oba ilaty üçin mynasyp iş we durmuş şertlerini döretmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görjekdigini aýtdy. Sahawatly türkmen topragy olaryň tutanýerli zähmetine bereketli hasyllary eçilýär.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda oba hojalyk toplumynyň döwrebap önümçilik desgalarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Olaryň hatarynda şu gün Sakarçäge etrabynda ulanmaga berlen pagta arassalaýjy kärhana hem bar. Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän zerur, ösen düzümli türkmen obasynyň täze keşbi kemala gelýär. Obalarda ykdysady gatnaşyklar kämilleşdirilýär, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberi ýokarlanýar, netijede daýhanlaryň gurplulygy artýar.  
 
Kärendeçi hormatly Prezidentimize oba zähmetkeşlerine berýän, ähli daýhanlar ýaly öz işinde hem yzygiderli duýýan hemmetaraplaýyn goldawy üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, milli Liderimizden öz meýdanyndaky galla oragyna başlap  bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz   meýdandaky güýzlük dänäniň oragyna badalga berdi. Şol pursat meýdanda däne ýygnaýjy kombaýnlar işe girişdi.

Döwlet Baştutanymyz kärendeçä berk jan saglyk, işinde üstünlik we maşgala abadançylygyny arzuw edip, oňa gymmat bahaly sowgat gowşurdy we onuň bilen hoşlaşdy.  

Soňra milli Liderimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýüzlenip, Watan harmanyna saýlama bugdaýyň 
1 million tonnasyny tabşyran türkmen gallaçylarynyň uly zähmet ýeňşini gazanandyklaryny habar berdi. 

Şonuň bilen birlikde, wise-premýer şanly wakalaryň ýene biri hakynda habar berdi: Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk düzümleýin  guramasynyň /FAO/ 2015-nji ýyla çenli döwür üçin FAO-nyň maksatnamasynda kesgitlenen Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazanan üstünlikleri üçin Türkmenistana ýörite sertifikaty berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bu barada habar bermek bilen, hormatly Prezidentimize degişli resminamany gowşurdy. Bu waka ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň oňyn häsiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk düzümleýin guramasynyň bu sertifikaty düýpli özgertmeler ýoluna düşen Türkmenistanyň bu ugurda, şol sanda azyk bolçulygyny döretmek boýunça uly netijeleri gazanmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bu gün dünýä derejesinde ykrar edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny we azyk senagatyny has-da döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek ýaly möhüm ugurda işleriň dowam etjekdigini nygtady. Milli Liderimiz uly zähmet üstünligini gazanan ýurdumyzyň gallaçylarynyň öz öňlerinde goýan jogapkärli wezipäniň hötdesinden abraý bilen geljekdigine—ýetişdirilen ähli hasyly ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna 1 million 600 müň tonna däne tabşyrjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Degişli makalalar

Gahryman enelere hormat we sylag.

syrach

«Türkmennebit» DK «Honghua International Co,. Ltd.» Kompaniýasyndan Buraw Turbalaryny Satyn Alar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach