6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem täze taslamalar bilen tanyşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň we A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binanyň—350 orunlyk kardiologiýa ylmy-kliniki merkeziň gurulýan ýerine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylary we Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Mälim bolşy ýaly, bu merkezi gurmak hakyndaky karara döwlet Baştutanymyz 2012-nji ýylyň aprel aýynda gol çekdi. Soňky ýyllarda gurulýan lukmançylyk merkezleriniň saglygy goraýyş bölümleri bilen özaralarynda bitewi baglanyşygy emele getirmek arkaly iri toplumlar bolup durýandygy olaryň häsiýetli aýratynlygydyr.

Lukmançylyk toplumynyň baş binasyna barýan ýoluň ugrunda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň ünsüni hassahananyň çäginiň abadanlaşdyrylyşyna çekdi we bu babatda anyk bellikleri we teklipleri aýtdy.

Soňra milli Liderimiz binanyň ýedinji gatyna galdy. Ol ýerde türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly taslamalar goýlupdyr. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň, şol sanda Atamyrat Nyýazow şaýoluny döwrebaplaşdyrmagyň taslamalaryny we çyzgylaryny görkezdi. Mälim bolşy ýaly, bu şaýoly paýtagtymyzyň ulag ýollarynyň ugrunda gurlan ýerasty geçelgeleriň we awtomobil ýollaryny bölüji zolaklaryň jemlenen ýerleriniň biri bolup durýar. Görkezilen taslamamalar bilen jikme-jik tanşyp, döwlet Baştutanymyz olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Bu desgalaryň hemmesiniň ýokary dünýä ülňülerine doly laýyk gelmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň her biriniň gurluşygyna girişilende oňa örän oýlanyşykly çemeleşmegiň we netijeli işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Toýlyýew, P.Taganow, M.Artykow, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow dagy hem gözegçilik edýän düzümlerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni lukmançylyk ulgamy boýunça gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegini we olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny hemişe gözegçilikde saklamaga çekdi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipleri we bellikleri aýtmak bilen, milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de halkymyzyň saglygynyň goralmagyna we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegine ähmiýet berjekdigini belledi.

Binanyň ýedinji gatyndan paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň giň gerimde ýaýbaňlandyrylan iri möçderli gurluşyk işlerine syn edip, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bu künjekde gurulýan dürli maksatly desgalaryň, hususan-da, durky täzelenýän ýollaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäher gurluşygy we binagärlik babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa binanyň eýwanynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň daşky bezeg işleri, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, şeýle hem yşyklandyrylyşy bilen baglanyşykly taslamalar görkezildi. Şeýle hem bu ýerde Daşoguz welaýatynda gurulýan “Daşoguz” şypahanasynyň abadanlaşdyrylmagyna we onuň bezeg işlerine degişli taslamalar hem goýlupdyr.

Görkezilen taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary boýunça birnäçe çyzgylary içgin synlap, döwlet Baştutanymyz olara degişli düzedişleri girizdi we anyk bellikleri aýtdy.

Şunda, milli Liderimiz soňky ýyllarda gurlan we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň üstüniň ýetirilýändigini, olaryň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem gurulýandygyny belledi. Munuň özi ýerlerde ilatymyza ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Hassahananyň binasyndan çykanynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň ünsüni binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, öňi bilen bolsa Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomotologiýa okuw-önümçilik merkeziniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Bekrewede gurulýan Ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Ýadygärlikler toplumyna barýan ýolunyň ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyna degişli möhüm desganyň – 200 orunlyk Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň ýanynda saklandy. Bu merkeziň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Täze merkeziň daşky görnüşini synlap, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we bu möhüm desganyň öz wagtynda tabşyrylmagy, şeýle hem onda iň häzirki zaman enjamlanyň oturdylmagy, gyssagly lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden Bekrewede gurulýan Ýadygärlikler toplumyna geldi.

Taslama laýyklykda, toplumyň çäklerinde Gökdepe söweşiniň gahyrmanlarynyň, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gahrymanlarça wepat bolan ildeşlerimiziň, 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesinde heläk bolanlaryň hormatyna ýadygärlik binalary gurulýar. Şeýle hem bu ýerdäki baş binada toplumyň muzeýi ýerleşer. Onuň ýanaşyk ýerleri suw çüwdürimleri hem-de kiçi heýkel şekillerini özünde jemleýän seýilgähler toplumy arkaly abadanlaşdyrylýar. Geljekde iň bir gelim-gidimli ýere öwrüljek mukaddes künjkde her ýylyň 9-njy maýynda türkmenistanlylar ähli uruşlarda wepat bolan ildeşlerimizi hatyralarlar. 6-njy oktýabrda bolsa Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligine hormat goýlar.

Toplumyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pederlerimize hormat goýmak türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Bu ýadygärlikler toplumy türkmen halkynyň, mähriban Watanymyzyň goragçylarynyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny, edermenligini alamatlandyrýan çuňňur hormatyň we sarpanyň nyşanyna öwrülmelidir. Gahrymanlaryň edermenligi türkmenistanlylaryň ýüreklerinde hemişelik saklanyp, ol ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir.

Ýadygärlikler toplumynyň gurluşygyny alyp barýan Türkiýäniň belli “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu möhüm desgada alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, sadaka geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk binanyň gurluşygynyň taslamasyny we ony ulanmaga bermek bilen baglanyşykly birnäçe anyk teklpleri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara öz gahrymanlary, şeýle hem 1948-nji ýylyň weýrançylykly ýertitremesinde wepat bolanlar hakyndaky halk ýatlamasynyň öçmejek nyşanyny alamatlandyrýan Ýadygärlikler toplumynyň döredilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz binalaryň gurluş aýratynlygyna, häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilişine üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Bu ýerde gurulýan desgalaryň aýratynlyklary, muzeýiň daşky görnüşi we bu ýerde oturdylýan heýkeller milli özboluşlylygy bilen tapawutlanmalydyr hem-de olar degişli mazmun bilen beýan edilmelidir.

Halkymyz üçin mukaddes ýere öwrüljek Ýadygärlikler toplumynda halk hakydasy, arzuwy, pederlerimiziň umytlary, şeýle hem milletiň şöhratly taryhy öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu binalar toplumy türkmen halkynyň edermenliginiň we belent watansöýüjiliginiň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir.

Ýadygärlikler toplumynyň düzüminde gurulýan seýilgäh barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň gözellik döretmelidigini, milli äheňleriň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Lideriimz degişli ýolbaşçylara bu ýerde hatyra çärelerini geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmegine örän oýlanyşykly çemeleşmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Ýadygärlikler toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna seýilgäh zolagyny abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly taslamalar görkezildi. Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olar babatda birnäçe bellikleri aýtdy we taslamalara degişli düzedişleri girizdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň jemini jemläp, degişli ýolbaşçylara Aşgabat şäheriniň ilatynyň ýokary durmuş ülňülerini üpjün etmäge, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin amatly şertleri döretmäge, tutuşlygyna alnanda ýurdumyzyň baş şäheriniň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine hem-de onuň bagy-bossanlyga bürelmegine gönükdirilen şähergurlyşyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we bu ýerden ugrady.

Degişli makalalar

Maldarçylykda Işewürlik Taslamalarynyň Üstünlikli Durmuşa Geçirilmegi Bir Ýylyň Dowamynda Şöhlat Önümleriniň Ýurdumyza Getirilmegini 5,8 Esse Azaltmaga Mümkinçilik Berdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda German ykdysadyýetiniň güni.

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi