8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň

GDA ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soň, geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyk Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan surata düşmek çäresi bilen başlandy.

Milletiň Lideri belent mertebeli russiýaly myhmany türkmen topragynda mähirli garşylap, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Aşgabada bolan bu sapary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklara täze itergi berer we dürli pudaklardaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda geljekki ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berer diýip belledi we D.Medwedewi “Ýedinaýa Rossiýa” (“Bitewi Russiýa”) partiýasynyň başlyklygyna saýlanmagy bilen gutlap, bu jogapkärli işde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi we ýakymly arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň salamyny ýetirdi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda türkmen-rus hyzmatdaşlygyna degişli derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna oňaýly mümkinçiligiň döredilendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Şeýle hem Dmitriý Medwedew Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady we onuň örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň barşynda Türkmenistany we Russiýany irki döwürlerden bäri taryhy we gumanitar gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek arkaly baý tejribäniň toplanandygyny, bu hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyrda doganlyk we dostlukly halklaryň ikisiniň hem uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany döwlet we hökümet derejelerindäki gatnaşyklaryň we pikir alyşmalaryň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagyna ýardam berýändigini nygtap, özara arkalaşykly hereket edilmegine degişli esasy meseleleriň ählisi boýunça diýen ýaly köp ugurly hyzmatdaşlygyň derejesine ýetilendigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň baharynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy hem-de Dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekilmeginiň on ýyllygy bellenildi. Şu ýylda gatnaşyklar has-da giň gerime eýe boldy, döwletara gatnaşyklary boýunça giňişleýin we ygtybarly şertnamalaýyn-hukuk binýady döredildi, häzirki wagtda şol binýat şertnamalaryň, ylalaşyklaryň we teswirnamalaryň 150-ä golaýyny özünde jemleýär.

Dmitriý Medwedew mümkinçilikden peýdalanyp,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä ýetirilen ikitaraplaýyn özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berýändigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara we özara düşünilmegine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilýändiini kanagatlanma bilen belläp, bu döwletiň sebitleri — Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri bilen ösdürilýän hyzmatdaşlygyň hem möhüm ähmiýete eýedigini hem-de onuň iki döwletiň işewürlik bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly we yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Mälim bolşy ýaly, 2012-njy ýylyň üç aýynda Türkmenistanyň umumy haryt dolanyşygynda Russiýa üçünji orny eýeledi, haryt dolanyşygy bolsa ABŞ-nyň 1 milliard 235 million 410 müň dollaryna barabar boldy.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy öz gezeginde iki ýurduň arasynda barha ösýän haryt dolanyşygy köp ugurly häsiýete eýedigini we eksport-import önümleriň görnüşlerine bolan gyzyklanmalaryň artýandygyny belledi.

Munuň özi iki döwletiň we olaryň hökümetleriniň, şeýle hem iki ýurduň gyzyklanma bildirýän ähli pudak edaralarynyň we kärhanalarynyň göwnejaý işlemeginiň netijesidir. Daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekiji bolup durýan türkmen bazarynda Russiýanyň iri kompaniýalarynyň üstünlikli işlemegi munuň aýdyň subutnamasydyr, olar türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça uly möçberli özgertmelere esaslanýan maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar.

Häzirki wagtda özara peýdaly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek arkaly, bilelikdäki kompaniýalaryň 180-e golaýy, rus kompaniýalary, şol sanda “Silowyýe maşiny”, “Itera” “Wozroždeniýe” we beýleki kompaniýalar köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalaryň, ýollaryň, kommunikasiýalaryň gurluşygyna gatnaşýarlar.

Söhbetdeşler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň netijeli işlemeginiň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň ýanynda Türkmen-rus we Rus-türkmen işewürlik geňeşleriniň döredilmeginiň, Aşgabatda we Moskwada söwda öýleriniň açylmagynyň şu ugurdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berýändigini bellediler.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlyga, oba senagat toplumynyň ösdürilmegine, ylym, tehnika, bilim, sport we medeniýet boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň geljekki mümkinçiliklerine degişli meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň ýazynda Aşgabatda Russiýa Federasiýaynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini bellemeli, ýakynda bolsa ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti Astrahan oblastyna bardy we ol ýerde geçirilen medeni çäre iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna oňaýly goşant boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany taraplaryň ýokary derejede baglaşylan ylalaşyklary amala aşyrmakda göwnejaý üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde bu gatnaşyklaryň täze ugurlaryny we mümkinçiliklerini kesgitlemek arkaly, bu netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew halkara derejesindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmek we onuň hukuk binýadyny döretmek, Ýewraziýa giňişliginde ulaglaryň akymlaryny oňaýlaşdyrmak we ekologiýa degişli wezipeleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp jähetlerine aýratyn üns berdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň energiýa üpjünçiligi ulgamynyň halkara-hukuk binýatlaryny kemala getirmäge işjeň gatnaşýan BMG-niň agza döwletleriniň tagallalaryny birikdirmek maksady bilen, BMG-niň howandarlygynda täze düzümiň-Sebitara energetiki gatnaşyklarynyň kemala getirilmegi maksada laýyk hasaplanylýar, munuň özi Arkalaşyga agza ýurtlaryň hemmesiniň açyklyk we aýdyňlyk esasyndaky hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna işjeň ýardam berer.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy öz tarapyndan Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk babatdaky işjeň syýasatyny we oňyn başlangyçlaryny goldaýandygyny mälim edip, döwlet Baştutanymyzy olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, iki ýurdy baglanyşdyrýan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine we pugtalandyrylmagyna hem-de gatnaşyklaryň biziň halklarymyz üçin oňyn netije bermegine hemmetaraplaýyn tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan özara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşdäki deňhukukly we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda taraplar GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň bu gezekki mejlisiniň barşynda garalan meseleleriň derwaýysdygyny nygtadylar, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwrüň ählumumy wezipelerini çözmekdäki giň möçberli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen nobatdaky netijeli tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen birnäçe derwaýys halkara başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat strategiýasy bitarap ýurdumyzy halkara derejesinde, şol sanda Russiýada ygtybarly, döwrüň synagyndan geçen hyzmatdaş hökmünde görülýändigini, şeýle hem parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde umumy ykrar edilen derejä eýe bolandygyny nazara almak bilen, Türkmenistana Orta Aziýada we tutuş sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy birek-birege ynanyşmak, dostlukly we oňyn esasda geçen duşuşygy tamamlamak bilen, bu gezekki gepleşikleriň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler we özara peýdaly döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Hem-de Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni Bilen Gutlady

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Norwegiýa Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi