Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Olar Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, Türkmenistanyň hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we netijelilik ýörelgelerinde guralýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine hem-de Hökümetiniň Başlygyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollamak bilen, milli Liderimiz döwletara hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady we gumanitar ulgamda giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Türkmen-rus gatnaşyklarynyň giň gerimli şertnamalaýyn hukuk binýady muňa ýardam edýär. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň okgunly ösýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamakda uly orun eýeleýän bilelikdäki Hökümetara toparynyň alyp barýan işleriniň netijeli häsiýetini belledi.
Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri öz gezeginde ähli ugurlarda, şol sanda ykdysady ulgamda ösýän döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belledi. Şunda iki ýurduň arasynda ysnyşykly gumanitar gatnaşyklarynyň, hususan-da, ylym we bilim ulgamynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Bu ugurda Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Myhman şeýle hem geçen ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ýokary derejede başlyklyk edendigini belläp, Russiýanyň biziň ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň nukdaýnazaryny goldaýandygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we myhman öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şol däpler iki ýurduň halklaryny baglanyşdyryp, täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, esasy ugurlaryň käbirinde, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ulgamda dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, gyşarnyksyz ösýän haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin örän amatly mümkinçilikler bar. Şunda soňky ýyllarda täze mazmun bilen baýlaşan Türkmenistan bilen Russiýanyň iri sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly, netijeli häsiýeti bellenildi.
Döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde gumanitar-medeni ulgamda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilim hem-de ylym ugry boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, medeni alyşmalaryň özara peýdaly tejribesini dowam etmek barada aýtdylar.
Döwlet Baştutanymyz we myhman Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň hem däbe öwrülen türkmen-rus gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine ýardam edýändigini bellediler.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly sebit we halkara guramalarynyň we düzümleriniň, şol sanda BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde üstünlikli ösýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň beýleki möhüm meseleleri hem gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy, hususan-da, rus tarapynyň Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanmasyny goldaýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dünýäniň gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça nukdaýnazarlarynyň ýakyndygyny ýa-da meňzeşdigini bellediler. Şunda Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny, hususan-da, Hazar meselesine degişli, ekologik meseleleriniň we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini gözläp tapmak bilen bagly döredijilikli başlangyçlaryny we netijeli tekliplerini Russiýanyň goldaýandygy bellenildi.
Jenap Sergeý Lawrow pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderine Birleşen Milletler Guramasynda Russiýanyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň Türkmenistan bilen halkara giňişliginde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýän mizemez dostluk ýörelgelerine hem-de hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna daýanyp, mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň Türkmenistanda üç dildetürkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen kitaplar, şol sanda türkmen döwletiniň Baştutanynyň eserleri bilen uly gyzyklanma bilen tanşandygyny bellemek gerek.
Bu kitaplar ýokary neşirýat usulynda çap edilip, olar Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň baştutanynyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzüminde paýtagtymyza gelen Russiýanyň esasy habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem ünsüni özüne çekendigini bellemek gerek. Şol neşirleriň içinde dürli sapaklar boýunça rus dilinde çap edilen okuw kitaplarynyň hem-de nusgawy edebiýatyň meşhur eserleriniň bardygy guwançlydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de türkmen halkynyň baý taryhy we özboluşly medeniýeti hakynda gürrüň berýän suratly neşirler russiýaly myhmanlarymyzda aýratyn gyzyklanma döretdi.