6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz söweşjeň baýdaklary gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen täze harby bölümleriniň şahsy düzümine söweşjeň baýdaklary gowşurdy. 

Bu dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynda geçirildi. Bu wakanyň Döwlet baýdagynyň gününiň—halkymyzyň ruhy we watançylyk däpleriniň dowamatlylygyny, hoşniýetli we parasatly ýörelgeleri, hakyky gymmatlyklaryň egsilmez güýjüni alamatlandyrýan baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. 

Milli Liderimize garaşýan dabara gatnaşyjylar nyzama düzüldiler… 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berýär. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, bu ýere ýygnanan harby gullukçylar bilen mähirli salamlaşdy. 

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. 



Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna, serkerdelere, harby talyplara we esgerlere ýüzlenip, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda Ýaragly Güýçlerimizi ösdürmäge hem aýratyn üns berlendigini nygtady. 

Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Harby doktrina laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

“Bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam ederis” diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem Ýaragly Güýçlerimizi ýurdumyzda asudalygy we parahatçylygy goramaga gönükdirilen ugurlar boýunça ösdürmek we goşunlaryň gurluşyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek we harby işgärleri taýýarlamak boýunça hem yzygiderli guramaçylyk işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. 

Soňra, ýokarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen täze harby bölümleriň söweşjeň baýdaklaryny gowşurmak dabarasy başlanýar. 

Goranmak ministri B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň söweşjeň baýdaklaryny gowşurmak baradaky haýyş bilen ýüzlenýär. 

Söweşjeň baýdagy kabul etmek üçin gezekli-gezegine harby bölümleriň serkerdeleri baýdakçylar toparynyň öňünde dabaraly ýöriş bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ýanyna barýarlar. 

Milli Liderimiziň elinden söweşjeň baýdagy kabul edip we ony baýdak göterijä berip, serkerdeleriň her biri harby kasama, ata Watanymyza we mähriban halkymyza wepalylygyň, mähriban topragymyzy kükrek gerip goran gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini dowam etmäge taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes baýdaga togap edýär. 

Soňra serkerde we baýdakçylar topary söweşjeň baýdaklary ýazyp, nyzamyň öňi bilen geçip gidýärler hem-de ýerlerine baryp durýarlar. 

…Harby bölümiň söweşjeň baýdagy hem milli baýdak ýaly mukaddes gymmatlykdyr. Iki ýyl mundan ozal hemmämiz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen dabaralaryň şaýady bolduk. Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Tugumyza tagzym edip, Watanymyza we halkymyza wepaly boljakdygy barada kasam eden pursatlary her birimizde uly täsir galdyrdy. 

Türkmen halkynyň uly gymmatlyk, mukaddeslik hökmünde özüniň Tuguna bolan asylly garaýşynyň beýanyna öwrülen bu dessur biziň halkymyzyň ruhy-ahlak däplerine, pederlerimiziň wesýetlerine we olaryň beýik ýörelgelerine pugta ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr. 

Mukaddes Baýdagymyz, Tugramyz, Döwlet senamyz ýaly milli mukaddesliklerimiziň öňünde baş egmek edermenlik görkezen milli gahrymanlarymyzyň, mähriban Watanymyz üçin baş goýan gaýduwsyz pederlerimiziň, türkmen topragynyň goragçylary, ady rowaýata öwrülen taryhy şahslarymyzyň, mähriban Watanymyzyň öňünde baş egilmeginiň nyşanydyr. Bu bolsa biziň halkymyzyň kuwwatly döredijilik güýje ynanýandygynyň aýdyň alamatydyr. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bolan mahaly özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda şeýle belledi: 

“Ýurdumyzyň Harby doktrinasy goranmak häsiýetlidir, ýöne bu biziň döwletimiziň harby ugurda iň täze gazanylan üstünliklerden çetde durjakdygyny aňlatmaýar. Biziň halkymyza mahsus bolan watançylyk, Watany söýmek duýgulary häzirki zaman ýörelgelerine we talaplaryna laýyklykda özgerdilýän Ýaragly Güýçlerimizde gulluk edýän, ýurdumyzyň çäkleriniň bitewüligini we özygtyýarlylygyny goraýan harby gullukçylarymyzyň hünär endiklerine hem ornaşdyrylýar. Milli goşunymyz, harby-deňiz güýçlerimiz, serhet goşunlarymyz, hukuk goraýjy edaralarymyz, şeýle hem olary häzirki zaman ýaraglary bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak Hökümetimiziň hemişe üns berýän ugurlary bolar”. 



Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri geçen iki ýylyň dowamynda iş ýüzünde doly beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde bina edilen desgalaryň onlarçasy milletiň Lideri tarapyndan ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, serhetçiler üçin has amatly durmuş şertlerini döretmek maksady bilen hem-de ata Watanyň parahatçylygy we asudalygy, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmek maksady durmuşa geçirilýän çäreleriň aýdyň subutnamasy boldy. 

Bular barada aýtmak bilen, milli Ýaragly Güýçlermiziň kuwwatynyň parahatçylygy goramaga gönükdirilendigini aýratyn nygtamalydyrys. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby doktrinasy goranyş häsiýetinde bolup, ol ýurduň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Türkmen esgerleri döwletimiziň edýän yzygiderli aladasyna mynasyp jogap berýärler. Olar iň täze harby tehnikalara ussatlyk bilen erk edýärler. Amaly we söweşjeň taýýarlygyň ýokkary derejesini görkezýärler. “Galkan” ady bilen her ýyl geçirilýän atyşykly harby-taktiki görkezme okuw türgenleşikleri munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny we Milli Goşunymyzyň kuwwatyny görkezmek maksady bilen, her ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan geçirilýän okuw-türgenleşigine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli kysymlary diýen ýaly : artilleriýa, awiasiýa, pyýada goşun, howa hüjüminden goranyş güýçleri we ýörite maksatly goşunlar gatnaşýarlar. 

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe goşunlaryň beýleki kysymlary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri hakynda edilýän alada hem täze derejä göterildi. Ýurdumyzyň Hazar deňzindäki çäklerini gorap, döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de türkmen halkynyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýän deňizçi harby gullukçylar munuň üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirýärler. Döwlet tarapyndan deňizçi harby gullukçylar barada alada edilmegi netijesinde, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmek boýunça tassyklanan maksatnama laýyklykda, harby flotuň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýagdaýda döwrebaplaşdyrylýar. 

Ýurdumyzyň harby kuwwatynyň ýeke-täk maksady – parahatçylygy pugtalandyrmak, Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksadyna hyzmat edýändigini ýene-de bir gezek bellemelidiris, çünki Türkmenistanyň Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň daşary syýasaty hiç haçan zor salyş häsiýetine eýe bolmaz, Türkmenistan sebitde örän ähmiýetli parahatçylyk dörediji merkeze öwrülmek bilen sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin ähli tagallalary edýär. 

Sebitde gapma-garşylyklary çözmekde ylalaşdyryjy hökmünde türkmen döwletiniň uly tejribesi bardyr. BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň hut Aşgabatda hereket edýändigi hem çuňňur mana eýedir. Birleşen Milletler Guramasy bu merkeziň işine ýokary baha berdi. Ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlygynyň ähli meselelerini diňe halkara hukugy esasynda çözmäge çagyryp, bu ýörelgä gyşarnyksyz eýerýär. 

Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyna oňyn çemeleşmesi türkmen döwletiniň Baştutanynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe süren başlangyçlarynda nobatdaky gezek öz aýdyň beýanyny tapandygyny bellemek ýerlikli bolardy. 

Taryhy sapaklar we halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman tejribesi derwaýys meseleleri we günüň wehimlerini çözmekde dünýäniň döwletleriniň sazlaşykly we ulgamlaýyn özara gatnaşyklarynyň netijelidigini ençeme gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Häzir Milletler Bileleşigi parahatçylyk we ylalaşyklylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş ýaly ählumumy gymmatlyklary gazanmaga gönükdirilen oňyn syýasaty durmuşa geçirmekde özüniň netijeliligini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz öňünde goýan maksatlary we wezipeleri, onuň daşary syýasatda daşary ykdysadyýet ulgamynda ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem dürli meseleleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşme dünýä ösüşiniň barşy bilen sazlaşyk döredýär. 

Türkmenistanyň sebit we dünýä derejesinde anyk ädimler hem-de iş ýüzündäki hereketler, häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga we çözgütleri kabul etmäge ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy bilen berkidilen parahatçylyk döredijilikli garaýyşlary biziň döwletimize özara düşünişmek we ynanyşmak, ähli döwletleriň we halklaryň bähbitlerini berjaý etmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ukyply dünýä ösüşlerine doly hukukly gatnaşyjy hökmündäki derejesini tassyklamaga mümkinçilik berýär. 

Türkmenistanyň öňe sürýän, umumydünýä ösüşiniň düýpli meselelerini çuňňur seljermäge, parahatçylyk döredijiligiň ulgamlaýyn, toplumlaýyn dünýä we milli tejribesine esaslanýan täze teklipleri halkara gün tertibiniň has derwaýys meseleleri boýunça oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. 



Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly, köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan oňa ählumumy gatnaşyklaryň häzirki zaman ulgamynyň esasy daýanjy, dünýä giňişliginde parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň, howpsuzlygyň häzirki gurluşynyň durnuklylygynyň kepili hökmünde garaýar. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döwletleriň özara gatnaşyklarynyň umumadamzat tejribesiniň örän gymmatlylygyna we möhümdigine ünsi çekýär. Munuň özi geçen asyryň ikinji ýarymynyň dowamynda we täze müňýyllygyň başynda dünýä syýasatynyň taryhy tarapyndan tassyklanyldy. Türkmenistan BMG-ni özgertmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky derwaýys meselelere köptaraplaýyn diplomatiýanyň halkara-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek bilen berk baglylykda garaýar. Şol diplomatiýa bolsa uzakmöhletleýin maksatnamalar bilen baglylykda hereket etmäge we häzirki zamanyň wehimlerine jogap bermäge ukyplydyr. 

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen bitaraplyk derejesine hem-de parahatçylyk söýüjilik, birek – birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörleglerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasaty barada gürrüň etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu syýasatyň diňe bir türkmen halkynyň milli bähbitlerine däl, eýsem parahatçylyk we howpsuzlyk şertlerinde beýleki döwletleriň we halklaryň ösüşiniň bähbitlerine hem laýyk gelýändigini nygtaýar. 

Şu geçen ýyllarda Türkmenistan özüni sebitde syýasy durnuklylygy aýawly saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Bellenilişi ýaly, munuň özi sebitiň döwletleriniň ählisiniň goldamagynda halkara bileleşiginiň 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezini açmak baradaky çözgüdinde hem tassyklanyldy. Türkmenistan bu çözgüdi ägirt uly jogapkärçilik we şol bir wagtyň özünde, BMG-niň hem-de goňşy döwletleriň biziň ýurdumyza bildiren uly ynamy hökmünde kabul etdi. 

Türkmenistan häzirki günde, dünýädäki täze ýagdaýlar bilen baglylykda, BMG-niň Tertipnamasynyň ynsanperwer maksatlarynyň we ýörelgeleriniň halkara tertibiniň ahlak we hukuk sütüni bolmagyny dowam etdirýändigine berk ynanýar. 

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň bölüminiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň açylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gyşarnyksyz durmuşa geçirilýän we dünýä giňişliginde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň möhüm ädimi bolup durýar. Ženewada BMG-niň esasy edaralarynyň birnäçesi, şeýle hem beýleki iri halkara guramalarynyň ştab-kwartiralary ýerleşýär. 

Halkara gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýän taglymatlaýyn düzgünler özleriniň gatnaşyklaryň dürli görnüşlerini işläp taýýarlamak meselelerine täzeçil çemeleşmegi bilen özüne çekiji bolup durýar. 

Türkmenistan dünýädäki islendik gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmagyň tarapdary hökmünde çykyş etmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara meseleleriniň ählisini çözmekde syýasy-diplomatik serişdeleri ulanmak baradaky degişli halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamagy maksada laýyk hasaplaýar. 

Şeýle resminamanyň kabul edilmegi döwletara gatnaşyklarynda gapma-garşylyklary çözmekde güýç ulanmak usullaryndan peýdalanmagyň mümkinçiliklerini ep-esli azaltmaga, umumydurnuklylyk we howpsuzlyk üçin şunuň bilen baglanyşykly howplaryň ýüze çykmagyny peseltmäge ýardam berer. 

Türkmen döwletiniň beýleki bir möhüm başlangyjy – Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk boýunça Forumy döretmek baradaky başlangyjy hem sebitleýin howpsuzlygyň we durnuklylygyň berk hem-de netijeli ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Bu Forumyň çäklerindäki birinji duşuşygy Aşgabatda geçirmek teklip edilýär. Şol Forumyň syýasy netijeleriniň biri hökmünde Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylykly ösüş boýunça Maslahat beriji Geňeşi döretmek maksada laýyk hasaplanylýar. 

Mälim bolşy ýaly, ýaragsyzlanmak prosesi, ikinji nobatda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy we ýaraglaryň beýleki görnüşleriniň ýaýradylmazlygy ählumumy howpsuzlygyň ulgamlaýyn esaslaryny pugtalandyrmagyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy we onuň hukuk derejesiniň aýratynlyklary Milletler Bileleşigine sebitleýin derejede prosesleriň barşyna we häsiýetine oňyn täsir etmek, halkara gatnaşyklarynyň hemişe hereket edýän mehanizmlerini ýola goýmak, özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin oňat mümkinçilikleri açýar. 

Türkmenistan hemişe-de degişli halkara-hukuk esasyny pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap, garaşsyzlyk ýyllary içinde köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny, ilkinji nobatda, ýadro, himiki, bakteorologiki (biologiki) we beýleki ýaraglary gadagan edýän möhüm konwensiýalaryň birnäçesine goşuldy. 

2010-njy ýylyň iýunynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýanyň we Hazar deňzi sebitiniň döwletleriniň ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça Halkara maslahatynyň geçirilmegi bu sebitiň döwletleriniň syýasy gatnaşyklary üçin giň mümkinçilikleri döretmäge ýardam etdi. 

Şeýlelikde, Türkmenistan BMG-niň belent münberinden häzir bütin adamzady tolgundyrýan häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürmek bilen, özüniň dünýäniň iri parahatçylyk dörediji merkeziniň derejesini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üçünji müňýyllygyň ählumumy Maksatlaryna ýetmek işine ýardam edýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, diňe parahatçylyk dörediji taslamalar islendik ýurduň, şeýle hem bütin adamzadyň ýagty geljegine barýan köprüleriň ygtybarly sütünleri bolup hyzmat edip biler. Türkmenistanyň daşary syýasatdaky başlangyçlary, hakykatdan-da, ählumumy howpsuzlygyň täze arhitekturasyny döretmegiň parahatçylykly taslamalary bolup, häzirki döwürde durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. 

…Söweşjeň baýdaklary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenýär. 

Milli Liderimiz harby gullukçylary şanly waka—söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy bilen gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes harby gullukda uly üstünlikler arzuw etdi. 

Şu günki dabara siziň üçin ýatdan çykmajak buýsançly wakadyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen täze harby bölümlere gowşurylan söweşjeň baýdaklaryň Watan goragçylarynyň buýsanjy we şöhraty bolmak bilen, ýurdumyzyň asudalygyny goramakda harby gullukçylaryň söweşjeň ruhuny has-da belende göterjekdigine, berkarar Watanymyza öçmejek söýgi döretjekdigine ynam bildirdi. 

Ähli döwürde-de goşunyň buýsanjy hasaplanýan söweşjeň baýdaga tagzym edilýär, onuň öňünde Watana wepalylyk kasamy ýerine ýetirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de Watana baky wepalylygyň nyşany hökmünde şu gün gowşurylan söweşjeň baýdaklaryň ygtybarly we ynamly gollarda saklanjakdygyna ynam bildirdi. 

-Söweşjeň baýdagy götermek we goramak mukaddes borçdur. Siz mundan beýläk-de söweşjeň baýdaklaryň astynda eden watançylyk kasamyňyza wepaly bolup, harby gulluk borjuňyzy abraý bilen, birkemsiz ýerine ýetirmelisiňiz–diýip, milli Liderimiz nygtady we Watana wepaly gulluk etmegi halkymyzyň hemişe uly abraý, mertebe hasaplandygyny, halkymyzyň watansöýüjilige ýugrulan şöhratly taryhynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ýol-ýörelgelerine häzirki nesilleriň hem gyşarnyksyz eýerýändiklerini belläp, ýaş harby gullukçylaryň Türkmenistanyň Watan goragçysy diýen belent ada hemişe mynasyp bolmalydygyny nygtady. 

Golaýda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň özüniň döredilmeginiň 22 ýyllygyny hem-de Watan goragçylarynyň gününi belländigini ýatlatmalydyrys. Bu baýram Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2008-nji ýylda döredildi we her ýyl 27-nji ýanwarda bellenilýär. Onda Watan we goşun diýen düşünjeleriň bitewi sazlaşyga eýe bolandygynyň çuňňur manysy bardyr. Bu baýramçylyk türkmen döwletiniň türkmenistanlylaryň parahatçylykly zähmetini we asuda durmuşyny, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň mizemezligini goramak boýunça örän wajyp wezipäni ýerine ýetirmekde Ýaragly Güýçleriň harby gullukçylaryna uly ynam bildirýändiginiň nyşanydyr, şeýle hem olar barada hemişe yzygiderli alada edýändinginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, ýygnananlary olaryň harby bölümleriniň durmuşyndaky şanly waka – söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Watanymyzy ygtybarly goramak ugrundaky harby gullukda uly üstünlikleri arzuw etdi. Goý, Watan goragçylarynyň mertebesi we şöhraty hemişe belentde bolsun diýip, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy nygtady. 

Gutlag sözüniň dowamynda her gezek döwlet Baştutanymyz gutlaglaryny we arzuwlaryny beýan edende, harby gullukçylar üç gezek “Ura!” diýip, batly ses bilen gygyrýarlar. 

Dabara gatnaşyjylar –Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň şahsy düzümi bildiren ynamy hem-de milli goşuny, harby we hukuk goraýjy edaralary kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak meselelerine uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk edýärin!” diýip, harby kasamy ýerine ýetirýärler. 

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar watançylyk kasamyny kabul edýärler. 

Döwlet Baştutanymyz şu baýdaklaryň astynda harby sungatynyň kämilleşdiriljekdigine, Watanymyzyň ygtybarly goralmagynyň hatyrasyna düzgün-nyzamyň berkejekdigine ynam bildirip, harby gullukçylary bu waka bilen ýene-de bir gezek gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara mähriban Watanymyza gulluk etmek ýaly asylly işde ýene-de bir gezek üstünlikler arzuw etdi. 

Şol pursat bu ýere ýygnananlar “Belent Serkerdebaşa şöhrat!” diýip, buýsanç bilen gaýtalaýarlar. Döwlet Baştutanymyz olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 

Täze harby bölümleriň terjimehalyny başlan bu wakanyň milli goşunymyzyň senenamasyna aýdyň sahypalar bilen ýazyljakdygy gürrüňsizdir. Çünki Türkmenistanyň özygtyýarlylygy yglan edilenden üç aý geçenden soň döredilen Ýaragly Güýçlerimiz ýurdumyz bilen bilelikde ösdi, kämilleşdi, ýyl-ýyldan özüniň kuwwatyny artdyrdy. 

Şol gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerine söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyna Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak dabarasy boldy. 

Bu dabara mynasybetli guralan konsertde harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlary Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistany wasp edýän watançylyk aýdymlaryny ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistan bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parasatly syýasaty netijesinde parahatçylyk döredijiligiň, ykdysady we ruhy ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

syrach

Türkmenistan’ın Yeni Elçisi Basın Mensuplarıyla Bir Araya Geldi

syrach

Dine Uýmak Erkinligi we Dini Guramalar Atly Tegelek Stol Çäresi Geçirildi