Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda häzirki döwürde ýurdumyzda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa söz berdi.
Häkim häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, zyýan berijileriň garşysyna ýaýbaňlandyrylan göreş çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan binalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň ähli ugurlaryny, esasan-da, durmuş düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan binalaryň we desgalaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli tamamlanmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz galla oragyna taýýarlyk meselelerine degip geçmek bilen, orak möwsümine gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmeti we oňaýly dynç alşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, orakda işleýänler üçin durmuş we medeni taýdan döwrüň talabyna laýyk derejedäki hyzmaty ýola goýmak boýunça häzirden zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow hasabatyny häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň gidişi, şeýle hem sebitiň ilatynyň durmuş ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler baradaky hasabatdan başlady. Mundan başga-da, häkim şu günler ot-iýmlik we gök-bakja ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly alnyp barylýandygyny, möhüm möwsüm bolan galla oragyna ýörite düzülen maksatnama esasynda taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny habar berdi.
Milli Liderimiz durmuş hem-de senagat düzümini sazlaşykly ösdürmegiň zerurdygyny bellemek bilen, welaýatyň ykdsadyýetiniň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy. Oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça meýilnamalaýyn çäreleriň döwrüň talaplaryna laýyk derejede geçirilmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu işleriň utgaşykly alnyp barylmalydygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba zähmetkeşleriniň durmuşynda jogapkärli möwsüm bolan galla oragyna taýýarlyk işleriniň hemmetaraplaýyn we ýokary derejede alnyp barylmalydygyny, möwsümiň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda şu günlerden zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we galla oragyna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, gowaça ekişiniň barşy, şol bir wagtyň özünde oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän beýleki agrotehniki çäreleriň ýagdaýynyň döwrüň talabyna doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sebitiň oba hojalyk toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, galla oragyna ykjam taýýarlyk görmek, şeýle hem orak möwsüminde işleýänler üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine degişli meselelere jogapkärçilikli çemeleşmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz orak möwsüminde işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
Sebitiň çäklerinde bar bolan gurluşyk düzümleriniň ählisiniň welaýatyň garamagyna berlendigine ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hemmesini berk gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş malsahtanyda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň tassyklanan iş meýilnama esasynda alnyp barylýandygy, şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan iş meýilnamasy hakynda habar berdi. Häkim hasabatynyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde gurulmagy meýilleşdirilýän täze, döwrebap obanyň taslamalaryny görkezdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu babatda alnyp barylýan işlere toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň ekerançylk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk toplumynda zyýan berijilere garşy göreşmek we galla oragyna toplumlaýyn häsiýetde taýýarlyk görmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz täze döwrebap obanyň keşbinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribesiniň utgaşmalydygyny, olarda ilatymyz üçin ähli amatlyklaryň döredilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, ekişiň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem zyýan berijilere garşy göreşmek babatda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da ol sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meseleler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, esasan-da, gowaça ekişiniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny, olaryň öz möhletlerinde tamamlanmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz sebitiň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň utgaşykly ýerine ýetirilmelidigini, şol bir wagtyň özünde zyýan berijilere garşy göreş çäreleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny aýtdy.
Gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz gurulýan binalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmelidigini, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk şertleriň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, şäheriň durmuş ulgamyny ösdürmek hem-de ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk çärelerini yzygiderli berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirilende olarda halkymyzyň göwnejaý durmuşyny üpjün edýän ähli amatlyklaryň göz öňüne tutulmalydygyny belledi. Ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolan ak mermerli Aşgabatda gurulýan binalarda halkymyzyň asylly ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň sazlaşygynyň üpjün edilmeldiigini, olarda halkymyz üçin ähli amatly şertleriň döredilmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda Ş.Atanyýazowanyň Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenilýändigini we onuň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadylýandygyny aýdyp, degişli resminama gol çekdi.
Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin çäreler, gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna taýýarlyk görluşi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, bag ekiljek ýerleriň çäkleri, olaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşleri barada maglumat berýän şekilleri görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň netijeli derejesini üpjün etmek üçin bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Häzirki döwrüň möhüm meselesi bolan ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşmagynda uly ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň wajypdygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz bu işlere jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda maksatnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.
Soňra wideoşekilli iş maslahatyna göni aragatnaşyga çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk düzümlerini yzygiderli ösdürmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Demirgazyk-Günorta halkara demir ýolunyň Bereket-Etrek demir ýolunyň guruşygynda alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen iş saparynda bolandygyny we ol ýerde durmuşy geçirilýän çäreler, işiň depginini güýçlendirmek boýunça edilýän tagallalar barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýetini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Esasan-da, döwlet Baştutanymyz yklymara gatnaşyklaryň üstünlikli ýola goýulmagynda möhüm ähmiýeti bolan Demirgazyk-Günorta halkara demir ýoluna wajyp ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilşi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýatlarynyň oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin hem-de şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek boýunça ýörite ýer gaznalarynyň möçberini tassyklamak hakyndaky Kararyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi.
Şeýle hem ol ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap täze obalaryň gurluşygyny ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, nusgalyk obalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanyşy barada aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilýän täze obalaryň taslamalaryny welaýat häkimleri, wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de beýleki degişli düzümler bilen bilelikde oýlanyşykly işlenip taýýarlamalydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň çäklerinde gurulýan täze obalarda bina edilýän desgalaryň milli binagärlik ýörelgeleri we häzirki zaman tejribeleri esasynda gurulmalydygyny, olarda ähli amatlyklaryň döredilmelidigini, obalarda degişli düzümleriň döwrebap desgalarynyň bina edilmegini tabşyrdy we wise-premýerden bu işlere hemişelik gözegçiligi ýola goýmagy berk talap etdi.
Şeýle hem iş maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi şu ýyl doglan gününiň 290 ýyllygynyň dabarasy halkara derejesinde bellenilýän türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijili hakynda giňişleýin gürrüň berýän Ynsan kalbynyň öçmejek nury atly kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Olar döwlet Baştutanymyzyň milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkyna gutlaglarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň beýik şahyryň ömrüne we döredijilik ähmiýetine bagyşlanan makalalaryndan we çykyşlaryndan alnan täsirli jümlelerden ybarat bolan bu neşiriň giň okyjylar köpçüligi üçin örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Iş maslahatynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.