13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmegiň meseleleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi. 

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamysyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda pagta ýygymy bilen bir hatarda, güýzlük däne ekinlerine ideg işleri we oba hojalyk tehnikasyny taýýarlamak boýunça giň möçberli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, ol ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, gowaça meýdanlarynda bar bolan hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagy, umuman, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. 

Esasan-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde bar bolan suwaryş desgalarynyň, zeý suw akabalarynyň degişli derejede saklanmalydygyny, bu babatda ýurdumyzyň Suw hojalyk ministrliginiň hünärmenleri bilen bilelikde iş alnyp barylmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur bolan taýýarlyk çäreleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojammämedow çagyryldy. Häkim öz çykyşyny häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işler, bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän agrotehniki çäreler, oba hojalyk tehnikasyny abatlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatdan başlady. Welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň barşynda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, häkim welaýatyň merkezinde Baýdak meýdançasynyň ýerleşjek ýerleri bilen baglanyşykly taslamalary görkezdi. Mundan başga-da, ol milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. 

Milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ýerleriň we oba hojalyk tehnikalarynyň geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlyk işlerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň görnüşlerini artdyrmakda topraga edilýän idege möhüm ornuň degişlidigini belläp, hormatly Prezidentimiz agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, sebitiň çäklerinde bar bolan suwaryş ulgamlarynyň degişli derejede saklanmagynyň wajyp meseledigini nygtady. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna hemmetaraplaýyn we ykjam taýýarlyk görülmelidigini belläp, sebitiň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna üns berilmelidigini aýtdy. Esasan-da, döwlet Baştutanymyzyň welaýatyň Baýdak meýdançasynyň töwereginiň bagy-bossanlyga bürenmelidigini hem-de meýdançada ýörite dabaralary geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meselesi barada durup geçmek bilen, B.Hydyrowy saglyk ýagdaýy sebäpli, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipesinden boşatmak we bu wezipä Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimi wezipesinde işlän Ý.Gylyjowy bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi. 

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, pagta ýygymynyň barşy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri, şeýle hem oba hojalyk tehnikasyny geljekki möwsüme taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň ähli etraplarynda we şäherlerinde Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, häkim welaýatyň merkezinde ýerleşjek Baýdak meýdançasynyň taslamalaryny görkezdi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, sebitiň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan işleriň depginlerini we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Pagta hasylyny doly ýygnap almak we güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreleri öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçimegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli ýerlerinde bar bolan suw howdanlarynyň ýagdaýyny seljerip, suwaryş desgalaryny, zeý suw akabalaryny arassalamak işlerini ýokary derejede alyp barmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem milli Liderimiz obasenagat toplumynyň işgärleriniň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda ähli taýýarlyk işlerini görmegi, has tapawutlanan kärendeçileri we mehanizatorlary dabaraly ýagdaýda sylaglamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olar boýunça birnäçe bellikleri aýtdy. 

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada aýratyn durup geçdi. Häkim oba zähmetkeşleriniň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly baýrama – Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýtdy. Mundan başga-da, ol welaýatyň merkezinde Baýdak meýdançasynyň ýerleşjek ýerleri bilen baglanyşykly taslama hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, pagtanyň galan hasylyny çalt ýygnamagy, ýerlerde agrotehniki çäreleriň göwnejaý geçirilmegi bilen baglanyşykly işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigi barada anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýerleriň we tehnikalaryň geljekki möwsüm üçin degişli derejede taýýarlanmalydygyny tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde welaýaty durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. 

Mundan başga-da, milli Liderimiz Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmegi, gowy netijeleri gazanan kärendeçileriň sylaglanmagy boýunça ýörite degişli çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatda dörediljek Baýdak meýdançasyna örän jogapkjärçilikli çemelişmelidigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda A.Bäşimowy Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Saýat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary N.Joraýewi şol etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatda alnyp barylýan işler, oba hojalyk toplumynda, şol sanda gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny ýygnamak boýunça amala aşyrylýan çäreler, oba hojalyk meýdanlaryny we tehnikany täze möwsüme taýýarlamak babatda görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Esasan-da, häkim galan hasyly doly ýygnap almak, ýerlerde agrotehniki çäreleri ýokary derejede alyp barmak, şeýle hem Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi. Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işler häkimiň hasabatynyň esasyny düzdi. Mundan başga-da, ol Baýdak meýdançasynyň ýerleşjek ýeriniň taslamalaryny görkezdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň hemmesiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek meselesine ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Welaýatyň suwaryş desgalaryny tertibe salmagyň, zeý suw akabalaryny we beýleki suwaryş ulgamlaryny arassalamagyň döwrüň möhüm meselesidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýurdumyzyň Suw hojalyk ministrliginiň hünärmenleri bilen bilelikde iş alyp barmagyň möhümdigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli taýýarlyk çärelerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini, gowy netije gazanan kärendeçileriň höweslendirilmelidigini tabşyrdy. Şeýle-de milli Liderimiz Baýdak meýdançasynyň ýerleşjek ýeri barada aýdyp, bu ýerde döwlet derejesinde möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigi barada häkime anyk görkezmeleri berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz guramaçylyk meselesine degip geçmek bilen, O.Kowusowany Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň Aşgabady has-da abadanlaşdyrmak, baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy barada durup geçdi. 

Milli Liderimiz Aşgabat şäherini ösdürmegiň tapgyrlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, gurulýan binalaryň içki we daşky bezeg işlerine, olarda döredijilikli işlemek hem-de göwnejaý ýaşaýyş üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydyr we paýtagtymyzda durmuşyň ähli zerur ulgamlary üpjün edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ekologiýa derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimi wezipesine R.Annaberdiýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana hem-de Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şol etrabyň häkiminiň orunbasary A.Gurbanowyň üstüne ýüklemek hakyndaky Karara gol çekdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň suw hojalyk ministri S.Taganow çagyryldy. Ol öz gezeginde häzirki döwürde ministrligiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň suw howdanlarynyň ýagdaýyny seljermek, olary we beýleki suw akabalaryny arassalamak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Şeýle hem ol Özbegistan Respublikasynyň Ürgenç şäherinde Aral deňziniň meseleleri boýunça halkara maslahatyna gatnaşandygy, onda hormatly Prezidentimiziň sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldalynýandygyny we bu babatda anyk wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş desgalarynyň tertibe salynmagynyň, zeý suw akabalarynyň we beýleki suwaryş ulgamlarynyň arassalanmagynyň we täze suw howdanlaryny gurmak boýunça meseleleriň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerinde bar bolan suw howdanlarynyň ýagdaýlaryny seljerip, olar boýunça welaýat häkimlikleri bilen bilelikde iş alyp barmak boýunça ministre birnäçe tabşyryklary berdi. 

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara türkmen-rus toparynyň Moskwa şäherinde geçirilen sekizinji mejlisiniň jemleri hakynda hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine strategiki häsiýete eýe bolan we özara bähbitli, uzakmöhletleýin esasda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleler girizildi. Moskwada geçirilen duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, senagat pudaklary we maşyn gurluşygy ýaly ileri tutulýan ugurlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maliýe-bank ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň we telekeçileriniň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri hem gyzyklanyp pikir alyşmagyň meselesi hem boldy. 

Gumanitar ulgamynda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, sport ugurlary boýunça däbe öwrülen gatnaşyklary has-da ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama kabul edildi. Toparyň nobatdaky mejlisini 2015-nji ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçirmek bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen-rus gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrmak, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şonuň ýaly duşuşyklaryň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine ägirt uly ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz durnuklylygyň we düýpli meseleler boýunça özara düşünişmegiň döwletara gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlygy bolup durýandygyny nygtady. Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen taraplar biziň ýurtlarymyzyň halklaryny baglanyşdyrýan, asyrlarboýy dowam edip gelýän dostluk we birek-birege hormat goýmak däplerine daýanýarlar. Munuň özi Türkmenistanyň we Russiýanyň, şol sanda sebitleriň derejesindäki özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini çözmekde hyzmatdaşlyk üçin oňat esas bolup durýar. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň sekizinji mejlisiniň netijeleri baradaky hasabata degişli meseleler garalan wideoşekilli iş maslahatyny dowam edip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda däp bolan döwletara gatnaşyklaryny onuň ähli ugurlary boýunça pugtalandyrmaga ýardam edýän iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmäge degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçýän wideoşekilli iş maslahatyna ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimow çagyryldy. Ol döwlet Baştutanymyza türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri hakynda hasabat berdi. Bu sapar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ikinji mejlisine gatnaşmak üçin amala aşyryldy. 

Bellenilişi ýaly, toparyň Kazanda geçirilen mejlisiniň gün tertibine esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri girizildi. Hususan-da, söwda-ykdysady, nebitgaz, ulag, energetika, oba hojalygy, dokma we azyk senagaty, maşyn gurluşygy, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça geljekki işler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Gumanitar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmek, ozaly bilen bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda giňeltmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, teklipleriň birnäçesi, şol sanda türkmen we tatar halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we dünýä ýaýmak, muzeý we kitaphana işleri ulgamynda tejribe alyşmak, Tehnoparklary dolandyrmak boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny amala aşyrmak hakynda teklipler beýan edildi. Şonuň bilen birlikde, duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde sport we syýahatçylyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bir pikire geldiler. 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agazalary “KAMAZ”, “TANEKO”, “Tatnebit” ýaly açyk paýdarlar jemgyýetlerine we beýleki iri senagat kärhanalaryna baryp gördüler. Şonda olaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň tanyşdyryş çäreleri boldy. Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen bolan duşuşygyň barşynda hem hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Tatarystan bilen özara gatnaşyklarymyzda biz ýokary tehnologiýalar ulgamyny we ylym bilen bagly önümçilikleri ösdürmäge aýratyn üns berýäris diýip belledi. Bu geljegi uly ugur bolup, Tatarystanyň eýe bolan mümkinçilikleri, şeýle hem ýokary tehnologik ýola düşýän türkmen ykdysadyýetiniň anyk zerurlyklary bilen şertlendirilendir. Ýurdumyzy çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnama babatda şeýle hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmagyň hem-de olaryň arasyndaky öňden gelýän asylly däpleri berkitmegiň ähmiýetini belledi. 

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň alyp barýan işiniň möhüm ornuny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu tejribe özüni özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň netijeli usuly hökmünde görkezdi diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet we ösüş ministrine geçirilen mejlisiň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly bolan birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz beýleki meselelere geçmek bilen, W.Abdylhekimowa ýurdumyzda öndürilýän eksport harytlarynyň, ýokary hilli dokma we azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işleri artdyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşyna gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu maksatnamanyň çäklerinde welaýatlary ösdürmek boýunça 2015-nji ýylda durmuşa geçirilmeli meýilnamalar ýerlerde işleriň ýagdaýyna düýpli seljermäniň geçirilmegi esasynda düzülmelidir. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ulag we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklary, şol sanda garamagyndaky pudaklaryň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän hakynda hasabat berdi. 

Hasabatyň çäklerinde ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan “KAMAZ” kysymly awtoulaglary we ýörite tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada giňişleýin habar aýdyldy. Geçirilen işleriň netijesinde jemi bahasy ABŞ-nyň 125 million 712 müň dollaryndan gowrak bolan 1492 sany “KAMAZ” kysymly awtoulaglary we tehnikalary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak göz öňünde tutulýar. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, köpugurly ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmegiň, ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, ulag-üstaşyr, serişdeler kuwwatyny durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň okgunly, netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen nygtady, döwlet Baştutanymyz türkmen-tatar gatnaşyklarynyň netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi, özara gatnaşyklaryň gazanylan uly tejribesi we köpugurly mümkinçilikleri, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň öňden gelýän taryhy gatnaşyklary, medeni we ruhy umumylygy şu hyzmatdaşlygyň esasynda goýuldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Tatarystanyň iri kärhanalary bilen mäkäm, uzak möhletli özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýdyp, mysal hökmünde “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň işini belledi. Häzirki wagtda türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda bu belli kysymdaky, özüniň oňat tarapyny görkezen awtomobiller giňden peýdalanylýar. 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda “KAMAZ” söwda we okuw-hyzmatlar merkezi işleýär. Türkmen Lideri bu barada söz açyp, bu gatnaşyklary geljekde hem berkitmegi maksat edinýändigini tassyklady hem-de “KAMAZ” kysymly awtoulaglary, ýörite tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak hakyndaky” Karara gol çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň bu ulgamy tehnologiki taýdan enjamlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn üns berýändigini nygtap, wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işiniň göwnejaý hilini üpjün etmek boýunça gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy, ony dünýä ölçegleriniň ýokary derejesine çykarmak üçin innowasion çemeleşmeler hem-de hereket etmegiň aýdyň meýilnamasyny berjaý etmek zerurdyr. 

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew çykyş etdi, ol garamagyndaky düzümleriň işi şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. 

Paýtagtymyzda dürli maksatly desgalary gurmak we Aşgabady abadanlaşdyrmak, seýilgäh zolaklaryny kemala getirmek boýunça işler depginli alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, hususan-da, paýtagtymyzy Berkarar döwletimizitň bagtyýarlyk döwrüniň binagärliginiň özboluşly nyşany hökmünde gurmak meselelerine täze, döwrebap çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny nygtap, birnäçe tabşyryklary berdi. 

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetrilişi barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, ýeten derejesini giňden wagyz etmekde medeniýet we sungat wekillerine, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet habarlar gullugynyň alyp barýan işleriniň geriminiň giňeýändigini belläp, gullugyň adyny döwrüň talabyna laýyk derejede üýtgetmek bilen baglanyşykly meseläni öňe sürdi we bu gullugyň Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi diýlip atlandyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, bu agentligiň täze bina göçmegi we döredijilikli işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn we jogapkärçlilikli çemeleşilmelidigini nygtady. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz O.Hojanazarowy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine belläp, ony Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatmak, A.Aşyrowy Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellemek hakyndaky, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýewi Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak, şeýle hem A.Agaýewi “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, esasan-da, teleradioýaýlymlarda döwrüň ruhuna laýyk gelýän, Watanymyzyň ýeten derejesini giňden beýan edýän gepleşikleriň taýýarlanmalydygyny, olaryň çeperçilik derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow çagyryldy. Ministr özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda tertip-düzgüni has-da pugtalandyrmak, köçe-ýol hereketinde sazlaşykly işi üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmeginde, ýangyn howpsuzlygynyň ýola goýulmagynda, şeýle hem döwlet ýol gözegçiliginiň sazlaşykly işiniň alnyp barylmagynda degişli düzümleriň işgärlerine möhüm ornuň we jogapkärçiligiň degişlidigini nygtady. Şu nukdaýnazardan bu gulluklaryň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek, degişli zähmet we durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça meselelere hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. 

Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyz polisiýanyň podpolkownigi G.Baýramowy Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesine bellemek hem-de Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň başlygynyň orunbasary, polisiýanyň maýory K.Saparowy Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky Kararlara gol çekdi. 

Iş maslahatyny jemlemek bilen, milli Liderimiz onda garalan meseleleriň möhümdigini, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň bolsa döwrüň talabydygyny belledi we bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça iş maslahatyna gatnaşan ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Munuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň hal ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähirban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

syrach

TDHÇB-nyň Söwdalarynda Nebitiň we Pagtanyň Gaýtadan Işlenilen Önümleri Uly Orun Tutdy

An International Conference of Ministers of Transport Began Its Work in Avaza

turkmenhabargullugy