Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, pudaklaryň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Wise-premýer özüniň çykyşyny häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini has-da abadanlaşdyrmak, şäheriň durmuş düzümini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatdan başlady.
Ol Aşgabady ösdürmegiň tapgyrlarynda alnyp barylýan işler, gurulýan binalaryň içki we daşky bezeg aýratynlyklary bilen bir hatarda, paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, olara käbir belliklerini we düzedişlerini girizdi hem-de taslamalary gutarnykly işlemegi tabşyrdy.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanýan ähli taslamalar öňdebaryjy gazananlara gönükdirilmelidir hem-de adamlaryň amatly ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin şertleriň döredilmegi, olara bildirilýän esasy talap bolmagynda galýar diýip aýratyn belledi. Täze binalar paýtagtymyzyň binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulyp, täzeçillik tehnologiýalaryny we milli bina gurluşygyň alamatlaryny özünde jemlemelidir.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow çagyryldy. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Berkarar atly ulag daşaýan we ýolagçy gatnadýan paromynyň gelmegi mynasybetli dabaraly çärä, şeýle hem horwatiýaly hyzmatdaşlaryň wekiliýeti bilen duşuşyga görülýän taýýarlyk boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu gämi Horwatiýa Respublikasynyň Pula şäherinde ULJANIK gämigurluşyk zawodynda gurlup, Ro-Paх kysymly paromlaryň ilkinjisi bolup durýar.
Hasabatyň çäklerinde paromyň tehniki häsiýetnamalary barada habar berildi. Hususan-da, uzynlygy 155,8 metre deň bolan bäş gatly gämi döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir we 200 ýolagçyny hem-de awtoulagyň 50-den gowragyny daşamaga niýetlenendir. Paromyň birinji we ikinji gatlary ýük awtoulaglaryny daşamak üçin niýetlenendir, üçünji gatda restoran, dükanlar, çagalar meýdançasy, kafeler, saglygy goraýyş merkezi we beýlekiler ýerleşdirildi. Gäminiň dördünji gatynda ekipažyň agzalary we ýolagçylar üçin otaglar, bäşinji gatda bolsa dikuçar meýdançasy ýerleşýär.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin ulag pudagynyň kärhanalarynyň netijeli we sazlaşykly işlemeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ýük we ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmakda deňiz ulaglarynyň uly orun eýeleýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe hem-de peýdaly innowasion işleri alyşmagyň möhümdigini belläp, täze, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen gämileri satyn almagyň hasabyna Türkmenistanyň deňiz flotyny okgunly ösdürmegiň wajypdyygny aýratyn belledi. Olar ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňelder.
Ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly geljegine ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz horwat wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň barşynda Türkmenbaşy deňiz portunda alnyp barylýan işler, onuň düzümi we kuwwaty bilen ýakyndan tanyşmagynyň port işlerini guramak, şeýle hem söwda gämiçiligini ösdürmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin peýdaly boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere Horwatiýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýurdumyza boljak saparyna taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hasabat bilen Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa çykyş etdi. Ol milli Liderimiziň ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, bilim berlişiniň hilini ýokary dünýä derejesine çykarmakda özgertmeler maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hem hasabat berdi.
23-26-njy noýabrda Londonda geçirilen türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň nobatdaky mejlisi barada hem habar aýdyldy. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklardan başga-da, bilim-ylym, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri girizildi. Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Beýik Britaniýanyň döwlet edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi, Kembrij uniwersitetine, onuň innowasion ylmy merkezine baryldy. Ýewropada gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan şu okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, hususan-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen hünärmenleri mugallymlar düzümi bilen bolan duşuşygynyň barşynda iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usulyýetine aýratyn üns berdiler.
Ministr hasabatynyň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşyny guramaçylykly taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýurdumyzyň bilim syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ugurlary boýunça hünär gatnaşyklarynyň oňyn tejribeleriniň hem-de bilim berlişiniň täze usulyýetlerini alyşmagy mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Şu babatda milli Liderimiz häzirki tapgyrda öňde durýan, wajyp wezipeleriň hatarynda bilim berlişine täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, bilim ulgamyny özgertmegi çaltlandyrmagy görkezdi. Häzirki zaman mekdebi, ýokary okuw mekdebi ýaşlary bilimlere esaslanýan jemgyýetde durmuşa taýýarlamalydyr, çünki halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygy, umuman, ilkinji nobatda, adamlaryň bilim derejesine we başarnygyna bagly bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş maksatnamasynyň mazmunly guralmagy boýunça, dürli mowzuklaýyn çäreleri, Täze ýyl dabaralarynyň we beýleki baýramçylyk çäreleriniň işlenip taýýarlanylmagyny guramak boýunça ministre tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň tebigaty goramak ministri B.Annabaýramowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işi hakynda, şeýle hem Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň durnukly ösüşi boýunça döwletara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Ministriň habar berşi ýaly, 25-29-njy noýabrda bolan nobatdaky duşuşyga Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan tebigaty goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça Ykdysady toparynyň, Bütindünýä bankynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Merkezi Aziýanyň Sebitara ekologiýa merkeziniň we Sebitara dag merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň durnukly ösüş boýunça Döwletara toparynyň daşky gurşawy goramak boýunça sebit ulgamynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga degişli çözgütleriň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatlar diňlenildi. Duşuşygyň jemleri boýunça suw serişdeleriniň hapalanmagy meseleleri boýunça Iş toparyny döretmek hakyndaky çözgüt kabul edildi, şeýle hem geljekde galyndylary dolandyrmak boýunça iş toparyny döretmegiň mümkinçiligine we beýleki meselelere garaldy.
Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ýerleriniň zaýalanmagyna ykdysady taýdan baha bermek bilen baglanyşykly meseleler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň awgustynda bu mesele boýunça Aşgabatda geçirilen Pudagara maslahatyň ähmiýeti bellenip geçildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzda bu ugurda uly oňyn tejribäniň toplanandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň bu meselede sebit hyzmatdaşlygy utgaşdyryjy hökmünde çykyş etmegi baradaky pikiri aýtdylar. Şunuň bilen bir hatarda, Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň durnukly ösüş boýunça döwletara toparynda 2015-2016-njy ýyllar döwründe başlyklyk etmek hukugyny Türkmenistana bermek hakynda çözgüt kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, bu ugurda oňyn halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm taraplarynyň biridigini belledi. Türkmenistan milli we sebitleýin derejede dürli taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasyny durmuşa geçirýär. Olar BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýä ekologiýa gaznasy we beýlekiler ýaly abraýly halkara düzümleri tarapyndan goldanylýar.
Türkmen döwleti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýalarynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça Rio+20 maslahatynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda öňe sürlen oňyn başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyldy diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz şol başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezi açmak, BMG-niň Araly halas etmek, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny gorap saklamak, sebitiň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça ýörite maksatnamalaryny işläp taýýarlamak baradaky teklipleri belledi. Döwlet Baştutanymyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görýändigimizi nygtap, tebigaty goramak, biologiki köpdürlüligi we tebigy landşaftlary gorap saklamak, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň hem-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde bu babatda yzygiderli işi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň durnukly ösüş boýunça döwletara toparynda 2015-2016-njy ýyllar döwründe ýurdumyzyň başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belläp, tebigaty goramak ministrine öňde boljak işleri ýokary derejede guramak boýunça anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem tebigatdan netijeli peýdalanmagy üpjün etmek, mähriban Watanymyzyň daşky gurşawyny aýawly goramak maksady bilen, ekologiýa taýdan ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek barada hem görkezme berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň we her bir türkmenistanlynyň abadançylygyna gönükdirilen wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.